Aşgabatda plastik we karton ýaly galyndylaryň kabul edilmegi bes edildi. Köplenç köçelerde ýygnalýan plastik gaplar ýaly gaýtadan işlenilýän serişdeleri tabşyrmak arkaly gün görýän adamlar üçin bu garaşylmadyk ýagdaý olaryň ýeke-täk girdeji çeşmesini ýitirmegini aňladýar.
Türkmenistanda "baklažka" diýlip atlandyrylýan esasan içgileri üçin ulanylýan plastik gaplar köçe süpürijiler we beýleki jemagat gulluklaryň işgärleri, şeýle-de adaty raýatlar, şol sanda ulular we çagalar tarapyndan ýygnalýar. Plastik we karton iň gözlenýän serişde bolup durýar. Olaryň kabul edilmeginiň togtadylmagy köpleri gazançdan mahrum edýär.
"Baklažkalary we beýleki plastik gaplary ýygnaýanlar gynandy. Indi olar hemme ýerde kabul edilmeýär. Köp adam mundan gazanç edýärdi" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji oktýabrda aýtdy.
Degişli maglumat 'Serişde üstündäki uruş'. Türkmenistanda zir-zibile mätäç bolanlaryň sany artýarPlastigiň kabul edilmeginiň togtadylmagynyň sebäbi aýdyňlaşdyrylmady. Aşgabatda gaýtadan işlenilýän galyndylary kabul edýän nokatlarda Azatlygyň habarçysyna anyk düşündiriş berilmedi.
"Bir ýerde plastigiň gaýtadan işlenilmeginiň togtadylandygyny we munuň wagtlaýyndygyny aýtdylar, başga ýerler düýbünden ýapyk dur" - diýip, habarçy aýtdy.
Bu aralykda, gaýtadan işlenilýän galyndylaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly ýagdaý soňky aýlarda üýtgedi. Birnäçe aý mundan ozal bir kilogram plastik üçin 7 manat tölenipdi, soň bahasy 6 manada düşdi, ýaňy-ýakynda bir kilogram plastik gaplar üçin 5 we 4,50 manat berildi. Indi bolsa onuň kabul edilmegi bes edildi.
Galyndylary ýygnaýan adamlar häzirem köçelerde plastik ýygnamagyny dowam etdirýärler we onuň kabul edilip başlanmagyna umyt edýärler.
"Kimde saklamak üçin ýeri bar bolsa, geljek üçin ýygnamakçy bolýar. Ýöne zibilhanalaryň işgärleri gaty gynanýar, olaryň köpüsi başga ýerlerden gelen adamlar bolany üçin saklamak - problema bolýar. Olar plastigi uzak waglap ýygnamasalar, ol köçelerde ýatar "- diýip habarçymyz belledi.
Soňky ýyllarda plastik gaplary ýygnaýanlaryň arasynda köçe süpürijilerden başga-da, adaty ýaşaýjylar, esasanam garrylar hem çagaly aýallar köpeldi. Ykdysadyýetiň ýaramazlaşmagy adamlary gazançdan mahrum edýär, zibil dörýänler we dilegçiler köpelýär.
Habarçylar şu ýylyň başynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda plastik gaplaryny taşlaman ýygnaýanlaryň köpelýändigini habar berdiler. Köpçülik hojalygyndaky plastik galyndylary ýygnap, soň kabul edilýän nokatlara tabşyrýar.
Degişli maglumat Aşgabadyň polisiýasy zibil taşlanýan gaplaryň içini dörýänleri ýene tutup başladyGaýtadan işlenilýän galyndylara bolan islegiň fonunda paýtagtyň jemagat hyzmatlarynyň işgärleri hapa taşlanýan gaplara gözegçilik etmekde monopoliýany döretdi. Azatlygyň habarçylary geçen ýylyň başynda paýtagtda hapa taşlanýan ýerleriň ýanynda garawullaryň peýda bolandygyny we olaryň zibil dörjek bolýanlary kowmak we gutularyň içinden plastik we karton ýaly "geçginli" galyndylary saýlap almak bilen meşgullanýandygyny habar beripdi. Köplenç "olja" üstündäki dawa ýakalaşyklara öwrüldi we hatda tragiki ýagdaýa getirdi.
Şeýle-de, Aşgabatda hapa taşlanýan gaplarynyň golaýynda polisiýanyň zibil dörýänleri tussag edýändigi barada habarlar boldy. Tutulan adamlar, hususan-da “elitniý jaýlaryň” golaýynda şäheriň daş-görküni bozmakda aýyplandy.
Käbir ýagdaýlarda polisiýa adamlara hapa taşlanýan gaplaryň içini dörmäge belli bir möçberli pula rugsat berdi. Hususan-da, Maryda bolan wakalaryň birinde polisiýa zibil taşlanýan ýerlere barýan adamlary garawul ýaly görkezmek üçin olardan jemagat gulluklaryň işgärleriniňkä meňzeş eşikleri geýmegi talap etdi.
Türkmen hökimeti ilatyň gündeki durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada resmi düşündiriş bermeýär we barha köp göze ilýän garyplygy ykrar etmeýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda karton, plastik we reňkli metal toplaýanlar köpelýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.