Lebap welaýatynda ýagan güýçli ýagyş ekişi tamamlanan gowaça meýdanlaryny zaýalandan soň, sebitiň pagtaçy kärendeçileri gowaça ekişine täzeden girişdiler. Garaşsyz neşir lebaply kärendeçileriň gowaça ekişi üçin zerur bolan tehniki we ýangyç önümlerini, şeýle-de dökünleri öz maddy serişdeleriniň hasabyna satyn almaly bolýandygyny habar berýär. Bu aralykda, prezident Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmegi ýene bir gezek tabşyrdy.
11-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda döwlet baştutany bu babatda geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamalydygyny hem belledi.
Prezidentiň eden bu tabşyrygy soňky birnäçe günüň dowamynda Lebaba ýagan güýçli ýagşyň möwsümleýin oba hojalyk işlerine zyýan ýetirip, esasanam ekişi tamamlanan gowaça meýdanlaryny zaýalamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Güýçli ýagyş gowaça meýdanlaryny zaýaladyAzatlygyň Lebapdaky habarçysynyň 12-nji aprelde beren maglumatyna görä, şu günler ekin meýdanlary zaýalanan pagtaçy kärendeçiler gowaça ekişine täzeden girişdiler.
"Olar 10-njy aprelde ekişe gaýtadan, noldan başladylar. Ekerançylyk meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri gaýtadan geçirilýär" diýip, habarçy belledi.
Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda 29-njy martda badalga berildi. 11-nji aprelde Lebapdaky habarçymyz sebitde gowaça üçin bölünip berlen ýerleriň ýarpysyndan azragynda ekiş işleriniň tamamlanandygyny aýdypdy.
Bu aralykda, garaşsyz neşir "Türkmenistanyň hronikasy" lebaply kärendeçileriň gowaça ekişi üçin zerur bolan tehniki we ýangyç önümlerini, şeýle-de dökünleri öz maddy serişdeleriniň hasabyna satyn almaly bolýandygyny habar berýär.
"Öňküsi ýaly, ýerli häkimiýetler hasyl tabşyranlarynda öwezini dolmagy wada berip, [ekiş döwründäki] degişli çykdajylary kärendeçilere töletdirýärler" diýip, neşir 11-nji aprelde çap eden maglumatynda aýtdy.
Maglumata görä, bu çykdajylaryň çäginde kärendeçiler her gektar ýer üçin 180 kg superfosfat, şeýle-de traktorlar we ekişi amala aşyrýan tehnikalar üçin ýangyç, çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaly bolýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistanda adaty bolmadyk, rekord derejede yssy howanyň bolmagyna garaşylýarTürkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri, şol sanda pagta ösdürilip ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýaly üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Muňa garamazdan, kärendeçiler özleriniň suw, dökün we tehnika üpjünçilikleriniň ýaramazdygyny we munuň köplenç hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
11-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň iş maslahatynda "gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär" diýildi.
Ýöne onda adatça bolşy ýaly ýurduň demirgazyk-gündogar welaýatyna ýagan güýçli ýagyş, onuň oba-hojalyk, hususan-da ekişi tamamlanan gowaça meýdanlaryna we pagtaçy kärendeçilere ýetiren täsirleri barada hiç zat aýdylmady.
Degişli maglumat Aşgabatda azyk gymmatlaýar. Tekjede 7 manat bahalanýan sogan 18 manatdan bärde berilmeýärÝatlatsak bu, lebaply daýhanlaryň ekişi tamamlanan oba hojalyk ekinleriniň zaýalanyp, ekişe gaýtadan girişmegi bilen bagly şu ýyl ýüze çykan ikinji wakadyr. Fewral aýynyň başynda Lebapdaky habarçylarymyz ýanwar aýynda bolan aýazly howada ekinleri sowuk uran daýhanlaryň ekin meýdanlaryny sürüp, sogan we sarymsak ekmek işlerine täzeden girişendigi barada maglumat beripdiler.
Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz geçen hepde ýüzlerçe tonna pagta çigidiniň sebitden Ahal welaýatyna iberilendigini hem aýtdy. Ýigrimi sany ýük ulagyna ýüklenen pagta çigidi 5-nji aprelde Türkmenabat-Mary ýolundan Ahala ugrady.
"Munuň sebitiň ýag zawodunyň ýag önümçiligine, şeýle-de ilatyň pagta ýag üpjünçiligine nähili täsir ýetirjekdigi heniz belli däl" diýip, habarçy 12-nji aprelde belledi.
Türkmenistan şu ýyl 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.
Degişli maglumat Türkmenistan pagtaçylykda mejbury zähmetden el çekmäge çagyrylýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.