Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuwçylara prezidenti söýmek barada nesihat berilýär


Okuwçy gyzlar. Arhiw suraty
Okuwçy gyzlar. Arhiw suraty

Mary welaýatynyň häkimiýetleri okuwçylaryň arasynda watançylyk wagyz işlerini güýçlendirip, olara Türkmenistanyň prezidentini söýmegi we ýurduň ähli ýolbaşçylaryna ynam bildirmegi nesihat berýärler. Bu işlere ak sakgally ýaşulular hem çekilýär. Okuwçy gyzlara "ahlakly bolmak" tabşyrylyp, başyny örtüp, ýaglyk daňynmak nesihat berilýär.

Şu günler sebitiň tas ähli orta we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwçylar bilen geçirilýän ýygnaklar etrap häkimlikleriniň we ýerli bilim bölümleriniň işgärleri tarapyndan guramalaşdyrylýar.

"Döwlet wekilleri we ýaşulular okuwçylara edepli bolmagy, prezidentimizi söýmegi, ähli ýolbaşçylara ynam bildirmegi, olary goldamagy, olardan özüňi pes tutmagy, başarsalar, mobil telefonlardan we Internetden daşda durmagy maslahat berýärler" diýip, ýygnaga gatnaşan mekdep mugallymy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýygnagy gurnaýan resmiler wagyz-nesihat işleriniň sebäplerini düşündirmeýärler.

Ýaşulular "watanyň söýgüsini gazanmak" we "birek-birege kömek etmek" kesgitlemelerine salgylanyp, okuwçylara VPN ulanýan deň-duşlaryny mekdep müdirine şugullamagy hem nesihat berýärler.

"Ýygnagy gurnaýjylar okuwçy gyzlara başyny örtüp, ýaglyk daňynmagy, biabraý hasaplanýan hojalyklardan daşda durmagy we olara gulak asmazlygy, köpräk öz milli telekanallarymyza tomaşa etmegi hem maslahat berdiler" diýip, mugallym sözüne goşdy.

Habarçymyz käbir etraplarda bu ýygnaklaryň geçirilmeýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, häkimlik we bilim wekilleri mekdep müdirleriniň ýanyna baryp, olara eger barlagçy gelip sorasa, onda wagyz-nesihat işleriniň geçirilendigini aýtmagy tabşyrýarlar.

Habarçymyz welaýatyň käbir mekdeplerine bolsa, duýdansyz polisiýa işgärleriniň aýlanýandygyny, olaryň okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlaýandygyny hem aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Marynyň häkimliginden we bilim bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri täze okuw ýylynyň başlamagyndan üç hepde soň, okuwçylaryň "ahlak terbiýesine" gözegçiligi güýçlendirip, mekdeplerde ýygnaklary geçirip başladylar. Bu ýygnaklar soňky hepdelerde has-da ýygjamlaşdy.

Häkimiýetleriň dilden berýän maglumatlarynda "ahlak aladalary" bilen düşündirilýän bu ýygnaklarda dereksiz ýitýän çagalaryň, göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň köpelendigi aýdylýar. Şeýle-de, ene-atalardan çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talap edilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Bu aralykda, maryly mugallymlaryň ençemesi wagyz-nesihat işlerinde aýdylýan zatlaryň köpüsiniň hakykata gabat gelmeýändigini belleýär.

"Ýygnaklarda ýurtda ähli adamyň 'ajaýyp zamanada ýaşaýandygy, hiç bir hojalykda kynçylygyň ýokdugy' aýdylýar. Dekabr aýy golaýlaýar, howa sowady. Köp çaganyň iýmäne gyzgyn nahary we geýmäne eginbaşy ýok. Bir okuwçym aýakgaby bolman, şypbykly mekdebe gatnaýar. Ol öz deň-duşlaryndan utanýar. Men oňa nädip 'biz bir maşgala, ýurdumyzda ähli zat gowy" diýeýin?" diýip, mugallym sorag bilen sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG