Türkmenistan tomsuň jokrama yssysynda, 50 gradusa ýetýän ýalynly, epgekli howada, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde köpçülikleýin sport çärelerini, mejbury welosiped ýörişlerini geçirýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagynda bu çäreleriň raýatlaryň saglygyny berkitmekde, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.
Emma Mary şäherinde ir sagat 5:30-dan 6:30-a çenli ýapylan Kemine we Mollanepes köçelerine gelen raýatlaryň käbiri Türkmenistan tarapyndan teklip edilen we üç ýyl öň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde berkidilen nobatdaky çäräni "halkyň boýnuna dakylan bolgusyz, belki-de, adam saglygyna zyýanly zat" hasaplaýar.
Bu ýylky welosiped güni Maryda ykdysady çökgünlik, azyk gytçylygy zerarly hor düşen we yssa çydaman ölýän adamlaryň öňki ýyllardaka garanda hem köpelen wagtyna gabat geldi.
Adatça bolşy ýaly, hökümetiň geçirýän medeni-syýasy çäreleriniň esasy "esgerleri" býujet edaralarynyň işgärleri, studentler we okuwçylar bolýar. Azatlyk bilen gürleşen guramaçylaryň biri bu ýörişe her edara-kärhanadan üç adamyň gatnaşmaly edilendigini aýtdy.
Tigir sürmäge gelip, soňra işe gitmeli bolan işgärleriň birnäçesi aýry-aýrylykda geçirilen söhbetdeşlikde adamlaryň bu hili çärelerden bireýýäm doýandygyny, ýöne işlerini ýitirmejek bolup gelýändigini gürrüň berdi.
"Şul bolgusyz tigir sürmek çäresiniň nämä gerekdigine hiç kim düşünmeýär, başlyklar saglygyňa peýdaly diýip iberýär, emma özleri gelmeýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen býujet işgäri aýtdy.
Ol adama irden turup, süýji ukudan galyp, içi ýansa-da, ýüzi ýalandan gülýän adamlaryň arasyna baryp, bellenen ýere çenli welosiped sürüp, soň iş ýerine gidip işlemegiň agyr düşýändigini hem sözüne goşdy.
Edara-kärhanalaryň başlyklarynyň özleriniň welosiped sürmäge gitmeýändigini beýleki çäreçiler hem tassyk etdi.
"Ýa bize gerek saglyk başlyklara gerek dälmikä?" diýip, radionyň söhbetdeşi sorady. "Ýa-da başlyklar her edarada üç adamyň saglygy barada alada edip, beýlekileriň saglygy barada alada etmeseler hem bolýarmyka?" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen raýatlaryň pikiriçe, irden ukudan galyp, düýpden islemeýän çäresine mejbury gatnaşdyrylan, soň işe baryp, ukusyny gowy alyp gelen işgärler bilen deň işlemeli bolýan adamyň gujur-gaýraty-da, keýp-ahwaly-da deň bolmaýar.
"Irden turman, öňki wagtyna çenli ýatan we öz wagtynda turup, çaý-çöregini howlukman edinip gelen adamlar bilen deňeşdirilende, biziň bedenimiz gowşak, olaryň bedeni biziňkiden kän gaýratly bolýar, emma bu meseläni gozgasaň halamaýarlar, üstesine haýbat hem atýarlar" diýip, çärä gatnaşan raýatlaryň biri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň başlyklary işgärleriniň bu çärä meýletin gatnamajakdygyny örän gowy bilýärler we, öz üstlerinden jogapkärçiligi aýyrmak üçin, olara 'men welosiped sürmäge meýletin gatnaşýaryn' diýip, öňünden dilhaty ýazdyrýarlar.
Biri-birinden habarsyz magaryf işgärleriniň tassyklamagyna görä, eger-de 'men dilhaty ýazjak däl, kim irden turup, öz islegi bilen tigir sürmäge geler?' diýseň, 'onda işden çyk' diýýärler.
Döwlet baştutanynyň gutlagynda ulanylýan syýasy äheňli sözlerden çen tutulsa, "Türkmenistan bu gün milli hem-de umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp, halkara tagallalary birleşdirmäge çagyryş bilen çykyş edýär".
Onuň pikiriçe, her ýylyň 3-nji iýunynyň "Bütindünýä welosiped güni" diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň "adamyň saglygyna uly ähmiýet berilýändigini görkezdi".
Şeýle-de bu gün, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde, "milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar" diýip, prezident pikir edýär.
Emma hökümet tankytçylary ýurtda geçirilýän sport çäreleriniň, şol sanda welosiped wagyzlarynyň hem çuň ornaşan syýasy-ykdysady problemalardan, bilimdäki we saglygy goraýyşdaky korrupsiýadan, sosial meselelerden ünsi sowmak üçin ulanylýandygyny öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.