Aşgabatdaky we onuň etegindäki zir-zibil oklanýan çeleklerde täze doglan iki bäbegiň jesedi tapyldy diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri 24-nji noýabrda habar berdi.
"18-nji noýabrda agşam sagat 11 töwereginde Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş jaý massiwindäki zir-zibil çelekleriniň golaýynda, plastik haltada täze doglan bäbegiň jesedi tapyldy. Ony çelegiň golaýynda ýaşaýan, zir-zibil zyňmaga gelen bir adam gördi. Ol bu barada polisiýa habar berdi" diýip, neşir medisina barlaglarynda bäbegiň tapylmazyndan bir sagat çemesi öň ölendiginiň anyklanandygyny belleýär.
Maglumata görä, bu soňky iki aýdan hem az wagtyň dowamynda köpçülige mälim bolan şuňa meňzeş ikinji wakadyr. Oktýabryň ahyrynda Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Gurtly obasyndaky zir-zibil çelekleriniň birinde hem, täze doglan gyz bäbegiň jesedi tapyldy.
Degişli maglumat Aşgabatda bäbegiň jesedini zibilhana zyňandygy güman edilýän talyp gyz tussag edildiNeşir özüniň polisiýadaky çeşmesine salgylanyp, şuňa meňzeş wakalaryň ýygy-ýygydan bolýandygyny, ýöne adatça bäbekleri terk edenleriň şahsyýetini anyklamagyň başartmaýandygyny hem belleýär.
Polisiýa işgäriniň sözlerine görä, mekdep okuwçylary we studentler şu usul bilen bäbeklerden 'dynýarlar'. Gyzlar jynsy gatnaşyklara başlaýarlar, ýöne özlerini goramagy bilmeýändikleri üçin göwreli bolýarlar. Jemgyýetde durmuş gurmazdan ozal jynsy gatnaşykda bolmak berk ýazgarylýandygy sebäpli ýaşlar muny gizlemegi makul bilýärler.
"Biz her bir zir-zibil dökülýän çelegiň golaýynda kamera goýup bilmeýäris" diýip, neşir polisiýa işgäriniň sözlerini sitirledi.
Azatlyk bu wakalar barada öz ýurt içindäki habarçylaryndan, şeýle-de Aşgabadyň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda täze doglan bäbekleriň zir-zibil çeleklerinde tapylmagy bilen bagly wakalar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Geçen ýylyň iýunynda Azatlyk Türkmenistandaky çaga dogurulýan öýlerde ejeleri tarapyndan terk edilen çagalaryň pul üçin nätanyş adamlara berlişi barada makala hem çap etdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň birnäçesi munuň sebäplerini ykdysady kynçylyklar we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýyl-ýyldan aşak gaçmagy bilen baglanyşdyrýar. Şeýle-de, ýurtda çaga aýyrtmagy hakykatda doly diýen ýaly gadagan edýän kanunlar hem şeýle ýagdaýlaryň gürelmegine getirýär.
Degişli maglumat Balkanda okuwçylaryň 'ahlak terbiýesine' gözegçilik güýçlendirilýärTürkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak baradaky" kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, çagany aýyrtmaga bäş hepdelik göwrelilik möhletinde rugsat berilýär.
Bu bir aýalyň aýbaşysynyň gijikmegi sebäpli özünde çaga galandygyny çaklap, eger aýyrtjak bolsa, bäş hepdelige golaý çagasyny birnäçe gün içinde düşürtmelidigini, şondan gijikse, onuň kanuny bozýandygyny aňladýar. Göwrede galan çagany bäş hepdeden soň düşürtmek üçin ýörite komissiýanyň karar çykarmagy gerek.
Galyberse-de, bäbekleriň jesetleriniň tapylandygy baradaky nobatdaky habarlar, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň "ahlak terbiýesine" bagyşlanan ýygnaklary ýygy-ýygydan geçirýän mahalyna gabat geldi. Bu ýygnaklarda esasan göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň köpelendigi aýdylyp, ene-atalardan çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talap edilýär.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada hiç hili maglumat bermeýärler.
Degişli maglumat Ykdysady krizis adamlary öý goşlaryny satmaga mejbur edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.