Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda adaty bolmadyk, rekord derejede yssy howanyň bolmagyna garaşylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda üstümizdäki hepde adaty bolmadyk, rekord derejede yssy howanyň bolmagyna we güýçli ýeliň turmagyna garaşylýar. Bu aralykda, Mary welaýatynda güýçli tozanly ýel turdy we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde güýçli ýagyş ýagdy. Bu ýagdaýlar barada howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri habar berdi.

Neşiriň 10-njy aprelde çap eden maglumatyna görä, 9-njy aprelde agşam Maryda turan güýçli tozanly ýel zerarly Baýramalyda adamlar 200 metrden uzak aralygy görmekde kynçylyk çekdiler. Maryda ýeliň tizligi 15 m/s çenli ýetdi.

"Türkmenabatda güýçli ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakdy. Soňky dokuz günüň dowamynda şähere iki aýlyk ýagyş normalaryndan has köp mukdarda ýagyş ýagdy. Ýurduň galan territoriýalarynda ýagşyň ýeterlik ýagmaýandygy göz öňünde tutulanda, bu gaty gapma-garşy ýagdaý" diýip, neşir belledi.

Bu habardan bir gün öň, ýagny 9-njy aprelde neşir 12-14-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň çäginde adatdan daşary yssy howa garaşylýandygyny hem habar berdi.

"Günüň iň ýokary temperaturasynyň tas ähli ýerde bir-birine gabat gelmegine garaşyp bolar, käbir ýerlerde bolsa, aprel aýynyň iň ýokary temperaturasy boýunça rekord derejäniň hasaba alynmagy mümkin. Käbir sebitlerde howanyň temperaturasynyň +40 gradusdan aşmagyna garaşylýar" diýlip, habarda bellenilýär.

Maglumata görä, 12-nji aprelde Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda howanyň temperaturasy + 41, 13-nji aprelde Ahalda +42, Balkanda +41, Maryda we Lebapda +42, Daşoguzda +41 gradusa çenli ýokarlanar.

"14-nji aprelde sowuk howa akymynyň geçmegi bilen, temperaturanyň düýpgöter peselmegine, Balkanda +16, Ahalda +21, Maryda +32 we Daşoguzda +20 gradusa çenli aşaklamagyna garaşylýar" diýip, neşir belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, neşir Türkmenistanda aprel aýynyň dowamynda gurakçylygyň ep-esli ýokarlanmagyna, guraklygyň aşa ýokarydan ekstremal derejelere çenli artmagyna garaşylýandygyny nygtaýar.

Adatça bolşy ýaly ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada türkmen media serişdeleri aç-açan maglumat bermeýärler. Ýurduň "Altyn Asyr" telekanalynyň "Watan" habarlary gepleşiginiň 9 aprelde efire berlen sanynda howanyň gije-gündizki temperaturalarynyň hepdäniň ortasynda ýokarlanmagyna garaşylýandygy bellenildi. Ýöne onda 10-16-njy aprel aralygynda ýurduň çäginde iň ýokary temperaturanyň 37 gradus bolmagyna garaşylýandygy bellenilse-de, tozanly ýeller ýa-da gurakçylyk barada hiç zat aýdylmady.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitleri gurakçylykdan, anomal yssy ýa-da aşa sowuk howadan we güýçli tozanly ýellerden ejir çekýär. Azatlyk aşa sowuk gelen gyş pasyllarynyň ekerançlyga, maldarçylyga ýetiren zyýany, soňra anomal yssy howanyň netijesinde, müňläp düýäniň we ownuk mallaryň suwsuzlykdan we açlykdan haram ölendigi barada ençeme gezek habar berdi.

Soňky gezek şeýle hadysalar şu ýylyň ýanwar aýynda ýurduň çägine aýazly howanyň aralaşan mahaly ýüze çykypdy. Şonda Ahalda, Balkanda, Maryda we Lebapda iri we ownuk şahly mallaryň müňlerçesi çapgyn aýazda haram öldi, ýüzlerçe gektar ekin meýdanyndaky irki ekinleri sowuk urdy.

Türkmen hökümeti ýurduň oba hojalyk pudagynyň, şol sanda maldarçylygyň ösdürilýändigini tekrarlaýar. Ýöne häkimiýetler ýurtdaky gurakçylyk, ot-iým ýetmezçiligi we munuň maldarlara ýetirýän täsirleri barada hiç hili beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Geçen ýylyň başynda “Meteožurnal” neşiri "barha köpelýän görnüş subutnamalarynyň 2021-nji ýylda Türkmenistanda bolan gurakçylygyň näderejede uly täsiriniň bolandygyny görkezýändigini, bu gurakçylygyň keminden soňky 70 ýylda bolan iň agyr gurakçylyklaryň üçlügine girendigini habar berdi. Şonda neşir Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Sekizýap suw howdanynyň geriminiň gurakçylyk zerarly bir ýylyň içinde 9,3 gektardan 3,9 gektara çenli azalandygyny hem belledi.

Howa maglumatlaryny çap edýän "Weather.com" web sahypasyna görä, 10-njy aprelde howanyň temperaturasynyň Aşgabatda +38, Türkmenabatda +39, Maryda +42, Balkanabatda +37 we Daşoguzda +38 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG