Türkmen we özbek liderleriniň özara saparlarynyň täze hronologiýasy we Merkezi Aziýada integrasiýa

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baýdaklary

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen we özbek liderleriniň soňky bäş ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda amala aşyran döwlet, resmi we iş saparlarynyň täze hronologiýasyna we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky integrasiýa tagallalaryna gönükdirilýär.

20-21-nji oktýabrda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Aşgabada resmi sapar amala aşyrdy.

Özbegistanyň öňki prezidenti Islam Karimow 2016-njy ýylda tarpa-taýyn aradan çykandan soňra, häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýoýew döwründe Türkmenistan bilen Özbegistan arada döwlet baştutany derejesinde gelim-gidim köpeldi.

Iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň Türkmenistan bilen Özbegistan arada amala aşyrýan saparlarynyň ýygjamlaşmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, serhet dawalary ýaly käbir problemalara garamazdan, sebit gatnaşyklarynyň ösdürilýän wagtlaryna gabat gelýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen we özbek liderleriniň özara saparlarynyň täze hronologiýasy we Merkezi Aziýada integrasiýa

Gatnaşyklaryň täze depgini

Şawkat Mirziýoýew wezipä girişmeginden iki aýdan gowrak wagt soň, ilkinji daşary ýurt saparyny, 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda Türkmenistana amala aşyrdy. Bu saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda Strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi. Mirziýoýew şonda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat – Farap demirýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli myhmana ahalteke bedewini sowgat berdi.

Munuň yz ýany, şol ýylyň 20-nji maýynda Mirziýoýew ýene bir gezek, ýöne bu sapar iş sapary bilen, Türkmenistana bardy. Türkmen metbugatyna görä, Mirziýoýew bilen Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky “Awaza” maslahatlar jaýynda ikiçäk duşuşyp, esasan Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmak babatda gepleşik geçirdi.

Bu aralykda, iki ýurduň arasynda ýokary derejeli gatnaşyklaryň bat alan döwürleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet serhedini kesgitlemek boýunça hökümetara komissiýasy has ýygy-ýygydan duşuşyp başlady. Şeýle ýygnaklaryň biri 2017-nji ýylyň 2-7-nji iýul aralygynda Aşgabatda geçirildi.

Degişli maglumat Merkezi Aziýa liderleriniň sammiti: maksat täze ýaranlyk döretmekde

Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, Sowet Soýuzy 1991-nji ýylda dargaly bäri dowam edýän serhet dawalary bar. Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky döwlet serhediniň çäkleri babatda ýaňy-ýakynda doly ylalaşyga geldi. Özbegistan bilen aradaky döwlet serhediniň kesgitlenilmegi boýunça hökümetara gepleşikler dowam edýär. Türkmenistan bilen Özbegistan arada uzynlygy 1621 kilometre barabar bolan umumy serhet bar.

2017-nji ýylyň 17-nji sentýabr güni, bir ýylda üçünji gezek, Mirziýoýew Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça ýene bir gezek Aşgabada bardy. Bu gezek ol Aşgabatda geçirililen halkara sport çäresiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna bardy.

Şol ýylyň 1-6-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýörite işçi toparlary iki ýurduň arasyndaky serhetleri kanuny taýdan kesgitlemek boýunça ýene bir gezek Daşoguzda duşuşdy.

Merkezi Aziýa liderleriniň Astanadaky duşuşygy

Soňky bäş ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň ýygy-ýygydan geçirýän duşuşyklaryna şaýat boldy. Şeýle duşuşyklaryň ilkinjisi 2018-nji ýylyň 15-nji martynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Diňe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň gatnaşan sammitine dört sebit lideri, Gazagystanyň şol wagtky prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň şol wagtky prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy. Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa liderleriniň ilkinji regional duşuşygyna gatnaşmady, ýöne öz ornuna, ogly Serdar Berdimuhamedowy iberdi. Şonda türkmen wekiliýetine Mejlisiň şol wagtky başlygy Akja Nurberdiýewa başlyklyk etdi. Serdar Berdimuhamedow şol wagtlar Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi. Hatda şol duşuşykda kiçi Berdimuhamedow Gazagystanyň şol wagtky prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen ikiçäk duşuşyk hem geçiripdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Bizem hormat isleýäris!" Täjigistanyň prezidenti Putine ýüzlenýär

Döwrüň gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Merkezi Aziýa liderleriniň ilkinji regional sammitiniň yz ýany beren beýanatynda duşuşygyň dowamynda sebitiň suw problemasy bilen bagly ýagdaýlara garalandygyny aýtdy.

“Iň esasy mesele – suw problemasy. Biziň döwletlerimiz – iki uly derýanyň Amyderýanyň we Syrderýanyň boýunda ýaşaýan 70 million adamdyr. Bu ýerde biz syýasy söwdanyň bolmaly däldigi barada ylalaşdyk” diýip, Nazarbaýew regional sammitiň yz ýany metbugatda sitirlendi.

Bu sammitden göni bir ýyl soň, 2019-njy ýylyň martynda Nursultan Nazarbaýew wezipeden çekildi, Gazagystanda häkimiýet çalyşdy.

Daşkentde "Aşgabat" seýilgähi açylýar

Ilkinji gezek geçirilen regional sammitden bir aý töweregi soň, 2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Mirziýoýew şonda Berdimuhamedowyň bu saparyny “taryhy” atlandyrdy. Bu saparyň dowamynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi we Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynda türkmen-özbek “Dostluk öýi” açyldy. Mirziýoýew bu sapar bilen bagly metbugat çykyşynda iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda “çözülmedik meseleleriň galmandygyny” aýtdy.

Ýöne Berdimuhamedowyň Mirziýoýewiň häkimiýet başyna geçmeginden soňra Özbegistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň dowamynda bir geň waka boldy. Bu waka baradaky habarlar sapardan bir iki hepde soň, 7-nji maýda metbugatda şöhlelendi.

Aýdylmagyna görä, şonda, 23-nji aprel güni, saparyň ilkinji gününde Mirziýoýew Daşkentde Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýöräp barýan mahaly, polisiýanyň bir ulagy sirenasyny, ýagny howsala signalyny ýakyp, prezidentleriň ýanyndan geçipdir. Özbek prezidentiniň bu ýagdaýa gahary gelipdir. Şonda Mirziýoýew garaşylmadyk bu waka sebäpli prezidentiň gorag gullugynyň şol wagtly başlygyny işden boşadypdyr, Daşkendiň polisiýasynyň ýol gözegçiligi gullugynyň şol wagtky başlygyny bolsa tussag etdiripdir.

Sebit liderleri Awazada duşuşýar

Şol ýylyň 24-nji awgustynda, iki ýylda dördünji gezek, Mirziýoýew Türkmenistana sapar etdi. Özbek prezidenti Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna agza ýurtlaryň sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Awaza bardy. Bu sammite Gazagystanyň şol wagtky prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň şol wagtky prezidenti Sooranbaý Jeenbekow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Liderler ýene-de bir gezek sebitiň suw meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Daşkentde "Aşgabat" seýilgähi açyldy

'Möhüm' telefon söhbetdeşligi

2019-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy barada, hatda onuň aradan çykan bolmak ähtimallygy barada sosial ulgamlarda dürli habarlar peýda bolup başlady. Şeýle habarlar gyzyşan döwürleri, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň metbugat gullugy 2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda beýanat çap edip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek prezidenti bilen telefonda gürleşendigini habar berdi. Bu beýanat türkmen prezidentiniň ölümi baradaky sosial ulgamlarda ýyldyrym çaltlygynda peýda bolan habarlara ‘suw sepdi’.

Global wakalaryň bosagasynda geçirilen güýz duşuşyklary

Şol ýylyň, 11-nji oktýabrynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew GDA-nyň döwlet baştutanlary geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek iş sapary bilen Aşgabada bardy. Türkmen paýtagtynda geçirilen bu sammitde ýene bir gezek Owganystanda parahatçylyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazagystanyň heniz ýaňy bir häkimiýet başyna geçen täze prezidenti Kasym Žomart Tokaýew Aşgabatda geçirilen GDA sammitinde eden çykyşynda Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda Şengen wizasyna çalymdaş wiza düzgünini girizmek barada pikirlenmegi teklip edip çykyş edipdi.

Ýöne bu wakalar heniz dünýäde koronawirus pandemiýasy ýaly global wakalar, Russiýanyň Ukraina esassyz goşun girizmegi ýaly halkara konfliktler, ýa-da GDA-nyň günorta goňşusy Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi ýaly möhüm sebit hadysalary ýüze çykmanka bolup geçýärdi.

Şol ýylyň noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa liderleriniň II Konsultatiw geňeşine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine bardy.

2019-njy ýylyň ahyrlarynda, 2020-nji ýylyň başlarynda ilkinji gezek Hytaýda hasaba alnan koronawirus keseli tutuş dünýä ýaýrap başlady. Mart aýynda koronawirusyň pandemiýa yglan edilmegi bilen döwlet baştutanlarynyň daşary ýurt saparlary ymykly egsildi.

Goňşy prezidentiň 'duýgudaşlyk' sapary

Pandemiýanyň arasynda, 2021-nji ýylyň aprelinde Mirziýoýew ýene bir gezek Aşgabada sapar etdi. Bu gezek ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ýas sadakasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna bardy. Ýatlasak, Mälikguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde, 88 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Türkmenistanyň döwlet mediasynda agyr gününde öz kärdeşine duýgudaşlyk görkezýän Mirziýoýew görkezildi. Berdimuhamedow bilen Mirziýoýewiň bir türkmen metjidinde el açyp, töwir galdyrýan görnüşde metbugat serişdelerinde çap edilen suratlary köpleriň ýadynda galdy. Mirziýoýew 29-njy aprelde Gypjakda Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň ýedisi geçenden soň ilkinji anna agşamsynda berlen sadaka gatnaşdy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Berdimuhamedowlaryň ýas sadakasyna gatnaşdy. Arhiw suraty.

Merkezi Aziýa liderleriniň Konsultatiw duşuşygy: Awaza

Şol ýylyň awgustynda sebit liderleri ýene bir gezek “Awazada” duşuşdy. Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin ýene bir gezek Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy.

Sebit liderleriniň duşuşyklary ýygjamlaşýan mahaly, Merkezi Aziýa ýurtlary ýuwaş-ýuwaşdan täze-täze liderlere şaýatlyk edip başlady. Bu sammite eýýäm Gazagystandan Nursultan Nazarbaýewe derek Kasym Žomart Tokaýew, Gyrgyzystandan Sooronbaý Jeenbekowa derek Sadyr Žaparow gatnaşýardy. Sebit mediasy bu duşuşykda Merkezi Aziýa liderleriniň esasan ýene bir gezek Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny maslahat edendiklerini habar berdi.

Ýöne sammitine gatnaşyjylar sebitiň günorta goňşusy Owganystanda 10 gün soň häkimiýetiň çalyşjagyndan, “Talyban” söweşijileriniň Kabulda häkimiýeti eýelejiginden, megerem, bihabardy.

Sebit liderleri yzly-yzyna duşuşyp Owganystanda howpsuzlygy we parahatçylygy maslahat edýän mahaly, 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda “Talyban” Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän Owganystanyň paýtagtynda häkimiýeti ele geçirdi.

Has ýygjamlaşan gelim-gidim

2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşiniň çakylygy boýunça resmi sapar bilen ýene bir gezek Daşkende bardy. Iki ýurduň döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu saparyň dowamynda hem esasan Owganystanda parahatçylygyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Şol ýylyň noýabrynda Mirziýoýew ikinji möhlete prezident yglan edildi. Munuň yz ýany, ol, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek iş sapary bilen Aşgabada bardy.

Bu döwürler Türkmenistan hem häkimiýet çalşygyna, ýurduň döwlet baştutany wezipesiniň atadan-ogla geçirilmegine şaýat bolmaga taýýarlanýardy.

Degişli maglumat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de "Russiýa nämä gerek?" diýen pragmatiki sorag

2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda, heniz Türkmenistanda möhletinden öň geçirilen prezident saýlawlarynyň senesi yglan edilmänkä, şol wagt wise-premýer bolan Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyryp, Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

12-nji martda Türkmenistanda möhletinden öň prezident saýlawlary yglan edildi. Merkezi saýlaw topary giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalarynyň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowy ýeňiji yglan etdi.

Türkmenistanyň täze prezidenti şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda 19 täze resminama gol çekildi. Şeýle-de, bu saparyň dowamynda Türkmenistan we Özbegistan Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi. Özbek prezidenti bu ylalaşygy “taryhy ylalaşyk” atlandyrdy.

"Içerki edilmeli işler..?"

Merkezi Aziýa liderleriniň dördünji duşuşygy 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirildi. Eýýäm bu duşuşykda Merkezi Aziýanyň üç ýurduna täze prezident wekilçilik edýärdi. Merkezi Aziýa liderleriniň 2018-nji ýylyň 15-nji martynda Astanada geçirilen ilkinji regional duşuşygy bilen deňeşdirilende dördünji duşuşykda Tokaýew, Žaparow we kiçi Berdimuhamedow üç Merkezi Aziýa ýurdunyň täze liderleri hökmünde sahna çykýardy. Bu sammitde Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 21-nji asyrda Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek barada täze hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylary bu şertnama gol çekmediler. Türkmen we täjik liderleri bu ylalaşyga "öz ýurtlarynda içerki edilmeli işler gutarandan soň" gol çekjekdiklerini mälim etdiler.

Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, (çepde), Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (ortada) we Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Çolpon-Atada duşuşýar. 21-nji iýul, 2022 ý.

Soňky ýagdaýlar we milli azlyklar

Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow sentýabryň ortalarynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek iş sapary bilen Özbegistana bardy.

Özbek prezidenti iň soňky sapar 20-21-nji oktýabrda resmi sapar bilen Aşgabatda boldy. Bu saparyň dowamynda Aşgabatda "Daşkent" seýil bagy açyldy. Bu saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda 2017-nji ýylda gol çekilen Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak kararlaşdyryldy.

Galyberse-de, türkmen prezidentiniň Türki döwletler guramasynyň Samarkantda geçiriljek nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek noýabr aýynda Özbegistanyň Samarkant şäherine sapar etmegine garaşylýar. Bu duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna agzalyga kabul edimegine garaşylýar.

Soňky bäş ýylyň dowamynda iki ýurduň döwlet baştutanlary birek-biregiňkä 15 töweregi döwlet, resmi ýa-da iş saparlaryny amala aşyrypdyrlar.

Ýöne synçylar bu saparlaryň hiç haýsynyň Türkmenistandaky özbek azlyklarynyň ýa-da Özbegistandaky türkmen azlyklarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna ýardam bermeýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Okyjynyň haty: Türkmenistanda milli azlyklara 'üns berilmeýär'

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.