Türkmenistanyň ilaty esasy azyk önümlerini subsidirlenen bahalardan satyn almakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam etdirýär. Döwletiň kesgitlän bahalaryndan önümler tekjelerde seýrek peýda bolýar. Käbir sebitlerde un, çörek we ýag birnäçe aýlap satylmaýar. Bu aralykda bahalar ýokarlanýar.
Subsidirlenen bahalardan azyk önümlerine, ýagny paýok diýlip atlandyrylýan çäklendirilen mukdarly azyga ilat tarapyndan uly isleg saklanýar. Çäkli mukdarda döwlet bahasyndan satylýan çörek, un we ösümlik ýagy köp sanly türkmen raýatynyň esasy iýmiti bolup durýar. Emma köpçülik bu önümleri uzak wagtlap satyn alyp bilmeýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary uzaga çeken azyk krizisi barada yzygiderli habar berýärkä, azyk ýetmezçiligi barada diňleýjiler hem maglumat ýollaýarlar.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda un, ýumurtga, pagta ýagy, mal etleri we towuk eti gytaldyTürkmenabadyň ýaşaýjysynyň 10-njy oktýabrda Azatlyga ýollan habarynda şäheriň üçünji kwartalynda ýerleşýän 27 we 39 aralygyndaky öýleriň ilatynyň üç aý bäri subsidirlenen bahalardan azyk satyn alyp bilmeýändigi aýdylýar. Onuň sözlerine görä, bu jaýlar 72-nji döwlet dükanyna degişli bolup, dükan işgärleri hem üpjünçiligiň ýoklugyndan zeýrenýärler. Diňleýji ýaşaýjylaryň prokuratura we şäher administrasiýasyna şikaýat edendiklerini habar berdi.
"Meniň öýümde iki sany maýyp bar. Olar şu wagt ýeke. Men hem daşary ýurtda, şu wagt pul ugradyp bilemok. Haýyş sizden, aladamyzy çap ediň. Hökimet eşitsin we etmeli işini etsin" - diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy Reimberdi Gurbanow ýazýar.
Azatlyk Radiosy dükan işgärlerinden, şäher häkimliginden we prokuraturadan maglumat almaga synanyşdy, emma häkimiýet wekilleri bilen habarlaşyp bilmedi.
Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatynyň çykyşy YouTube-da ýerleşdirildi we Türkmenabadyň birnäçe etrabynyň ýaşaýjylarynyň üç aý bäri döwlet bahasyndan un, ýag we towuk etini satyn alyp bilmeýändigi habar berildi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenabatdaky döwlet dükanlarynyň un, ösümlik ýagy, towuk budlary we ýumurtga ýaly esasy azygyň subsidirlenen bahadan köplenç satylmaýandygyny habar berýärler. Şeýle ýagdaý Türkmenistanyň beýleki sebitlerine-de degişli.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda un, ýumurtga, pagta ýagy, mal etleri we towuk eti gytaldyLebap welaýatynda subsidirlenen bahadan önümleriň satuwa çykarylandygy barada soňky gezek sentýabryň ahyrynda, garaşsyzlyk güni habar berlipdi. Türkmenabadyň bazarlarynda ýumurtga, pagta ýagy we towuk budlary gysga wagtyň içinde we çäkli mukdarda nagt pula satylypdy. Nobatda duranlaryň köpüsine azyk ýetmedi. Töleg kartlary kabul edilmedi. Bu barada Azatlygyň habarçylary 27-nji sentýabrda habar berdiler.
"Türkmenistanyň Hronikasy" şu günler Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çöregiň bahasynyň dört esse ýokarlanandygyny habar berdi.
Soňky bir hepdäniň dowamynda Aşgabadyň «Änew galla önümleri» dükanlarynda çöregiň bahasy dört esse ýokarlandy. Mysal üçin, Parahat-7/1 etrapçasynda ýerleşýän dükanda ozal 70 teňňelik türkmen çöreginiň bahasy 3 manata çenli ýokarlandy, agramy bolsa 600-den 510 grama çenli azaldy diýlip, habarda aýdylýar.
Degişli maglumat Türkmenabadyň ýag zawody üç aý bäri işlemeýär, işgärler tölegsiz rugsada ugradyldyNägile alyjylar munuň sebäbini anyklamaga synanyşdylar we Aşgabadyň administrasiýasynyň bahalara gözegçilik bölümine jaň etdiler. Olara barlanjakdygy aýdyldy, ýöne bir hepde soň hiç zat üýtgemedi diýilip, maglumatda aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy arzan çöregiň irden satylýandygyny aýdýar. Çörek söwdasy uly nobatlar bilen geçýär.
"Arzan çörek gaty ir satylýar we gykylygy eşitmek bolýar. Bu çörek dessine iýilmese, heňden ýaňa tiz garalýandygyny bilýärin" - diýip, habarçy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, subsidirlenen bahalarda un hem paýtagtyň dükanlarynda diňe irden satylýar. Bu ýerde un 1 kilogramdan satylýar, bir kilogramynyň bahasy 18-20 manat. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda her biri 1 manatdan ýumurtgany hem satyn alyp bolýar, ýöne ol satuwda köp bolmaýar.
Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli pese gaçmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagy sebäpli ýurt ýaşaýjylarynyň köpüsi subsidirlenen bahalardan azyk önümlerine garaşly bolýarlar. Soňky iki ýylda döwlet tarapyndan subsidirlenen bahalaryň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem harytlaryň hiliniň pesligine garamazdan, adamlar ençeme sagatlap nobata durmaly bolýarlar, emma bu azyk köpçülige ýetmän galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.