Türkmenistanyň häkimiýetleri Bütindünýä saglyk gününe taýynlyk görüp, ilaty sport çärelerine köpçülikleýin çekýärler. Döwlet edaralarynyň işgärlerine her gün maşk etdirilýär, käbirleri sport toplumlaryna we welosipedli ýörişlere iberilýär. Azatlygyň habarçysy Türkmenabatdan maglumat berýär.
Ýerli döwlet edaralarynyň we kärhanalaryň işgärleriniň iş güni maşklar bilen başlaýar. Hökman ak sport eşiklerine geýnen işgärler, ir sagat 9:00-da daşary çykyp, edara binasynyň öňünde köpçülikleýin maşklara gatnaşýar. 1-nji aprelden bäri dowam edýän maşklar bir sagada çekýär.
Şeýle-de, Türkmenabadyň edara-kärhanalarynyň işgärleri şäherde bir hepde çemesi wagt bäri dowam edýän welosipedli çärelere-de gatnaşýarlar.
Degişli maglumat Balkanyň häkimiýetleri etraplardaky býujet işgärlerini Türkmenbaşa getirip, welosiped ýörişine taýýarlanýar"Her döwlet edarasyndan günde iki adam şäheriň sport toplumyna iberilýär. Bu ýere ýygnanan döwlet işgärleri welosiped bilen şäheri aýlanmaga mejbur edilýär. Welosiped sürmek çäreleri 1-nji aprelde başlandy, ýöne 4-nji aprelde sişenbe güni has has gerimde geçirildi" diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy aýtdy.
Bütindünýä saglyk güni 7-nji aprelde bellenýär. Şeýle-de bolsa, 4-nji aprelde Türkmenabadyň merkezi köçesi doly petiklendi. Geçirlen welosipedli ýöriş Bitarap Türkmenistan köçesinde ýerleşýän merkezi sport toplumyndan başlandy. 15 kilometrlik ýol Amyderýanyň kenaryna çenli uzady.
Habarçynyň sözlerine görä, Saglyk güni mynasybetli geçirilýän çäreler ýerli ilatyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýär. Ýollar ýapylýar, merkezi bazaryň hem ýapylmagyna garaşylýar.
"7-nji aprelde Türkmenabadyň iň uly azyk bazary ýapylar. Bazar administrasiýasy satyjylara işe gelmeli däldigini öňünden duýdurdy" - diýip, habarçy gürrüň berdi.
Habarçynyň sözlerine görä, Saglyk güni geçiriljek köpçülikleýin welosiped ýörişi Garaşsyz Diýar köçesiniň golaýyndaky köpriniň üstünden geçer, soň Amyderýanyň üstündäki awtoulag köprüsinden ugur alýan marşrut Bitarap Türkmenistan köçesi bilen Sport toplumyna barar. Bu ýerde esasy dabaralar geçiriler.
Azatlygyň habarçysy geçiriljek çäreleriň döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin ýazga alynjagyny we şonuň üçin adamlaryň, awtoulaglaryň görünmezligi üçin bazaryň ýapyljagyny ýerli çeşmelere salgylanyp aýdýar.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Saglyk gününiň geçirilmegine döwlet derejesinde gözegçilik edilýär.
3-nji aprelde, iş mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow "Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çärelere ýokary derejedäki taýýarlyga" berk gözegçilik etmegi buýurdy. Welaýat we etrap häkimliklerine köpçülikleýin çäreleri guramalaşdyrmak işi tabşyryldy.
Degişli maglumat Aşgabatda býujet işgärlerinden welosiped üçin 2000 manada çenli pul ýygnalýarTürkmenistanyň beýleki welaýatlary hem Bütindünýä saglyk gününe taýýarlandy. Balkan welaýatynyň häkimiýetleri sport çärelerine iki hepde töweregi wagt öň taýýarlyk görüp başladylar. Munuň üçin müňden gowrak döwlet işgäri etraplardan Türkmenbaşy şäherine getirildi.
Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysy, 1200 töweregi býujet işgäriniň şähere getirilendigi, olaryň arasynda saglyk işgärleriniň, polisiýa, prokuratura, sud, bilim wekilleriniň, oba arçynlarynyň we beýleki guramalaryň işgärleriniň bardygyny habar beripdi.
7-nji aprelde Awaza kurort şäherçesinde geçirilmegine garaşylýan köpçülikleýin welosiped ýörişine býujet işgärlerinden başga-da, orta mekdepleriň okuwçylary we uniwersitetleriň studentleri gatnaşar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri köp ýyl bäri 7-nji aprelde Halkara Saglyk gününi uly çäreler bilen belleýärler. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Halkara saglyk güni tutuş bir aýyň dowamynda bellenilip geçildi.
Degişli maglumat Çagalar we býujet işgärleri aýrybaşga iki köpçülik çäresine mejbury çekildi - MaryGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.