Häkimiýetler ahlak ýygnaklary bilen ýaşlaryň arasyndaky jenaýatlaryň öňüni aljak bolýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň ahlak terbiýesine bagyşlanan ýygnaklary geçirmegi dowam etdirýärler. Häkimiýetler şeýle ýygnaklar bilen ýaşlaryň arasyndaky jenaýatlaryň öňüni almaga çalyşýarlar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatyna görä, Ahal welaýatynyň we Aşgabadyň polisiýa bölümleriniň hem-de prokuratura edaralarynyň işgärleri mekdeplere aýlanyp, okuwçylaryň arasynda jenaýatyň köpelendigini aýdýarlar. Mugallymlar bilen geçirilýän bu ýygnaklarda okuwçylaryň eden jenaýatlary barada gürrüň berilýär.

"Kanun goraýjylaryň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän mekdebiň bäş okuwçysy bir synpdaşyny agyr ýenjip, kanala taşlapdyr. Ol suwa gaçmandyr we bu onuň aman galmagyna sebäp bolupdyr. Ol oglan bir hepde bäri keselhananyň reanimasiýa bölüminde saglyk bejergisini alýar we onuň saglyk ýagdaýy agyr bolmagynda galýar" diýlip, neşiriň 30-njy noýabrdaky maglumatynda aýdylýar.

Degişli maglumat Okuwçylara prezidenti söýmek barada nesihat berilýär

Kanun goraýjylar okuwçylaryň mekdebiň territoriýasynyň daşynda amala aşyran bir jenaýaty üçin mekdep garawulynyň jogapkärçilige çekilendigini hem aýtdylar. Garawulyň, hamana, mekdebiň töwereginde bolup geçýän ähli zatdan habarly bolmalydygy aýdyldy.

Ýygnaklaryň birinde kanun goraýjylar Ahalyň oba mekdepleriniň birinde bir okuwçy gyzyň göwreli bolandygy anyklanandan soň, onuň polisiýa çagyrylandygyny hem gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, şol gyz 11-nji synpda okaýan oglan dogany tarapyndan zorlanandygyny aýtdy. Noýabryň başynda bu oglana garşy iş kesildi.

"Polisiýa derňewiniň çap edilmegi netijesinde okuwçylaryň kakasy öz janyna kast etdi. Olaryň ejesi keselhanada saglyk bejergisini alýar" diýip, neşir häkimiýetleriň bu ýol bilen jenaýatlaryň öňüni aljak bolýandygyny aýdýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada öz ýurt içindäki habarçylaryndan, Içeri işler we Bilim ministrliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlamagynyň yz ýany, häkimiýetler okuwçylaryň ahlak terbiýesine gözegçiligi güýçlendirdiler. Azatlyk sentýabryň ahyryndan bäri ýurduň mekdeplerinde şeýle häsiýetdäki ýygnaklaryň azyndan 10 gezek geçirilendigi barada habar berdi.

Mundan bir hepde ozal Balkan welaýatynyň mekdeplerinde geçirilen ýygnaklarda dereksiz ýitýän çagalaryň, göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň köpelendigi aýdylyp, ene-atalardan çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talap edildi.

Degişli maglumat Balkanda okuwçylaryň 'ahlak terbiýesine' gözegçilik güýçlendirilýär

Häkimiýetler dilden berýän maglumatlarynda bu ýygnaklary "ahlak aladalary" bilen düşündirilýärler. Ýöne ýurt resmileri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada aç-açan düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Ýaşlar bilen geçirilýän duşuşyklar we olara edilýän wagyz-nesihat işleri ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň soňky hepdelerde geçirýän hökümet mejlislerinde hem maslahat edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 25-nji noýabrda geçirilen mejlisinde "ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-düşündiriş işlerini işjeňleşdirmegiň ähmiýetini" nygtady.

Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň 16-njy noýabrda geçirilen ilkinji mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, "ýaşlar bilen yzygiderli duşuşyklaryň we söhbetdeşlikleriň oňyn netije berýändigini" belledi.

Degişli maglumat TH: Aşgabatda täze doglan iki bäbegiň jesedi tapyldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.