Türkmenler Orsýetdäki harby mobilizasiýa garamazdan, bu ýurda göçmegini dowam etdirýärler

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy (arhiw suraty)

Russiýada yglan edilen mobilizasiýa ýurdy terk edýän Merkezi Aziýadan bolan migrantlaryň sanyny artdyrdy we täze gelýänleriň sanyny azaltdy. Bu ýagdaýda Türkmenistandan gelen habarlardan Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki nobatlaryň esli azalandygy mälim boldy. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary Russiýa gidýän, şol sanda hemişelik göçüp gidýän türkmenistanlylaryň henizem köpdügini anykladylar.

Uçar biletleriň ýetmezçiligi we Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygyna barýan adamlaryň sany, Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna gidýänleriň ep-eslidigine şaýatlyk edýär. Habarçylar we ýakynda Russiýanyň ilçihanasyna baran çeşmeler "göçüp gitmek isleýänler örän kän" diýýärler.

Ondan öň Russiýanyň ilçihanasynyň öňündäki nobatlaryň birbada azalandygy habar berildi. Bu, Russiýada raýatlaryň mobilizisiýa edilip, Ukrainadaky söweşe iberiljekdigi yglan edilenden soň boldy. Habarçynyň sözlerine görä, ilçihana ýüz tutýanlaryň nobatlary hakykatdanam kiçelipdir, ýöne bu täze okuw ýylyndan öň okuw wizasy üçin köpçülikleýin ýüz tutýan studentleriň sanynyň azalmagy bilen bagly bolupdyr.

Degişli maglumat Türkmenistanda uçar biletleriniň daşyndaky basa-baslyk dowam edýär

"Men anykladym, ozal gitmek üçin ýüz tutan studentleriň köpdügini aýtdylar. Olaryň hemmesi entek ýurtdan gidenok, ýöne [ýüzlenýänleriň] sany azaldy" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 11-nji oktýabrda aýtdy.

Çeşmeleriň biri Russiýa göçüp gidýänleriň arasynda soňky wagtda demirgazyk welaýaty Daşoguzyň ýaşaýjylary köp diýýär.

Azatlyk Radiosy Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekillerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Habarçylar ýurtdan çykýan adamlaryň köpüsiniň esasan barha agyrlaşýan sosial-ykdysady meselelerden we häkimiýetleriň barha artýan eden-etdiliginden gaçyp gutulmak isleýändigini bellediler.

"Gitmek hyýalynda bolmadyklaryň köpüsi eýýäm gitmäge taýynlanýar. Mekdeplerde hünärmen ýetmezçiligi ýüze çykýar. Interneti we VPN-i petiklemek, Imo messenjerini böwetlemek ýaly ýagdaýlar hem gitmäge itergi boldy. Ulaglary saklaýan ýol gözegçilik polisiýasy öňem aktiwdi, emma indi hasam ýowuzlaşdy. Garaşara esas ýok. Adamlarda umyt galmady"- diýip, habarçy aýdýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistandan, şol sanda Russiýa gidýänleriň sany yzygiderli artdy. Türkmen hökümeti problemalaryň bardygyny ykrar etmese-de, ilat azyk ýetmezçiligi, kadaly lukmançylyk kömeginiň elýeterli däldigi we agyr işsizlik bilen ençeme ýyl bäri ýüzbe-ýüz bolýar. Üstesine, döwlet işgärleri yzygiderli jemgyýetçilik işlerine mejbur bolýar we görküne gözegçilik we pul tabşyrmak ýaly mejburlyga sezewar edilýär.

Habarçylaryň sözlerine görä, Russiýa Federasiýasyna gidýänleriň sanyna Türkiýe bilen wiza režiminiň girizilmegi-de täsir edipdir. Wizalar girizilenden soň ýüzlerçe müň türkmen raýaty okamak ýa-da işlemek üçin Türkiýä gitmek mümkinçiligini ýitirdi.

Degişli maglumat Türkmenistandan göçýän köpelýär. Rus ilçihanasy uçar nobatynyň ýazgysyny togtatdy

Biletleriň töweregindäki basa-baslyk hem Türkmenistandan Russiýa gidýänleriň köpdügini görkezýär.

"Onsuzam gymmat biletleriň üstüne uly töleg etmezden, bilet satyn almakda uly kynçylyk bar. Biletler öz bahasyndan sähelçe gün öňünden satylýar we adamlar zerur kagyzlary toplamaga ýetişmeýär. Hemmeler "S7" reýsleriniň açylmagyna garaşypdy we öňünden bilet satyn almagy umyt edipdi. Emma uçarlaryň Türkmenbaşydan gatnamagy Aşgabat şäheriniň we beýleki sebitleriň ýaşaýjylarynyň gitmegini kynlaşdyrýar. Olara barmak we zerur resminamalary toplamak üçin wagt gerek bolýar"- diýip aşgabatly çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, içerki uçarlara bilet ýok, köpüsi taksi hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýar, bahalary gaty ýokarlanýar. Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine barýan takside bir adam üçin 500 manat tölemeli bolýar.

"Uçuşlaryň öňüsyrasynda syýahatyň bahasy hasam gymmatlaýar. Pilotlaryň we stuardessalaryň ol ýere barmagy hem kyn bolýar" - diýip, çeşme gürrüň berdi.

Bu aralykda Russiýadaky türkmenler hem kynçylyklara duçar bolýar. Azatlygyň Russiýadaky habarçysy, türkmenlere ýerli häkimiýetlerden duýduryş edilýändigini habar berdi.

"Şu gün migrasiýa gullugyndan gelip, Türkmenistanyň raýatlarynyň Russiýada işlemäge hukugynyň ýokdugyny duýdurdylar. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda Russiýada işlemek üçin raýatlara kwotanyň ýoklugy sebäpli, olara territoriýany terk etmek üçin wagt möhleti berildi" diýip, Azatlygyň Russiýadaky habarçysy 10-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Russiýadan, mobilizasiýanyň arasynda, türkmen migrantlary deportasiýa edilýär

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Russiýada ýaşaýan türkmen raýatlarynyň arasynda Türkiýeden baran migrantlar bar, şeýle hem birnäçe gün ozal Türkmenistandan işe gelenler we Russiýanyň uniwersitetlerini gutaran studentler bar.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Russiýa Federasiýasyna göçüp baran käbir türkmenistanlylaryň rus hökümetiniň yglan eden mobilizasiýasyndan soň Türkiýä ýa-da Gürjüstana gidendiklerini habar berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa we ýurduň ilatynyň öz ýurduny terk etmegi meselesi barada resmi düşündiriş bermeýär. Türkmen hökümeti Russiýada dowam edýän mobilizasiýa bilen baglanyşykly bu ýurtda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň ykbaly barada hiç hili beýanat ýaýratmady. Üstesine, Türkmenistanyň hökümeti we döwlet habar beriş serişdeleri Russiýanyň Ukrainanyň çäginde 8 aýlap dowam etdirýän söweşini hem şu çaka çenli agzaman gelýär.

Bu aralykda, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň hökümetleri öz raýatlarynyň Russiýa Federasiýasynyň çäginde mobilizlenmek mümkinçiligine resmi derejede alada bildirdiler. Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanalary Russiýanyň çäginde wagtlaýyn ýerleşýän raýatlarynyň harby gulluga çekilmeginiň ýol bererlikli däldigini yglan etdiler. Mundan başga-da, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň häkimiýetleri öz raýatlaryna Ukrainadaky harby çaknyşyklara hakyna tutulyp, gatnaşmagyň jenaýat jogapkärçiligi barada duýduryş berdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.