'Gaz gurallaryňyzy ýapyň'. Lebapda baýramçylyk günlerinde birden gaz öçdi

Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenabadyň ençeme ýerinde we onuň töweregindäki etraplarda ýaşaýyş jaýlaryň gaz üpjünçiliginde bökdençlikler döredi. Gazyň doly kesilen pursatlary hem boldy.

"2nji ýanwarda gije 3-4 töwereginde Türkmenabadyň birnäçe etrapçasynda we Çärjew etrabynyň Watan birleşiginde gaz ýapyldy. Çärjew etrabynyň başga obalarynda gazyň başyşy azalyp, zordan ýandy. Şol gün howa aýazlydy - 5 gradus saklanyp, ümürlidi we has sowuk duýuldy" diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şeýle-de gaz üpjünçiligi Türkmenabadyň kiçi etrapçasy il içinde "Ýokary kerkinka" diýilýän ýerde we şondan aňyrky obalarda hem düýpden bolmandyr.

Degişli maglumat Daşoguzda aýazda ýyladyş gaz ulgamlary hatardan çykýar, adamlar üşeýär

Çärjew etrabynda gaz basynyň azalmagyny duýan ýaşaýyş nokatlaryň arasynda Ýasyl depe we Guşçylar obasy bar.

"Gaz plitasynda 30 minutda zordan bir çäýnek suw gaýnadyp boldy. Öýlerdäki peçler, öý ýyladyş enjamlar öçip galdy, gazyň azlygyndan. Diňe Türkmenabadyň köpgatly jaýlary ýeterlik gaz bilen üpjün edildi" diýip habarçymyz aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, sowuk howada ýary gije gazsyz galan ýaşaýjylar gazyň öçmeginiň sebäplerini ýerli häkimiýetlerden dessine anyklap bilmändirler. Häkimiýetler diňe sagat 9 töwereginde gazyň öçmegi bilen baglylykda maglumat berip başlapdyr.

Hususan-da, Türkmenabadyň gazsyz galan etrapçasynda we onuň töweregindäki obalarda ýol gözegçilik polisiýasy awtoulagly jaýlaryň arasynda aýlanyp, ses gataldyjylar arkaly ýaşaýjylary gazyň ýapylandygy barada habarly edip, öýlerdäki ýyladyş peçlerini we beýleki enjamlary ýapmagy talap edipdir.

"Köçeden koçä aýlanyp, öýlerdäki ýyladyş peçleriňiziň krantlaryny ýapmaly diýip, gygyryp çykdylar. Gaz sagat 11:00-den geler diýip, awtoulagly polisiýa mikrofondan adamlara habar ýetirdi. Ýöne gaz 14:00, 15:00 töwereginde gelip başlady" diýip, habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Aşgabadyň ençeme etraby adatdan daşary sowukda suwsuz galdy

Ençeme ýaşaýyş nokadynyň ýaşaýjylaryna täsir ýetiren bu ýagdaý barada häkimiýetlerden resmi maglumat bolmady. Türkmenabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, ýaşaýjylar gazyň kesilmeginiň sebäbi bilmek üçin degişli edaralara ýüzlenende belli bir düşündiriş alyp bilmändir.

"Bu adatdan daşary ýagdaý hakda hem ýene-de ümsümçilik, hiç bir ýerden doly maglumat alyp bolmaýar. Ýöne köpçülik ýerlerde, awtobuslarda adamlar bir-biri bilen gepleşende, şol gazyň ýapylmagyna Malaý gaz gyşyjy kompresoryndan Türkmenabat we Çärçew etrabyna gelýän uly iki turbadan birinde partlamanyň bolandygyny aýdýarlar. Şol sebäpden bir turba sandan çykdy, ikinji turbadan gelýän gazy Türkmenabat säheriniň köpgatly jaýlaryna bölekleýin berdiler diýen wersiýasy öňe sürýärler" diýip habarçymyz gazyň kesilmeginiň sebäplerine degişli tassyklanmadyk maglumatyň bardygyny aýtdy.

Şeýle-de, habarçymyz käbir ýaşaýjylaryň energiýa üpjünçiligindäki problemalar bilen bagly "04" telefon nomerine jaň edenlerinde, olara uly basyşly turbanyň dykylandygy, arassaçylyk işleriniň geçirilýändigi aýdylypdyr.

Tebigy gaza baý Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryň energiýa üpjünçiliginde bökdençlikler yzygiderli ýüze çykýar. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we garaşsyz habar beriş serişdeleri paýtagtda we tutuş ýurtda köp ilatly ýaşaýyş nokatlaryň gazsyz, elektrik togsuz we suwsuz galýandygyny habar berýärkä, Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri problemalary gozgamaýarlar.

Dekabr aýynyň başyndan bäri saklanýan adatdan daşary aýazly howada gazyň öçmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykdy. Heläkçilikli ýagdaýlar hem boldy.

Türkmen hökümetiniň hasabatlaryna görä, ilatyň sosial-ykdysady üpjünçiligi kadaly berjaý edilýär.

Degişli maglumat Lebapda ilat goşmaça tölegleriň öňüni almak üçin ölçeýjilerini barlatmaga howlukýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.