Türkmenistanda ilat bazar nyrhyndan biraz arzanrak satylýan un paýlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýan mahaly, Lebap welaýatynyň käbir döwlet dükanlarynda un satuwa çykaryldy. Emma sentýabr aýyndan bäri ilkinji gezek paýlanan un iýmite ýaramsyz bolup çykdy. Şol bir wagtda, döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan birinji sort un gara bazarda satylyp başlandy.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylarynyň 18-nji noýabrda beren maglumatlaryna görä, döwlet dükanlaryna un gelen dessine alyjylar biri-birine jaň edip, tanyş-bilişlerine habar berdiler. Dükanlaryň her biriniň öňündäki nobatlarda 50-den köp adam üýşdi.
Ýöne nobaty ýetip, bäş kilogram un satyn alan adamlar onuň hiliniň juda pesdigini, reňkiniň aşa garadygyny bilip galdylar. "Reňkiniň gara bolmagy bir ýana diýseň, undan juda ýaramaz ys gelýär. Hamana, un bir yzgarly ýerde durup pilislän ýaly örän ýaramaz ysy bar" diýip, habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat Maryda ilat köp garaşyp satyn alan ununy iýip bilmeýärUny satyn alan käbir ýaşaýjylar unaş taýýarlamaga synanyşandyklaryny, ýöne ondan edilen hamyryň juda özsüz bolandygy sebäpli unaş kesip bilmändiklerini hem gürrüň berdiler.
"Hamyrdan juda ýaramaz, heňiň ysy gelýändigi sebäpli ondan çörek hem bişirip oturmadyk. Soňra zir-zibile zyňsam günä galaryn diýip, hamyry towuklaryma berdim" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, özi ýaly başga-da ençeme alyjy döwlet dükanlarynyň satyjylaryna unuň hilinden şikaýat etdi. Dükan satyjylary olara "dükana gelýän un şu, alsaňyz alyň, almasaňyz almaň, sizi satyn almaga zorlaýan adam ýok" diýip jogap berdiler.
Türkmenistanda hökümet tarapyndan her aýda her adam başyna 5 kilogram un subsidirlenen bahadan satylýar. Döwlet dükanlarynda bu unuň bir kilogramy 1 manatdan satylýan mahaly, hususyýetçilerde onuň bahasy 13 manada çenli ýetýär.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda, köp maşgala subsidirlenen bahadan satylýan una uly isleg bildirýär.
Ýöne soňky bir ýylyň dowamynda häkimiýetler unuň öz wagtynda satuwyny çäklendirmekden başga-da, ilata barha köp ýaramaz hilli un hödürläp başladylar. Şu hepdäniň ortalarynda Marydaky habarçylarymyz hem, ilata iýmite ýaramsyz unuň satylandygyny, özüni oňarýan hojalyklaryň ony mala berýändigini, ýöne garyp hojalyklaryň bu berilýän paýok una gözüni dikip oturýandygyny aýtdylar.
Degişli maglumat Baýramalyda ilata martyň we apreliň un paýy satyldyBu habarlaryň arasynda, Lebapdaky habarçylarymyz döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan birinji sort unuň gara bazarda giňden satylyp başlandygyny habar berýärler.
"Döwlet dükanlarynda satylmaly birinji sort ýerli un hususyýetçiler tarapyndan bazar bahasyndan satylýar. Bu resmileriň garyşmagynda amal edilýäne meňzeýär. Bu uny köplenç öý şertlerinde çörek bişirip satýan çörekçi söwdegärler satyn alýar. Döwlet iň ýaramaz hilli, gara uny paýok hökmünde satýar. Sebäbi ony paýokda paýlamasa, bu una başga hyrydar tapylmaýar" diýip, ýagdaýdan habarly ýerli telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýatyň söwda edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Azatlyk subsidirlenen bahadan satylmaly käbir azyk önümleriniň, şol sanda unuň we ösümlik ýagynyň döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan pursady, hususyýetçilerde gymmat bahadan satylýandygy barada mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.
Türkmenistan şu ýyl hem galla plan borçnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, ýurtda 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalandygyny yglan etdi.
Türkmen häkimiýetleriniň bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigi hakyndaky beýanatlary ýurtda unuň we çöregiň ýiti gytçylygynyň fonunda edilýär. Ýöne häkimiýetler ýurtda bäş ýyl töweregi wagt bäri dowam edýän azyk krizisini boýun almaýarlar.
Degişli maglumat Garagumyň döwlet dükanlary ilata berilmeli uny kemeldip, 'ýokardakylara pul ýygnaýar'Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.