Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gurlan täze dolandyryş merkezine öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag ady dakyldy. Gurluşygy henizem tamamlanmadyk bu şäheriň adynyň saýlanylmagy tötänleýin däl, Arkadag ady prezident Serdar Berdimuhamedowyň diňe bir kakasyna degişli bolman, eýsem onuň özüne-de käwagt "Arkadag" ýa-da "Arkadagly Serdar" diýilýär. Milliardlarça dollarlyk täze şähere Arkadag adynyň dakyljagyny şu ýylyň ýazynda Azatlygyň çeşmeleri habar beripdi.
Sebitiň Gökdepe etrabynyň çäginde henizem gurluşyk astyndaky Ahalyň täze dolandyryş merkezi mundan beýläk Arkadag diýlip atlandyrylar. Ýurduň bäş sebitiniň biriniň dolandyryş merkezi indi şäher statusyny alan Arkadaga geçirýär. Şeýlelik bilen, Göktepe etrabynyň 2370 gektar meýdany Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine girýär. Bu barada karar 21-nji dekabrda yglan edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň garyndaşlarynyň adyny Arkadag şäherindäki desgalaryň hem birnäçesi göterer.
Ýurduň häkimiýetleri at saýlanylanda welaýatyň we ýurduň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň islegleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini Arkadag atlandyrmak göz öňünde tutulýarTürkmen prezidenti täze şäheriň adyny tapmak meselesini ýylyň dowamynda birnäçe gezek gozgady. 28-nji aprelde Serdar Berdimuhamedow täze şäheriň ady meselesini “halk bilen ara alyp maslahatlaşmagy” tabşyrypdy.
Şeýle-de bolsa, şu ýylyň maý aýynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri täze şäheriň Arkadag diýlip atlandyrylmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar berdiler. Olar şäheriň adyny iýun aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli yglan etmek planyň bardygyny, emma maglumatlaryň habar çeşmelerine syzmagyna Berdimuhamedowlaryň nägile bolup, şäheriň adyny yglan etmegiň yza süýşürlendigini mälim edipdi.
2022-nji ýyl Türkmenistanda mejlis tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi. Hut şu ýylyň dowamynda Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow birden "ýaşlara ýol bermek" bahanasy bilen prezidentlikden çekiljekdigini yglan etdi we onuň prezident ornuny eýelän ogly Serdar Berdimuhamedow "Arkadagly Serdar" diýlip yglan edildi. Emma esasy kanun çykaryjy organ Halk Maslahatynyň baştutany bolup, häkimiýet başynda saklanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bolsa "Gahryman Arkadag" diýlip tutulyp başlandy.
Türkmen häkimiýetleri täze şähere aýratyn ähmiýet berýärler. Prezidentiň karary bilen Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaraly harby parad geçiriler. Prezident açylyş dabarasyny "milli ruh bilen sazlaşykly" medeni çäreleri guramak bilen "ýokary derejede" geçirmegi tabşyrdy. Emma şäheriň açylyş senesi milli metbugatda habar berilmedi.
Bu aralykda, täze şäherdäki birnäçe desga prezident maşgalasy bilen baglanyşykly bolup çykdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar üçin saglyk we dikeldiş merkezi, merkezi seýilgähdäki Arkadag ýadygärligi, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal pedagogiki orta hünär mekdebi ýaly obýektler metbugat habarlarynda sanalyp geçildi. Galan obýektlere diňe merhum tanymal syýasy jemgyýetçilik wekilleriniň ýa-da mifiki gahrymanlaryň atlary dakyldy.
Şeýle-de täze şäheriň merkezi köçeleriniň birine Akhan ady dakyldy.
Ýatlatsak, tomusda Gurbanguly Berdimuhamedow köçä 2018-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen atynyň adyny dakmagy teklip edipdi. Akhan atly bedew 10 metrlik distansiýany yzky aýaklaryna rekord derejede tiz ýöräp geçipdir. Prezident Serdar Berdimuhamedow bolsa, täze şäherde bu atyň ýadygärligini gurmak kararyny yglan edipdi.
Oktýabr aýynda hökümet gurulýan administratiw merkeziň 500 hünärmeni üçin Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan tälim berilmegini guramak planyny yglan etdi.
Bu aralykda şäher henizem gurluşyk tapgyrynda galýar. Bu aýda obýektleriň diňe birinji tapgyry tamamlandy. 3-nji dekabrda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan şähere hut özi baryp gördi we gurluşygyň birinji tapgyrynyň tamamlanmagy bilen tanyşdy. Şol bir wagtyň özünde Azatlygyň çeşmeleri häkimiýetleriň administratiw merkezdäki gurluşyklar üçin beýleki sebitleriň hasabyna serişdeleri köpeltmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.
Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde ýollaryň birine öz atynyň adyny dakmagy teklip etdiArkadag şäheriniň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly çynlakaý meseleler ýüze çykdy.
12-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy milliardlarça dollarlyk megaproýektiň desgalarynda işleýän azyndan 250-den gowrak senetçiniň we 500-e golaý kömekçi işçiniň aýlyklarynyň tölenmeýändiginden zeýrenýändiklerini habar berdi. Şonda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşyk meýdançalarynda işleýänleriň üç aýlap aýlyk alyp bilmeýändikleri sebäpli işlerini köpçülikleýin taşlandyklary habar berildi. "Myradym", "Nusaý Ýollary", "Ussat Inžener" we beýleki ýerli kärhanalaryň işgärleri şonda işini dowam etdirmekden ýüz öwürýändikleri mälim boldy.
Mundan başga-da, gurluşykda düzgün bozmalar, şol sanda betbagtçylykly hadysalar ýüze çykdy. Awgust aýynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşyk meýdançasynda işçileriň biri heläk boldy. Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi bu betbagtçylygyň howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy. Bu waka bilen baglanyşykly birnäçe adama garşy jenaýat işi gozgaldy.
Ahal welaýaty üçin täze dolandyryş merkezini gurmak karary 2019-njy ýylda Türkmenistandaky örän agyr ykdysady krizis wagtynda yglan edildi. 2020-nji ýylyň fewral aýynda gurluşyk taslamasyna 1,5 milliard dollar sarp ediljekdigi habar berildi. Onuň gurluşygynyň 2022-nji ýylyň dekabrynda doly tamamlanjagy aýdylypdy.
Ahal welaýatynyň täze administratiw mekeziniň gurluşygynyň iň başynda oňa 2019-2020-nji ýyllarda Ahalyň häkimi bolan Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edipdi.
2022-nji ýylyň 19-njy martynda prezident wezipesine geçen 40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow 15 ýyllap ýurdy dolandyran döwründe öz şahsyýet kultyny döreden kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-njy ýylda ýogalan öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýerine geçensoň öňki awtoritar lideriň şahsyýet kultuny gowşatdy. Türkmenbaşy adyna eýe bolan Saparmyrat Nyýazow tutuş ýurt boýunça ýadygärliklerini dikdi, öz adyny Türkmenbaşy şäherine, etraplaryň, şäherleriň we ilatly ýerleriň ençemesine öz ejesiniň we kakasynyň atlaryny dakdy.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň aradan çykan senesi 21-nji dekabr.
Degişli maglumat Daşdan goşa baş görünýän ýeke baş türkmen syýasatynda Berdimuhamedowlar häkimiýeti berkeýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.