ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanda geçirilen irki prezident saýlawlary boýunça beýanat çap etdi. Birleşen Ştatlaryň daşary syýasat edarasy Türkmenistanda "erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw prosesiniň üpjün edilmändigi" barada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) çykaran bahasy bilen ylalaşýandygyny belledi. ABŞ saýlaw ulgamyny ösdürmek babatda ÝHHG-nyň berýän teklipnamalarynyň durmuşa geçirilmegine çagyrdy. Giň ýaýran düzgün bozmalar bilen geçirilen 12-nji mart irki prezident saýlawlarynyň ýeňijisi işden gidýän prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow yglan edildi. Bu aralykda, ekspertler Türkmenistanda häkimiýetiň atadan ogla geçirilmegini Merkezi Aziýa üçin “howply görelde” atlandyrýarlar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 15-nji martda çap eden beýanatynda “Türkmenistanyň halkynyň erkin we adalatly saýlawlar arkaly öz liderlerini saýlamak hukugyna Birleşen Ştatlaryň ygrarlydygy” tassyklandy.
Beýanatda ABŞ-nyň Türkmenistanda “azat, adalatly we bäsleşikli saýlaw prosesiniň üpjün edilmändigi” barada ÝHHG-nyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň (DIAHBE) gelen netijesi bilen ylalaşýandygy bellenildi.
“Biz Türkmenistanyň hökümetini saýlaw ulgamynyň baha beriji hasabatda görkezilen ülňülere laýyk getirilmegi üçin DIAHBE-niň beren teklipnamalaryny berjaý etmäge çagyrýarys” diýip, beýanat aýtdy.
Ýatlasak, 8-nji martda DIAHBE Türkmenistanyň irki prezident saýlawlaryna synçy missiýasyny ibermezligi maslahat berdi. Bu karar Türkmenistanyň saýlawlarda syýasy plýuralizm we esasy adam hukuklaryny ösdürmek babatda Guramanyň teklipnamalaryny berjaý etmezligi bilen esaslandyryldy.
Şeýle-de, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beýanatynda “Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, territorial bütewiligine, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitindäki howpsuzlyk we abadançylyk boýunça umumy maksatlara esaslanýandygy hem nygtalýar.
“Biz Türkmenistanyň halkynyň syýasata gatnaşmagyny höweslendirmegi, raýat jemgyýetiniň roluny ösdürmegi we umumy bähbitlerimizi berkitmegi dowam etdireris” diýip, beýanatda aýdylýar.
Giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalary bilen geçirilen 12-nji mart irki prezident saýlawlarynda işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedow ýeňiş gazandy. Merkezi saýlaw toparynyň resmi sanlaryna görä, kiçi Berdimuhamedow 72,97 göterim ses aldy.
Irki saýlawlarda Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda ozal tanalmaýan başga-da sekiz kandidat prezident wezipesine dalaş etdi. Galyberse-de, tutuş saýlaw möwsüminiň dowamynda döwlet habar serişdeleri iş başyndaky prezidentiň ogluna ses berilmegini aç-açan wagyz etdi, sebit häkimiýetleri bolsa Serdara ses berilmelidigi barada, ýogsa-da munuň netijeleri barada ilata duýduryş berdi.
Muňa garamazdan, saýlawlarda ikinji orny eýelän Hydyr Nunnaýew sesleriň 11,09 göterimini aldy. Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow bolsa sesleriň 7,22 göterimini aldy.
Şeýle-de, biziň habarçylarymyz saýlawlaryň dowamynda giň ýaýran düzgün bozmalar barada habar berdiler. Hiç kim bu düzgün bozmalary hatda ýaşyrjagam bolmady.
Şeýlelik bilen, 12-nji martda Aşgabatdaky habarçymyz adaty A4 ölçegli kagyza çap edilen saýlaw býulletenleri, olaryň hemmelere we çäksiz mukdarda paýlanandygy barada gürrüň berdi.
“Sagat 17: 00-da saýlaw uçastogy boşdy, men ýeke-täk saýlawçydym. Saýlaw býulletenlerini pasporta görä däl-de, kwartirada hasaba alnan adamlaryň sanyna görä berdiler, pasporta asla seretmediler. Üç býulleten berdiler, sorasam ýene berjekdiler. Itim, pişigim üçin sorasam hem, berseler gerek diýip pikir etdim. Býulletenleri adaty A4 ölçegli kagyza çap edipdirler, onuň diňe beýleki ýüzünde möhür basylypdyr diýmeseň, başga goragy ýok. Hatda belgileri hem ýok" diýip, paýtagt ýaşaýjysy aýtdy.
Azatlygyň ýurduň bir welaýat administrasiýasyndaky çeşmesi 13-nji mart gijesinde "nädogry kandidata" ses berlen saýlaw býulletenleriniň ählisiniň üýtgedilendigini habar berdi.
“Saýlaw uçastoklary sagat 19:00-da ýapyldy. Emma häkimlik ähli saýlaw uçastoklaryna “zerur netijeler” bolýança hasabat ibermezlik barada görkezme berdi. Ýagny, köp bolmadyk möçberdäki saýlaw býulleteninde Serdar [Berdimuhamedow] bellenilipdir. Beýleki dalaşgärler üçin köp ses berlipdir. Bütin gije täze býulletenlerde Serdaryň adynyň gapdalynda bellik goýdular. Diňe şondan soň, ýary gijeden soň, häkimlik býulletenleri kabul edip, Aşgabat şäherine iberip başlady" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Türkmenistanyň otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw halkara synçylary tarapyndan hiç haçan ‘erkin we adalatly saýlaw” diýlip ykrar edilmedi.
Serdar Berdimuhamedowyň wezipä saýlanmagy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda häkimiýet ilkinji gezek atadan ogla miras galdyrylýar. Ekspertler bu ýagdaýyň sebit ýurtlary üçin howply görelde bolup biljekdigini nygtaýarlar.
Glasgow uniwersitetiniň professory we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Luka Ançeksi özüniň Twitter sahypasynda şeýle ýazdy:
“#Türkmenistan Serdar #Berdimuhamedowy 72,97 göterim ses bilen respublikanyň prezidenti wezipesine saýlap, dinastiki mirasdüşerligi amala aşyrmak bilen Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin howply görelde bolýar. Dolandyryş ülňüleriniň ýoýulmagyna alyp barýan ajaýyp planly geçiş”
Serdar Berdimuhamedow garyplykdan, korrupsiýadan we giň ýaýran işsizlikden ejir çekýän ýurdy miras alýar. Çaga dogluş derejesiniň birneme ýokarydygyna garamazdan, Türkmenistan ilatyň azalmagy bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar. Şahsy erkinligiň hem-de mümkinçilikleriň ýoklugy sebäpli millionlarça adam ýurdy terk etdi.
Iş başyndaky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde işden çekilmek niýetini mälim etdi. Munuň yz ýany, Mejlis irki prezident saýlawlaryny 12-nji martda geçirmek barada karar kabul etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.