Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada mobilizasiýa garşy protest geçirilýär, Ukrainada agyr söweş barýar


Ukrain esgeri dron ekranyndan nyşanalary synlaýar
Ukrain esgeri dron ekranyndan nyşanalary synlaýar

27-nji sentýabrda, Moskwanyň Putiniň geçen hepde yglan eden bölekleýin mobilizasiýasy sebäpli dörän protestleri basyp ýatyrmagyny dowam etdirýän wagtynda, Ukrainanyň gündogar böleginde we demirgazyk-gündogar Harkow sebitinde ukrain we rus güýçleriniň arasynda gazaply söweşler boldy.

Prezident Wolodymyr Zelenski, rus güýçleriniň günortada we günbatarda öňe süýşmäge çalyşmagy we birnäçe şäherde barýan söweler arasynda, gündogar Donetsk sebitiniň Ukrainanyň we Russiýanyň iň möhüm strategiki meselesi bolup galandygyny aýtdy.

Zelenski 26-njy sentýabr gijesinde eden wideo ýüzlenmesinde Donetskdäki harby ýagdaýyň "aýratyn agyrdygyny" aýtdy.

"Biz duşmanyň işjeňligini saklamak üçin ähli zady edýäris. Häzirki wagtda bu biziň 1-nji maksadymyz, sebäbi Donbas basyp alyjylar üçin şindi hem 1-nji maksat" diýip, Zelenski aýtdy.

Sebit resmileri, şu aralykda, Russiýanyň soňky birnäçe günde, Eýranyň pilotsyz uçarlaryny ulanyp, Odesa sebitindäki nyşanalara azyndan bäş gezek hüjüm edendigini aýtdylar.

Rus raketalary merkezi Ukrainadaky Kriwi Rihiň howa menzilini hem nyşana aldy.

“Infrastruktura weýran edildi, howa menzili ulanar ýaly bolmady” diýip, Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Walentin Rezniçenko Telegramda aýtdy.

Şu aýda Ukrainanyň garşylykly hüjüminiň nyşanasy bolan Harkow sebitinde, demirgazyk-gündogarda hem aldym-berdimli söweş barýar.

XS
SM
MD
LG