Türkmenistanda iki ýyl çemesi dowam eden pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylmagy netijesinde, şol sanda býujet işgärleriniň hem gatnaşdyrylmagynda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň gerimi artýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan lebaply ýaşaýjylar, bu günler yzly-yzyna geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin, uzakly gün iş ýerlerini we öýlerini terk etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
“13-nji oktýabrda Türkmenabatdaky Lebap bilim müdirliginde [Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy] Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Türkmenabadyň ähli çagalar baglarynyň terbiýeçilerine bu çärä gatnaşmak tabşyryldy. Netijede, bu gün çagalar baglaryndaky 25 körpeden ybarat toparlara diňe bir eneke seredýär” diýip, Türkmenabadyň çagalar baglarynyň biriniň işgäri 13-nji oktýabrda irden gürrüň berdi.
Ýatlatsak, şu hepdäniň başynda prezident Serdar Berdimuhamedow, ýurduň ozalky baştutany, kakasy Gurbangulynyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji tomuny ýazyp tamamlandygyny mälim etdi.
Uly Berdimuhamedow prezidentlikden aýrylandan soňam, kitaplary we beýleki eserleri bilen özüni ýatladyp durýar. Prezidentiň we onuň ýakyn töwereginiň şahsyýet kulty yzygiderli dabaralandyrylýan Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri köpýyllyklaryň dowamynda Berdimuhamedowyň ýazandygy aýdylýan kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna mejbury gatnaşdyrylýarlar we olary satyn almaga mejbur edilýärler.
Degişli maglumat Türkmenistanyň ilaty prezidentiň täze kitabyny satyn almaga, ýat tutmaga mejbur edilýär12-nji oktýabrda Lebabyň dolandyryş merkezinde geçirilen başga bir köpçülikleýin çäre hem şäheriň müňlerçe ýaşaýjysynyň adaty durmuşyny togtatdy.
Döwlet mediasy “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň uly şowhun bilen geçirilendigi barada habar berip, munuň bilen baglylykdaky sahnalaşdyrylan oýunlary, tans toparlarynyň çykyşlaryny, galyberse-de tomaşaçydan doly zalda gurnalan dabaralary görkezdi.
Emma bu çärä gatnaşan ençeme býujet işgäriniň Azatlyga gürrüň bermegine görä, adatça bolşy ýaly, ýerli häkimiýetler olary mejbury ýagdaýda, hatda işden çykarmak haýbaty bilen gelmeli edipdirler. Olar şäheriň “Ak öýüniň” öňünde geçirilen bular ýaly giň gerimli çärä, soňky iki ýylyň dowamynda asla şaýat bolmandyklaryny hem nygtadylar.
“12-nji oktýabrda ir sagat 10-dan tä günortana çenli ‘Ak öýüň’ öňünde 500-e golaý býujetçini, talyp ýaşlary, döredijilik işgärlerini dagy toplap, soňky iki ýylyň dowamyndaky iň iri köpçülikleýin çäresini geçirdiler. Bu çäre üçin şäheriň esasy ‘Bitarap Türkmenistan’ köçesi we oňa ýanaşyk ýollary hem petiklediler” diýip, bu çärä mejbury gatnaşdyrylanlaryň biri 12-nji oktýabrda giçlik gürrüň berdi.
Degişli maglumat Çagalar we býujet işgärleri aýrybaşga iki köpçülik çäresine mejbury çekildi - MaryFestiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşdyrylanlaryň ýene biriniň sözlerine görä, olara milli lybaslarda gelmek, şeýle-de iýjek we işjek azyklaryny hem öz ýanlary bilen getirmek tabşyrylypdyr. Ol bular ýaly gerimdäki dabaraly çäräniň geçen ýyl we şu ýyl bellenen Garaşsyzlyk baýramynda hem gurnalmandygyny sözüne goşdy.
Ýerli ýaşaýjylar 1-nji oktýabrdan başlap pandemiýa aladalarynyň arasynda girizilen hereket çäklendirmeleriniň gowşadylmagy bilen, sebitdäki mejbury köpçülikleýin çäreleriniň hem göz-görtele köpelendigini belleýärler.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli bilim işgäri ýakynda Saglyk işgärleriniň güni mynasybetli gurnalan dürli ýygnakdyr-çärelere hem özleriniň mejbury gatnaşdyrylandygyny gürrüň berdi.
“Köpçülikleýin çäreler ýene başlandy. Indi işimizi doly berjaý etmek aňyrda dursun, bu sebäpli öz öýümize hem myhman bolduk. Üstesine-de, çäreleriň guramaçylygy diýip, ýene-de mejbury pul toplaýarlar” diýip, 50 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz sözüne goşdy.
Türkmenistanda býujet işgärleri wezipe borçlaryndan başga-da, mejbury köpçülikleýin çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine, köçeleri süpürmäge we pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.
Degişli maglumat Maryda döwlet işinden gitmek isleýänler "köpelýär"Mundan öň, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen mejburlyklar, galyberse-de ýurduň maliýe ulgamyndaky nogsanlyklar sebäpli ýurduň dürli sebitindäki býujetçileriň işlerinden çykmagy saýlap alýandygy barada maglumat beripdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda raýatlaryň iş we gazanç etmek üçin "ähli oňyn şertleriň döredilendigini" ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Muňa garamazdan, soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmenistanlylaryň müňlerçesi has "gowy iş we gazanç şertleriniň gözleginde" ýurdy terk etdi. Azatlygyň habarçylary, bu tejribäniň ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky alty ýyldan gowrak wagtyň dowamynda has-da güýçlenendigini aýdyp gelýärler.
Türkmen hökümeti soňky otuz ýylda syýasy-ykdysady ýa-da medeni sebäpler esasynda ýurtdan giden raýatlaryň anyk sanyny çap etmeýär. Emma ýurtdan syzyp çykan ygtybarly maglumatlar soňky on ýylda iki milliona golaý türkmenistanlynyň daşary ýurtlara gidendigini görkezýär.
Degişli maglumat Çeşmeler: Türkmenistanda ýiti ilat ýetmezçiligi. Ýurtda 2,7 million ilat galdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.