Balkanda petiklenen VPN hyzmatlaryny açýan ussalar saklandy

Illýustrasiýa suraty

Türkmen howpsuzlyk gulluklary petiklenen VPN ulgamlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän hyzmatlary hödürleýän hünärmenleri sakladylar.

Bu aralykda, metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistan 2022-nji ýylda interneti petiklemekde ýakasyny tanadan ýurtlaryň onlugyna girdi.

Türkmen häkimiýetleri ýyllarboýy ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliligini çäklendirip, şeýle-de petikli saýtlara we sosial torlara girmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatlarynyň hem öňüni alyp gelýär.

Munuň bilen bir wagtda, soňky birnäçe aýdan bäri ýerli hünärmenler petiklenen käbir VPN ulgamlaryndan peýdalanmagyň ýollaryny işläp düzüp, olary raýatlara hödürläp başladylar.

“Tehniki ussalar ulanyjy üçin 1 aý möhlet bilen tölegli VPN ulgamyny gurnap berýärler. Ussalar her abzala indirilen ulgama mahsus bolan ýörite kody günde täzeläp durýarlar. Ýagny, gürrüňi gidýän VPN petiklenäýse-de, ol ertesi güni täzeden elýeterli bolýar. Bu hyzmatyň bir aýlyk tölegi 250-300 manat aralygynda durýar. Ussalar bilen müşderiler ýörite messenjer arkaly habarlaşýarlar” diýip, balkanly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk gürrüňi gidýän hyzmatlaryň we peýdalanylýan tehniki tärleriň jikme-jiklerini aýan etmekden saklanýar.

Degişli maglumat Häkimiýetler garaşsyz habar yzarlamazlyk şerti bilen ýerli ilata öý internetini hödürleýär

Bu aralykda, Balkanda bu hili mümkinçilikleri hödürleýän ussalaryň ençemesi ele salyndy we soraga çekildi.

“11-nji ýanwarda MHM we Içeri işler ministrliginiň işgärleri VPN kodlarny ýasap berýän 10-a golaý programmisti sakladylar. Olaryň soňky ykbaly nämälim. Emma gizlin ýagdaýda işleýän käbir beýleki ussalar olara ‘hakerçilik’ aýyplamasynyň bildirilmeginiň mümkindigini aýdýarlar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly söhbetdeşimiz belledi.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň häkimiýetlerinden ýokarky ýagdaýlar boýunça kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýär.

Munuň bilen bir wagtda, dünýäde iň haýal we iň gymmat internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýan Türkmenistan 2022-nji ýylda interneti has köp petiklän ýurtlaryň onlugyna girdi.

Top10VPN portalynyň soňky hasabatyna görä, geçen ýyl ýurtda internet 40 sagada golaý petiklenip, munuň ykdysady netijeleri $29 milliona barabar bolupdyr. Muňa “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ünsi çekýär.

Hasabatda aprelde internetiň petiklenmegi baradaky maglumatlaryň az bolandygy, emma munuň prezident Serdar Berdimuhamedowyň innagurasiýasyndan soň ýüze çykandygy bellenilýär. Munuň ýurtdaky saýlawlarda erkinligiň we adalatyň ýokdugy baradaky halkara tankytlaryň netijesinde, kiçi Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda kakasy, ýagny Gurbanguly Berdimuhamedowyň ornuny almaga mümkinçilik berendigi hem nygtalýar.

Degişli maglumat ABŞ-nyň Döwlet departamenti: Türkmenistanda “erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw ulgamy” üpjün edilmedi

Hasabatda birinji orunda Russiýa gelýär. Ol interneti petiklemegi netijesinde, $22 milliard ýitgi çekipdir. Türkmenistanyň goňşulary Eýran we Gazagystan, degişlilikde ikinji we üçünji orunda, Özbegistan bolsa, Mýanmadan soň, bäşinji orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.