Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ençeme etraby adatdan daşary sowukda suwsuz galdy


Aşgabadyň jemgyýetçilik işgärleri suw turbalaryny bejerýärler. Aşgabat, 12-nji dekabr, 2022-nji ýyl.
Aşgabadyň jemgyýetçilik işgärleri suw turbalaryny bejerýärler. Aşgabat, 12-nji dekabr, 2022-nji ýyl.

Türkmenistanda adatdan daşary aýazly günlerde ýaşaýyş jaýlar ýylylyksyz galýar, suw üpjünçilik ulgamy sandan çykýar. Dekabr aýynyň başynda bäri howanyň temperaturasy birden peselip, soňky günlerde ýurduň demirgazyk sebitlerinde -22 gradusdan pese düşdi.

12-nji dekabrda paýtagtyň birnäçe etraplarynyň ýaşaýyş jaýlary suwsuz galdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, irden sagat 10-da Parahat-2/4-de suw öçürilipdir, goňşy etrapçadaky ýollarda gyzgyn suw akypdyr.

"Parahat-2/2-de adamlar ýoluň ugrunda köp mukdarda gyzgyn suwuň akýandygyny gördüler. Käbir öýlerde we 11 etrapçada suw ýok. Hatda ulag bilen suw getirdiler. Parahat 4/1- de suw, Parahat - 7 etrapçasynda hem, bu ýere bejerýän ulaglaryň ençemesi ugrady" diýip, Azatlygyň habarçysy 12-nji dekabrda günortan mälim etdi.

Günüň dowamynda suw üpjünçiligi Parahat-1/1 etrapçasynda hem kesildi. Soňra Parahat etrapçasynda we 11-nji etrapçada suwsuz galan ýaşaýyş jaýlaryň sany köpeldi.

Jaýlaryň ençemesinde ýylylyk hem ýok. Azatlygyň habarçysy üpjünçiligiň kesilmeginiň resmi sebäplerini entek anyklap bilmedi.

Bu aralykda, ýurtda anomal sowuk howanyň saklanmagy dowam edýär. Demirgazyk sebitlerde temperatura -22 gradusa çenli pese düşdi.

"Kadaly maýyllykdan gar we noldan aşak derejelere düşen temperatura bilen düýpgöter üýtgän howa Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş bilen baglanyşykly betbagtçylykly ýagdaýy ýüze çykardy. Bu, häkimiýetleriň ençeme ýyl bäri ünsden düşürýän problemasy, ýöne olar prokuratura tabşyrmak haýbatyny atyp, ýaşaýjylary berilmeýän ýyladyş üçin tölemäge zor bilen mejbur edip gelýärler"- diýip, habarçymyz aýtdy.

Käbir ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamynda näsazlyk ýüze çykýan bolsa, käbirlerinde ýyladyş ulgamy asla ýok. Şeýle jaýlaryň ilaty öýlerini elektrik batareýalary, split sistemalar we beýleki ýyladyş enjamlary bilen gyzdyrmaga, elektrik we gaz peçlerini ulanyp, goşmaça çykdajy etmäge mejbur bolýarlar.

Bilermenler Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş sistemasynda kemçilikleriň esasy sebäbiniň çüýrük turbalar we ätiýaçlyk şaýlarynyň kemçilik etmegi bilen baglydygyny aýdýarlar. Işçiler bu turbalary öýde ýasalan gapaklar - agaç çeňňekler bilen wagtlaýyn "oňarýarlar", ýöne zerur düýpli bejeriş işlerini amala aşyrmaýarlar.

Mundan başga-da, jaýlarda ýyladyş batareýalarynyň düýpden bolmazlygy paýtagtdaky ýaşaýyş jaýlaryna mahsus ýagdaý. Aşgabatda batareýalaryň köpçülikleýin sökülip aýrylmagyna 20 ýyla golaý wagt boldy.

"Jaý dolandyryş edaralary şonda ýokary hilli metal turbalary we öýlerdäki radiatorlary zor bilen kesip aýyrdylar we plastik turbalary oturtdylar, köplenç ýaşaýjylary bu iöleriň çykdajylaryny tölemäge mejbur etdiler. Kesilen radiatorlary soň yzyna gurup bermediler, iň esasysy, aşhanalardaky galyň egri turbalaryny kesdiler. Bu bolsa, ýyladyş turbalarynyň suw aýlanyş ulgamydy, şonuň üçin "suwuň aýlanyp gelmegi" üçin mümkinçilik bozuldy. Batareýalary gyzdyrmak üçin üçekden suw akdyrýarlar. Emma turbalaryň hemişe sowuk bolýan ýerleri köp bolýar" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, batareýasy düýpden bolmadyk kwartiralaryň ýaşaýjylary kommunal hyzmatlaryň umumy töleginiň düzümine girýän ýyladyş üçin pul tölemeli bolýarlar.

"Ýyladyş we kommunal töleglerini birleşdirdiler we jaý üçin tölegleri aýratyn kabul etmeýärler. Häkimiýetler ýaşaýjylary berilmeýän ýyladyş hyzmaty üçin tölemäge mejbur edýärler. Bu ýagdaý diňe bir Parahat etrapçalarynda däl-de, eýsem hemme ýerde ýüze çykýar" diýip, habarçy aýdýar.

Şu günler şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary, suw üpjünçiligindäki we ýylylyk sistemasyndaky problemalardan başga-da, elektrik togunyň kesilmegine duçar boldular. Sowuk howanyň başlanmagy bilen ýyladyş enjamlarynyň ulanylyşy ýokarlanýar we hemme ýerde elektrik togy kesilýär. Ýaşaýjylar ýyladyşsyz we elektriksiz galýarlar.

Türkmenistanyň çäginde adatdan daşary sowuk howa dekabryň başyndan bäri ornaşdy. Ýurduň demirgazygynda howa kadadan 14-16 gradus, günortasynda 6-9 gradus pese düşýär diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri ýazýar.

Şeýle hem neşir adatdan daşary aýazly howa sebäpli Özbegistanyň Türkmenistandan satyn alýan elektrik togunuň mukdaryny artdyrandygyny habar berdi. Ýurduň Energetika ministrliginiň maglumatyna görä, Özbegistan Türkmenistandan satyn alýan elektrik toguny 17-18 million kWt sagatdan 20-21 million kWt sagada çenli artdyrypdyr.

Özbegistanda 6-njy dekabrda başlanan adatdan daşary aýazly howada ilatyň gaz we elektrik üpjünçiligi kesilip başlandy. Jaýlaryny ýylatmaga synanyşan ýaşaýjylar gazy we elektrik toguny sarp edişini ep-esli artdyrdylar. Hökümet tygşytlamak üçin jaýlaryň elektrik üpjünçiligini guramaçylykly öçürmek çäresini geçirmegi planlaşdyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG