Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy tamamlandy. Dört aýlap dowam eden ýygym möwsümi bu ýyl has güýçlendirilen tertipde geçirildi. Býujet işgärleri munuň edara-kärhanalaryň işine ýaramaz täsir ýetirendigini aýdýarlar. Pagtaçy kärendeçiler bolsa, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň wagtynda geçirilmeýändiginden şikaýat edýärler.
"15-nji dekabrda býujet işgärleriniň we beýleki hakyna tutma işçileriň pagta ýygymyna äkidilmegi bes edildi. Şu gün gowaça meýdanlarynda hiç kim ýokdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Resmi derejede sentýabryň başynda girişilen pagta möwsüminde bu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilýär.
Degişli maglumat Häkimiýetler sowuk howa garamazdan, býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekmegi dowam etdirýärÝöne Türkmenistanyň hökümeti dekabryň ikinji ýarymyna gadam basylýandygyna garamazdan, pagta planynyň dolandygy ýa dolmandygy barada henize çenli hiç zat aýtmaýar. Adatça häkimiýetler bu barada noýabryň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda yglan edýärler. Geçen ýyl ýurtda pagta planynyň dolandygy 11-nji noýabrda yglan edilipdi.
13-nji noýabrda bellenen Hasyl toýunda "ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnaldy" diýildi, emma anyk san aýdylmady. Bu ýagdaýlar, Türkmenistanda pagta önümçiliginde problemalaryň bardygyny gytaklaýyn tassyklaýar.
Mundan ozal, ýerli kärendeçiler hasylyň pes boljakdygyny ençeme gezek duýdurdylar. Şeýle-de, kärendeçileriň ençemesi köp daýhanyň döwlete bergili çykandygyny hem aýtdy. Olar muňa suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginiň sebäp bolandygyny belläpdiler.
Bu ýyl näresmi derejede awgustyň ikinji ongünlüginde girişilen pagta ýygymy noýabryň ahyryndan başlap güýçlendirilen tertipde alnyp baryldy. Bu waka, prezident Sedar Berdimuhamedow pagta ýygymynyň depginini birnäçe gezek tankytlansoň, sebit ýolbaşçylarynyň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagy wada beren mahalyna gabat geldi.
Gowaça meýdanlarynda pagtanyň tas ýokdugyna garamazdan, 27-nji noýabrdan başlap edara-kärhanalaryň tas ählisiniň işgärleri köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşdyryldy. Dekabryň başynda ýurduň gündogar we demirgazyk sebitlerine aralaşan aşa sowuk howa hem, häkimiýetleri bu çärelerinden dändirmedi.
Degişli maglumat Lebapda býujet işgärleri ýene köpçülikleýin pagta ýygymyna çekildi"Köpçülikleýin mejbury pagta ýygymy sebäpli bir işgär iki işgäriň işini ýerine ýetirmeli boldy. Bu edara-kärhanalarda köp işiň bökdemegine getirdi. Mekdeplerde sapaklaryň, okuwçylara berilýän bilimiň hiline täsir ýetirdi. Şuňa meňzeş ýagdaýlar beýleki edaralarda, şol sanda saglyk pudagynda hem gaýtalanýar" diýip, lebaply býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bu aralykda, kärendeçiler geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň wagtynda geçirilmeýändiginden şikaýat edýärler.
"Sürüm işleri dekabryň başynda geçirilmelidi. Sebäbi gyş paslynyň öňünde meýdanlar arassalanyp, sürüm işleri geçirilse, onda paslyň ygaly meýdanlara gowy peýda edýär. Gyş paslynda ýerler näçe giç sürülse, geljek ýyl hasyl şonça pes bolýar. Häzir pagta ýygylan meýdanlaryň köpüsinde goza çöpi ýygnalman dur" diýip, lebaply kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edýärler. Türkmenistan bu tankytlara resmi derejede reaksiýa görkezmeýär.
Degişli maglumat Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.