Pul nagtlaşdyrmakda dowam edýän kynçylyklaryň arasynda bank işgärleri derňelýär

Illýustrasiýa suraty.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryň dowam edýän döwründe kanun goraýjy edaralaryň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bank işgärlerini derňeýändiklerini habar berýärler. Ýagdaýdan habarly çeşmäniň maglumatyna görä, garşysyna iş gozgalan käbir bank hünärmenleri plastik kart eýelerinden kanunda görkezilmedik töleg alyp, munuň öwezine olara pul nagtlaşdyrmaga ýardam bermekde güman edilýärler.

Çeşmämiz türkmen banklarynyň ýerli şahamçalarynyň birinde işleýän iki bank işgärine garşy açylan işiň kazyýete geçirilendigini habar berýär.

Maglumata görä, derňew işleri Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan alnyp barylýar.

MHM tarapyndan bikanun bank amallarynda aýyplanýan iki bank işgäriniň üsti barlananda olaryň biriniň ýanyndan 90 sany bank karty, beýlekisiniň ýanyndan bolsa 122 sany bank karty tapylypdyr.

Degişli maglumat Lebapda soňky üç aýda bäş gezek bankomat talandy

Azatlyk Radiosy bikanun bank amallarynda aýyplanýan bank işgärleriniň şahsy maglumatlaryny, at-familiýalaryny aýan etmekden saklanýar.

“Käbir bank hünärmenleri her gün her bir bank kartyndan 800 manat pul nagtlaşdyryp berip, munuň öwezine 40-50 manat pul alýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berdi.

Bank işgärleriniň üstünden tapylan 200-den gowrak bank karty delil hökmünde kazyýet işine berkidilipdir.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi plastik kartlaryň eýelerinden bikanun töleg almakda aýyplanýan bank işgärleriniň bankomatlardaky wideo kameralar arkaly anyklanandygyny aýdýar.

“Ilkibaşda, bankomatlardaky wideo kameralaryň düşüren wideolary seljerildi. Wideolarda [iki işgär] her gün bankomatlaryň öňünde görülýär. Şol sebäpli MHM we polisiýa olary yzarlap başlaýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy käbir bank işgärleriniň öz tanyşlaryny ileri tutup, olaryň plastik kartlaryndan pullaryny nagtlaşdyrmaga ýardam berýändiklerini habar berýär.

“Banklarda tanşy bar adamlaryň pullaryny nagtlaşdyryp berýärler. Bu ýagdaý bilen baglylykda plastik kartlarynyň ýitýän halatlary hem köpelýär” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi we “tanyş üsti bilen pul nagtlaşdyrmak” bilen bagly polisiýa bildirilýän arz-şikaýatlara seredilmeýändigini sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda alnyp barylýan derňewler barada Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Degişli maglumat Banklar derňelýär, käbir bank işgärleri bikanun kart amallarynda aýyplanyp saklandy

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň dürli sebitlerinde bank kartlaryndan pul nagtlaşdyrmak üçin oba ýerlerinden şäherlere we etrap merkezlerine gitmeli bolýan adamlar, gijesi bilen bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan raýatlar, bankomatlaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar, häkimiýetleriň bankomatlaryň öňündäki nobatlary gizlemek synanyşyklary barada habar berip geldi.

Türkmenistanda soňky sekiz ýyldan gowrak wagt bäri zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny raýatlaryň bank hasaplaryna geçirmek işleri tapgyrlaýyn esasda ýola goýulýar. Resmiler ýurduň maliýe pudagynyň sanlylaşdyrylýandygyny gaýtalasa-da, ilat pul nagtlaşdyrmakda dürli kösençlikleri başdan geçirip gelýär.

Bu aralykda, hökümetçi neşirler soňky wagtlarda “Internet bank” ulgamyna birikdirilýän bank müşderileriniň sanynyň artýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasabatyna saglylanylyp, iýulyň ortalarynda peýda bolan habara görä, Türkmenistanda “Internet banking” ulgamyndan peýdalanýan ulanyjylaryň sany 860 müňe golaýlapdyr.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýarym-resmi neşirler ýurt raýatlarynyň pul nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.