Serdar Berdimuhamedow Gazagystana sapar eder

Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji oktýabrda Gazagystana sapar edip, Astana şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa – Russiýa sammitine gatnaşar. Bu barada hökümetçi arzuw.news neşiri Gazagystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, habar berdi.

Biraz öň, hökümetçi Turkmenportal.com neşiri ýene Gazagystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, prezident Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny habar berdi.

13-14-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde birnäçe halkara forum geçirilýär. Gazak paýtagty 13-nji oktýabrda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň Altynjy sammitine, 14-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlary geňeşiniň sammitine hem-de Merkezi Aziýa – Russiýa sammitine beýemçilik eder.

Orient.com neşiriniň habaryna görä, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň penşenbe güni Astanada geçirilen VI sammitinde Türkmenistana wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredow wekilçilik etdi.

Bu sammite 11 ýurduň döwlet baştutanlary, şol sanda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we beýlekiler gatnaşypdyr.

Degişli maglumat Türkmen prezidenti Samarkantda hytaýly, russiýaly kärdeşleri bilen ikiçäk gepleşik geçirýär

Türkmenistanyň hökümeti we döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Berdimuhamedowyň GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň sammitine ýa-da Merkezi Aziýa – Russiýa sammitine gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada habar bermeýärler.

Öňki sowet ýurtlaryndan ybarat bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Sowet Soýuzynyň resmi taýdan dargaýan döwürleri, 1991-nji ýylyň dekabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan bu guramanyň doly agzasy, Mongoliýa synçy agzasy we Türkmenistan asossirlenen agzasy bolup durýar. Ukraina 2018-nji ýylda Arkalaşyk bilen gatnaşygy bes etdi.

Galyberse-de, Türkmenistan we Ukraina GDA-nyň 1993-nji ýylyň ýanwarynda kabul edilen Hartiýasyny tassyklamady. Bu Hartiýa Russiýany Sowet Soýuzynyň ýeke-täk kanuny orun tutary hökmünde ykrar edýär.

Türkmenistan 2005-nji ýylyň awgustynda özüniň BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk statusyna salgylanyp, Arkalaşyga diňe asossirlenen agza hökmünde gatnaşýandygyny yglan etdi. Ýöne türkmen ýolbaşçylary GDA-nyň çärelerine yzygiderli gatnaşyp gelýär.

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammiti iň soňky sapar 7-nji oktýabrda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirildi. Serdar Berdimuhamedow bu sammite gatnaşdy.

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň sammiti hem-de Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Russiýanyň öz goňşusy Ukrainanyň üstüne esassyz amala aşyrýan çozuşynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hiç haýsy Russiýanyň ýaňy-ýakynda anneksiýa eden dört ukrain sebitini, galyberse-de Ukrainanyň Krym ýarymadasyny rus territoriýalary hökmünde ykrar etmeýär.

Degişli maglumat Serdar Berdimuhamedow Özbegistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar

Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana amala aşyrýan döwlet sapary Astanada geçirilýän halkara sammitleriň yz ýany, 15-nji oktýabrda başlanar.

“Bu sapar syýasy, söwda, ykdysady, ulag, üstaşyr, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şeýle hem türkmen-gazak strategiki hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir” diýip, Turkmenportal.com neşiri goňşy döwletiň Daşary işler ministrligini sitirleýär.

Biraz öň, Gazagystanyň prezidenti Kasym Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli türkmen kärdeşine iberen gutlagynda meýilleşdirilýän saparyň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýtdy.

“Siziň Gazagystana amala aşyrjak döwlet saparyňyzyň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açyp, özara gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn” diýip, Tokaýew Berdimuhamedowa iberen hatynda aýtdy.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda ýola goýuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.