"Gazpromyň" türkmen gazynyň Transhazar arkaly iberilmeginiň öňüni baglaýandygy aýdylýar

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller 15-nji fewralda Aşgabatda prezident Serdar Berdimuhamedow we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, energetika hyzmatdaşlygyny maslahat etdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) we hökümetçi türkmen neşirleri duşuşygyň gün tertibini anyklaşdyrmazdan, diňe energetika hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berýär.

Duşuşyklardan soň ady aýdylmaýan bir rus resmisi bilen ilteşiklidigi aýdylýan bir Telegram kanalynda peýda bolan habarda Alekseý Milleriň türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşgynda Türkmenistanyň gazynyň Günbatar ýurtlaryna iberilmegine mümkinçilik döretjek “Hazarüsti gaz geçirijisiniň öňüniň petiklenjekdigini” aýdandygy habar berilýär.

Şol bir wagtda, maglumata görä, Russiýa Türkmenistana Eýranyň üsti bilen göni Türkiýä iberilýän gaz üpjünçiligine goşulmagy teklip edýär. Galyberse-de, "Gazprom" Russiýa, Eýran we Türkmenistan ýaly tebigy gaz serişdelerine baý ýurtlaryň arasynda OPEK ýaly, ýöne tebigy gaz eksport edýän ýurtlaryň guramasyny döretmek pikirini orta atýar.

Degişli maglumat Ekspert: Kreml türkmen gazynyň ÝB iberilmegine päsgelçilik döretmek üçin Aşgabatdan 'aslyşýar'

“Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller Aşgabat şäherine eden saparynda OPEK gaz analogynyň ilkinji çelgilerini beýan etdi, Türkmenistandan Azerbaýjana Hazaryň düýbünden çekiljek geçirijiniň öňüniň baglanjakdygyny aýtdy diýip, maglumatda aýdylýar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Transhazar resurslary” amerikan kompaniýasynyň maslahat beriş komitetiniň agzasy we energetika hünärmeni Jon Roberts 16-njy fewralda Azatlyk Radiosyna beren telefon interwýusynda “Gazpromyň” Aşgabada hödürleýändigi aýdylýan tekliplere syn berdi.

Roberts “Hazarüsti gaz geçirijisiniň öňüniň baglanjakdygy” barada aýdylanlaryň, ýa-da Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde “Gazpromyň” başlygynyň türkmen ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşan meseleleriniň anyk mazmunynyň doly tassyklamalara mätäçdigini, ýöne eger aýdylanlar dogry bolsa, munuň Russiýa tarapyndan amala aşyrylýan “güýç syýasaty” bolandygyny aýtdy.

“Öz gazyny islendik ugur boýunça eksport etmeklik Türkmenistan ýaly özygtyýarly ýurduň özygtyýarly hukugydyr. Transhazar geçirijisini diňe daşky gurşaw meseleleri çäklendirip bilýär” diýip, energetika hünärmeni Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ekspertiň ynanjyna görä, Türkmenistan we Azerbaýjan Hazaryň daşky-gurşawy babatynda talap edilýän düzgünlere özleriniň eýerýändiklerini, sebitiň daşky-gurşaw talaplaryny berjaý edýändiklerini aýdyp gelýärler.

“Bu ýerde biz bir güýçli döwletiň – Russiýanyň, garaşsyz we özygtyýarly beýleki bir döwletiň – Türkmenistanyň isleg bildirýän islendik ugur boýunça öz gazyny eksport etmek hukugyna we mümkinçiligine hüjüm edýändigini görýän ýaly” diýip, hünärmen aýtdy.

Degişli maglumat Ýylyň jemleri: Moskwa Aşgabatdan aslyşmagyny azaltmady

Russiýanyň bir ýyl töweregi mundan ozal, Ukraina garşy girişen harby çozuşynyň yz ýany, Günbatar ýurtlary Moskwa garşy ençeme ykdysady sanksiýalary girizdi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar rus energiýa importlaryny egismek boýunça tagalla edýän mahaly, synçylar Russiýanyň Türkmenistan ýaly energetika serişdelerine baý ýurtlaryň öz tebigy gaz serişdelerini Günbatara eksport etmek mümkinçilikleriniň öňüni baglamaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatda geçirilen duşuşykda Milleriň türkmen gazynyň Hazar deňziniň üsti bilen däl-de, Eýranyň üsti bilen, swap ylalaşygy arkaly, Türkiýä iberilmegini teklip edendigi aýdylýar.

Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedow rus mejlisinde çykyş edip, rus diliniň Türkmenistanda sylanýandygyny aýtdy

Energetika hünärmeni Jon Roberts görä, Eýranyň üsti bilen Türkiýä tebigy ýangyç eksport etmeklik, Ýewropa Bileleşigine ujypsyz möçberde däl, diňe uly möçberde gaz ibermäge gyzyklanma bildirýändigini mälim eden Türkmenistan üçin amatsyz bolup biler. Hünärmene görä, Türkmenistanyň Eýranyň üsti bilen Türkiýä 2-3 milliard kub metr, aňry gitse 5 milliard kub metr gaz ibermek mümkinçiligi bar.

Üstesine, Robertsiň ynanjyna görä, Türkmenistan we Eýran razy bolan ýagdaýynda hem, Russiýanyň teklibine Türkiýäniň razy boljagy gümana, Türkiýe razy bolanda hem, Ýewropa Bileleşigi Eýranyň üsti bilen getiriljek gaza razy bolmaz.

“Teoretiki taýdan, Türkmenistan [Eýranyň üsti bilen] Türkiýä bäş milliard kub metr töweregi gaz iberip biler. Ýöne bu mesele babatda iki ýagdaý bar: birinjiden, muny Türkiýe isleýärmi, ikinjilik bilen, eger bu Türkiýäniň isleýän zady bolanda-da, bu Ýewropa Bileleşigi üçin ‘kabul ederlikli’ hasaplanyp bilinmez” diýip, ekspert aýtdy.

Rus internet neşiri subut edilen gaz gorlary boýunça Russiýanyň 37,4 trillion kub metr gaz bilen, Eýranyň bolsa 31,1 trillion kub metr gaz bilen dünýäde öňdäki orunlary eýeleýändiklerini aýdýar.

“British Petroluem” 2018-nji ýylda Türkmenistanyň tebigy gaz gorlarynyň 19,5 trillion kub metre deňdigini çaklady.

Russiýa post-sowet Merkezi Aziýada öz täsir güýjüni saklap galýar. Biraz öň, AÝ/AR-yň Özbek gullugynyň geçiren derňewleri Özbegistanyň energiýa pudagynda durmuşa geçirilýän taslamalardan esasy peýdany atlary äşgär edilmeýän kärhanalaryň görýändiginiň, olary bolsa göze ilmeýän özbek we rus syýasy toparlaryň dolandyrýandygynyň, şol sanda olaryň arasynda Wladimir Putine ýakyn milliarderleriň hem bardygynyň üstüni açdy.

Bellik: Bu makalanyň ilkinji wersiýasynda "Gazprom" kompaniýasynyň resmi websaýtyna salgylanylan maglumatlara degişli düzediş girizildi. Alekseý Milleriň Aşgabada amala aşyran sapary baradaky maglumatlar ady aýdylmaýan bir rus resmisi bilen ilteşdirilýän "Wzglýad na Wostok" Telegram kanalyndan alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.