Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, iki gün arakesme bilen, dört günüň dowamynda ikinji gezek Mary welaýatyna sapar etdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we ýagdaýdan habarly çeşmeleriniň maglumatyna görä, muňa häkimiýetleriň Garagum we Murgap derýalarynyň suwunyň doňmagy zerarly ilat arasynda Mary GRES diýilýän elektrik stansiýasynyň işiniň togtamak ähtimallygy bilen baglylykdaky aladalary sebäp boldy.
"Şu gün irden sagat 11 töwereginde prezident Mara geldi. Dynç güni bolandygyna garamazdan, kanun goraýjylaryň ählisi Mary şäherinde nobatçylyk çekdi. Döwlet baştutany Mary Gres şäherçesindäki GRES - tok öndüriji stansiýa baryp gördi. Şeýle-de, ol Garagum derýasyny dikuçarda synlady. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek adamlary köpçülikleýin ýola çykarmasyz etdiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 29-njy ýanwarda aýtdy.
Ýatlatsak, döwlet baştutany 26-njy ýanwarda hem Maryda iş saparynda bolup, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Degişli maglumat Mary: Niçka obasynyň käbir böleklerini suw basdy. Häkimiýetler Garagum derýasynyň joşmagyna garşy çärelerini güýçlendirdiTürkmenistanyň metbugat serişdelerinde prezidentiň ýekşenbe güni Mara edendigi aýdylýan sapary barada häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar. Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda bu maglumaty ýerli häkimiýetlere hem tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.
Ýöne prezident soňky hepdelerde sebite birnäçe gezek sapar edip, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we Garagum derýasynyň doňan böleklerinde derýanyň kenarlaryny berkitmek işine dikuçardan synlady. Bu wakalar ýurtda aýazly howanyň arasynda, ilatyň gaz we elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlaşan, häkimiýetleriň derýalaryň kenarlarynda emele gelen buz gatlaklarynyň eräp, suwuň joşmak howpy babatdaky aladalarynyň artan pursadyna gabat geldi.
Çeşmelerimiziň maglumatyna görä, prezidentiň soňky sapary, häkimiýetleriň Garagum we Murgap derýalarynyň suwunyň doňmagy zerarly sebitdäki elektrik stansiýasynyň işiniň togtatmagy bilen baglylykdaky aladalary bilen ilteşikli.
"Derýalaryň suwy doňup akman galansoň, GRES tok öndüriji stansiýasynyň işini togtatmak howpunyň uludygy aýdylýar. Häzirki wagtda stansiýa ätiýaçdaky suw saklaýjy kölden suw alyp, ýene yzyna guýýar. Uly suw nasoslary bilen suwy aýlaýarlar we emeli usulda elektrik öndürýärler, emma şol suw nasoslary hatardan çyksa näme etmeli diýip, howsala düşýärler" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, elektrik hünärmenleri özaralaryndaky söhbetdeşlikde nasoslar hatardan çykan ýagdaýynda tutuş welaýatyň we Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edýän ýurtlaryň toksuz galjakdygyny duýdurýarlar.
"Bu uly möçberde zyýan ýetirer. Häkimiýetler howsala düşýär, ýöne bu ýagdaýlary halka ýetirmekden saklanýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.
Degişli maglumat Suw joşmalaryna garşy hüşgärlik ýagdaýy saklanyp galýar, Amyderýa goraghanasynyň bir bölegini suw basdyBu aralykda, häkimiýetler Garagum derýasynda kadaly suw akymyny almak, onuň kenarlaryny berkitmek işlerini güýçli depginde dowam etdirýärler. Olar derýanyň Türkmengala etrabynda ýerleşýän "Zähmet" daýhan birleşiginden geçýän bölegindäki "Üçajy" atly ýerine has köp işçi güýjüni çekmäge çalyşýarlar.
"Häkimiýetler derýada emele gelen buz gatlaklarynyň derýany ýaryp, çöl meýdanyna akyp duran ýerini ýapjak bolýarlar. Şol sebäpli Niçka obasynyň golaýyndaky 'Üçajy' atly ýere her gününe 100 manatdan işlejek adamlar ugradylýar. şeýle-de, her edaradan 10 býujet işgäri üç günlük bu ýere iberilýär. Polisiýa we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri hem bu ýerde işleýär" diýip, habarçy aýtdy.
Bu ýere edara-kärhanalaryň we hususy firmalaryň resminamalary düzüw bolmadyk, hiç ýerde ulanylmaýan tehnikalary hem ugradylýar. Bu tehnikalar derýanyň çöle akýan bölegini ýapmak işlerine gatnaşýarlar.
Türkmenistanda şu aýyň birinji hepdesiniň ahyrynda aralaşan aşa sowuk howa ýurduň çäginden geçýän Amyderýada we Garagum derýasynda buzluklary emele getirdi. Soňky günlerde howanyň maýlap, buzluklaryň eräp başlamagy bilen, derýanyň öz akymyny üýtgedýändigi, häkimiýetleriň derýanyň kenarlaryny berkidip, onuň öňüni almaga çalyşýandygy barada Azatlygyň habarçylary indi 10 gün çemesi wagt bäri maglumat berýärler.
Degişli maglumat Ilatyň gaz üpjünçiligindäki bökdençlikleriň arasynda, prezident 'Galkynyş' känine baryp gördi"Derýada kadaly suw akymy üpjün edilmese, diňe ekerançylyk we ilatly ýerlere suw joşmak howpy abanmaýar. Bu ýola goýulmasa, onda Gresiň işine hem oňaýsyz täsir ýetirer. Şol sebäpli munuň bilen Aşgabadyň hut özi gyzyklanýar. Derýada alnyp barylýan işler günde iki gezek dikuçardan wideo düşürilýär we paýtagta iberilýär" diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler. Bu barada Azatlygyň ýerli häkimiýetlerden maglumat almak synanyşygy hem başa barmady.
Ýöne soňky günlerde döwlet baştutany hem, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny almak, kenarlary berkitmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigine birnäçe gezek ünsi çekdi. Ol bu barada soňky gezek 26-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Maryda geçirilen göçme mejlisiniň çäginde aýdypdy.
Bu aralykda, Azatlygyň başga bir habarçysy Mary şäheriniň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna indi ençeme gün bäri agyz suwunyň bölekleýin berilmeýändigini habar berýär.
"Käbir adamlar etrapdyr obalardaky öýlerine ýa-da şol ýerlerdäki dogan-garyndaşlarynyň öýlerine wagtlaýyn göçdüler. Ýaşaýjylar bu ýerde beýlekiler bilen bir hatarda, hajathana zerurlyklaryny kadaly amal edip bilýärler. Şäherde suwsuz galmak gaty kyn" diýip, habarçy etrapçalaryň bir aýlap suwsuz galmagynyň mümkindigi barada resmiler tarapyndan tassyklanmadyk maglumatlaryň bardygyny hem aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.