Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy ulanylýan zorlugyň we äsgermezligiň nobatdaky pidasy bolan 21 ýaşly Bägüliň ölümi, ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, şindi hem açyk we doly derňelmeýär. Ol Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň “Berkarar” obasynda ýaşaýardy. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda öz janyna kast eden gyzyň garyndaşlary Azatlygyň habarçysyna bu işiň doly derňelmegi, ony özüni öldürmäge mejbur eden adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi üçin alty ýyllap eden tagallalarynyň hiç bir netije bermändigini gürrüň berdiler.
Bägüliň ýakyn garyndaşlarynyň biri soňky aýlarda türkmen aýal-gyzlaryna garşy edilýän zorluklar we kemsitmeler barada çap edilen birnäçe maglumatdan soň Azatlyk bilen habarlaşdy. Onuň sözlerine görä, Bägül özüni halaýan ýigit tarapyndan alnyp gaçylyp,urlup- ýenjilenden we zorlanandan soň, gümürtik ýagdaýda sirke içipdir. Prokuratura bu iş boýunça güman edilýäniň hereketinde jenaýat alamatlaryny tapmandyr. Şeýlelikde, häkimiýetlere, şol sanda Türkmenistanyň prezidentine çenli edilen köp ýüzlenmeler şu güne çenli eşidilmän galdy
Bägüliň soňky Gurbanlygy
2016-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Gurbanlyk baýramy ýetip geldi, “Berkarar” geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň köpüsi ýaly, Annaorazowlaryň maşgalasy hem Gurbanlyk etmäge taýýarlanýardy.
Merhumyň hossarlarynyň sözlerine görä, Maýagözel Annanazarowa şol gün irden sagat 9:00-da gyzy Bägüliň eline 23 manat möçberinde pul berip, Gurbanlyk saçagy üçin gezek zatlary almak üçin, ony ýanaşyk oturan etrap merkezine, Türkmengala şäherindäki bazara ugradýar. Emma bazara giden gyz sagat 11:00 bolanda hem yzyna gelmänsoň, biynjalyk bolan ene gyzynyň el telefonyna jaň etmäge başlaýar. Ýöne gyz telefona jogap bermeýär. Şondan birnäçe sagat soň olaryň öý telefony jyrlaýar. Gyzyna garaşyp, alada edip oturan enä “gyzynyň uksus içendigini” aýdyp jaň eden soň jenaýatda güman edilýän ýigidiň ejesi bolup çykýar.
Degişli maglumat Hasabat: Türkmen maşgalalarynda her sekiz aýaldan bir aýal fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýar(Güman edilýän ýigidiň we onuň ejesiniň, bu iş bilen bagly aýal we erkek doganlarynyň, öýüne gyz eltilen daýzasynyň atlary redaksiýada bar, ýöne olary etiki sebäpler esasynda aýtmaýarys. Biziň olar bilen habarlaşmak üçin eden synanyşyklarymyz netije bermedi.).
Gyzyň uksusy näme üçin we nähili ýagdaýda içendigi, onuň şondan soň näme üçin has golaýda ýerleşýän hassahana alnyp gidilmän, uzak aralyga, kakasynyň aýal doganynyň öýüne alnyp digilendigi henize çenli anyklanmandyr we ullakan sora bolup galýar.
Jaň eden aýal oňa gyzynyň "uksus içendigini”, ony Ogulmiwäniň (Bägüliň kakasynyň şol obada ýaşaýan aýal dogany) öýüne alyp barýandyklaryny aýdýar. Ylgap çykan ene ýolda olara gabat bolýar we awtoulaga münüp, çalam-çaş bolup ýatan gyzyny görýär.
“Eje, meni ...bogup urdy, zorlady, kelläme telefon bilen urdy” diýip, gyz obadaş ýigidiň adyny tutup aýdýar; “şäherçäniň içinde, etažyň ýanynda urdy, zor bilen maşyna salyp, bir jaýa eltdi, jaýy görkezip biljek” diýýär (Türkmenistanda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna gysgaça ‘etaž’ hem diýilýär.).
Aýdylmagyna görä, gyz soň hassahanada ýatyrka, yzyndan gelen aýal doganyna hem güman edilýäniň özüni zor bilen awtoulaga basyp, ilki maşynyň içinde ýenjendigini, soň daýzasynyň jaýyna eltip urandygyny we zorlandygyny gürrüň beripdir.
“Eje, meni ...bogup urdy, zorlady, kelläme telefon bilen urdy...Bägül özüni zorlanyň adyny aýtdy
Bägüliň ejekesi, Türkmengalanyň etrap hassahanasynda şepagat uýasy bolup işleýän Ogulmiwe Ataýewa 12-nji sentýabrda, güman edilýäniň erkek doganynyň awtoulagynda, onuň ejesi we aýal dogany tarapyndan öýüne getirilen gyza, mümkin boldugyndan, ilkinji medisina kömegini bermäge çalyşýar, gaýtarmaga ýardam berýär, agyryny azaldýan sanjym edýär. Emma güman edilýäniň ejesi, erkek we aýal doganlary, ýagdaýy erbet diýilse-de, gyzy şol ýerde goýup gidýärler, netijede Maýagözel we Ogulmiwe awtoulag tapyp, gyzy etrap hassahanasyna äkitmeli bolýar.
Näsag bir gün soň, ýagdaýynyň agyrlaşmagy netijesinde, 13-nji sentýabrda etrap hassahanasyndan çykarylyp, Marynyň sebit hassahanasynyň toksikologiýa bölümine ýerleşdirilýär.
Degişli maglumat Zenalarynyň görküne gözegçilik maşgala zulumyna esas berýärBägüliň 12-nji sentýabrda, janyna kast etmek synanyşygyndan soň, şol günüň özünde hassahana ýerleşdirilendigine we keselhana resmileriniň bu barada häkimiýetlere habar berendigine garamazdan, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň hiç biri ejir çeken gyzdan sorag etmäge gelmeýär.
Gyzyň ýanyna diňe bir polisiýa işgäri gelip, ondan içen uksusynyň çüýşesini sorapdyr, gyz oňa ol çüýşäniň nirededigini güman edilýän oglanyň bilýändigini aýdypdyr we polisiýa oglana telefon edip, onuň çüýşäni getirmegini sorapdyr.
Maýagözel, hassahanadaky gyzyndan sorag edilmegini sorap, 15-nji sentýabrda Türkmengalanyň etrap prokuraturasyna barýar. Prokuraturada onuň “Siz baryp, gyzymdan sorag etjek dälmi?” diýen soragyna, “Eger gelen bolsaňyz, onda sorag edip galaly” diýip jogap berýärler.
Azatlygyň söhbetdeşiniň aýtmagyna görä, Bägül şondan soňam birnäçe günläp sorag edilmeýär we ýagdaýy agyrlaşyp, reanimasiýa bölümine geçirilýär.
Aýdylmagyna görä, Türkmengalanyň etrap prokuraturasynyň sülçüsi Nowruz Amanow Bägülden sorag etmek üçin bary-ýogy iki gezek, 19-njy we 20-nji sentýabr günleri Marynyň köpugurly hassahanasyna gelipdir.
"Eger gelen bolsaňyz, onda sorag edip galaly!"Öz janyna kast etmek synanyşygyndan soň hassahana ýerleşdirilen Bägülden ejesi talap edýänçä hiç kim sorag etmeýär
Bägül şol ýylyň 24-nji sentýabrynda içki organlaryna ýeten zyýandan aradan çykýar we bir gün soňra jaýlanýar.
Türkmengalanyň etrap prokuraturasy şondan bir aý soň, 2016-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda, güman edilýänleriň hereketleriniň düzüminde jenaýat alamatlary ýok diýen karara gelip, gyzyň başga sebäplere görä özüni heläkländigini öňe sürmek bilen, bu derňewi ýapýar. Prokuraturanyň gelen kararyndan soň Bägüliň özüni uran we zorlan diýip görkezen oglany Türkiýä gitmek mümkinçiligine eýele bolýar we, merhumyň hossarynyň tassyklamagyna görä, şondan bäri yzyna dolanmandyr.
Bägüliň kakasy Çaryhally Annanazarow bu karar bilen ylalaşman, işiň gaýtadan we doly derňelmegini gazanmak üçin, iki sany aklawçyny hakyna tutýar we olaryň kömegi bilen Marynyň welaýat prokuraturasyna, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, Adalat ministrligine, Adalatçynyň edarasyna ýüz tutýar. Ol adalatlylygyň berjaý edilmegini sorap, ýurduň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem ýüz tutýar. Emma onuň arzy şu wagta çenli, alty ýyllap eşidilmän galdy.
Prokuratura sülçüsiniň gapma-garşylykly tassyklamalary
Bägüliň nirede we haýsy şertlerde sirkeli çüýşe tapyp, ony açyp we içip bilendigi şindi hem belli bolman galýar. Huşuny ýitirmeginiň we özüne gelmeginiň arasynda aýdan sözlerinden çen tutulsa, özüni zorlamakda aýyplan obadaşy Bägüli zor bilen şol obada ýaşaýan daýzasynyň öýüne eltipdir.
Bellemek gerek, Bägül we ýigit bir-birini tanaýar, olar bir obada ýaşaýarlar. Görnüşinden, gyz oglana ýaraýar we onuň hossarlary birnäçe gezek gyzy sorap, gudaçylyga gelipdir.
Degişli maglumat Türkmen deputaty aýallar üçin kosmetiki gadaganlygy 'sanitariýa' sebäbi bilen düşündirdiBägüliň garyndaşlary oglan tarapynyň gudaçylyga gelendigini tassyklaýar, ýöne olar sawçylary birki gezek, göreli, maslahatlaşaly, soraly diýip, yzyna gaýtarypdyrlar. Adatça, Türkmenistanda sawçylara bada-bat ‘bolýar’ diýilmeýär, geliberiň, göreli, soraşaly diýilýär. Şeýlelikde, ýigit tarapynyň bu meselä nähili çynlakaý garaýandygy kesgitlenýär diýip, synçylar aýdýar.
Bägülň kakasy Çaryhally Annanazarow, aklawçylary bilen bilelikde, gyzyny hassahanada sorag eden prokuratura sülçüsi Nowruz Amanowa birnäçe gezek ýüz tutýar we kazyýet işiniň ýapylmagynyň sebäbini düşündirmegi talap edýär. Maşgalanyň garyndaşynyň pikiriçe, onuň beren jogaplary we getiren delilleri, öz sözleri bilen aýdylsa, gapma-garşy we düýpden bolup bilmejek zatlar bolup görünýär.
Birinjiden, sülçi ol Bägüliň uksusy nireden we haçan, nähili ýagdaýda alandygyny düşündirip bilmändir. Şol bir wagtda, gyza bazara gitmek üçin berlen 23 manat onuň sumkasynda sowulman galypdyr. Diýmek, onuň özi sirke satyn almak üçin pul harçlamandyr.
Bägüliň bedenindäki gök tegmillere, urgy yzlaryna garamazdan, sülçi gyzyň urlup-ýenjilendigi, zor bilen bir jaý eltilendigi we zorlanandygy barada aýdan sözlerine üns bermändir.
Maşgalanyň garyndaşynyň gürrüň bermegine görä, sülçi deslapky derňew wagtynda gyzyň oglan bilen ençeme ýyllap duşuşyp, ýakyn jynsy aragatnaşykda bolandygyny tassyklaýar. Sülçiniň hamala güman edilýän oglanyň we hassahanada gürlemäge halsyz ýagdaýda ýatan Bägüliň beren görkezmelerine salgylanyp tassyklamagyna görä, gyz, hamala, 2016-njy ýylyň başynda oglandan göwreli bolupdyr we mart aýynda abort etdiripdir. Uksusy bolsa ol, hamala, sögeni üçin gahar edip, oglany gorkuzmak üçin içipdir.
Sülçi gyzyň güman edilýän bilen ençeme ýyllap intim gatnaşyk saklap, ondan göwreli bolandygyny, abort etdirendigini we şol bir wagtda-da onuň gyzlyk perdesiniň bozulmandygyny öňe sürýär
Gyzyň hossarlary bu aýdylýanlary düýpden ret edýärler we Bägüliň öýden örän seýrek ýagdaýda çykandygyny, namaz okandygyny, eger-de onuň ýagdaýynda nähildir bir üýtgeşiklik bolsa, hamyla bolup, hassahana gidip abort etdirse, bu ýagdaýy maşgaladan ýaşyryp bilmejekdigini öňe sürýärler.
Sülçi öz sözlerini abort edendigi aýdylýan lukmanyň beren görkezmesi esasynda esaslandyrmaga çalyşýar (onuň ady redaksiýada bar).
Mary sebitiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkezi hassahanasy Bägül Annanazarowa 2016-njy ýylyň 4-nji martynda göwresindäki çagasyny aýyrmaklaryny haýyş edip, ýüz tutandygyny tassyklapdyr. Emma gyzyň hossarlary munuň mümkin däldigini doly ynam bilen aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistan aýal-gyzlary yzarlaýar we jyns taýdan deňligi ara alyp maslahatlaşýarSebäbi, bu görkezilýän sene gyzyň kakasynyň obadaşlaryny ýygnap, 3-nji martda 45 ýaşynyň toýuny toýlan gününiň ertesine, Bägüliň uzak gün öýde bolup, toýda ulanylan gap-çanaklary ýuwan gününe gabat gelýär. Bu ýagdaýda Bägül abort etdirmäge nädip gitsin we bilinmesin diýip, olar sorag berýär.
Mundan başga, Bügüliň hassahana baryp, çagasyny aýyryp bermeklerini soramagy Türkmenistanda diňe ýörite rugsat alnan ýagdaýynda mümkin. Beýle işi bikanun eden lukmana iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.
Mundan soň has täsin ýagdaýlar başlaýar. Çaryhally Annanazarowyň öz gyzynyň zorlanandygyny we şu sebäpden özüni heläklemek derejesine ýetirilendigini aýtmagy bilen, sülçi Amanow onuň sözüni ýalana çykarmak üçin, lukmançylyk barlagynyň netijesine salgylanyp, Bägüliň gyzlyk perdesiniň bozulmandygyny aýdýar.
Eýsem, ençeme ýyl jynsy gatnaşykda bolandygy we hatda göwreli bolup, çagasyny hem aýyrdandygy aýdylýan gyz nädip gyzlygyny saklaýar diýen soraga bolsa, etrap sülçüsi jogap bermegi zerur hasaplamaýar.
Bägüliň hossarlarynyň tassyklamagyna görä, prokuraturanyň sülçüsi we hamala gyzyň göwreliligini aýrandygyny aýdýan lukman güman edilýän oglanyň maşgalasy tarapyndan satyn alnypdyr.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aklawçy, bu pajygaly wakanyň töweregindäki ýagdaýlar bilen tanşyp, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda birbada birnäçe jenaýatyň amala aşyrylandygyny aýtdy.
Birinjiden, ol “sülçi Amanowyň Jenaýat-iş ýörediş kodeksini bilkastdan bozup, doly bahaly derňew çärelerini geçirmek islemän, işi ýapandygyny” aýtdy.
“Jenaýat-prosessual kodeksi döwletiň adalatlylyga elýeterligi üpjün etmegini nazarda tutýar. Amanow, gyzyň öz janyna kast etmegine sebäp bolan ýagdaýlary doly derňemän, bu kadany gödek bozupdyr. Jenaýat kodeksine laýyklykda, bu sülçi iň bolmanda derňew edaralarynda işlemekden çetleşdirilmeli" diýip, aklawçy aýtdy.
Agyr ýagdaýda ýatan gyzy saglyk edarasyna eltmän, garyndaşynyň öýüne alyp gelen adamlar hem jogapkärçilige çekilmeli diýip, ol pikir edýär.
“Merhumyň garyndaşynyň sözlerine görä, güman edilýäniň ejesi uksus içen gyzy oglunyň awtoulagynda golaýda ýerleşýän hassahana eltmän, onuň garyndaşynyň uzakdaky öýüne çenli alyp gaýdýar. Bu ýerde adamlar topary tarapyndan edilen hereketleriň düzüminde hem ýagdaýy agyrlaşdyrýan jenaýat bar we oňa türme tussaglygy hökümi çykarylmaly. Eger-de garyndaşlarynyň sözüne ynanylsa, bu iş birnäçe adam tarapyndan edilipdir. Netijede, bu ýagdaýyň agyrlaşmagyna getirip, gyz heläk bolupdyr” diýip, aklawçy aýtdy.
Degişli maglumat 'Içinden näme geýdiňiz?' Türkmenistanda aýal-gyzlara gözegçilik içki geýime baryp ýetdiMundan başga, ýuristiň sözlerine görä, özüniň zorlanandygyny, jynsy we fiziki zorluga sezewar edilendigini aýdýan gyz bilen güman edilýän oglanyň ýüzleşdirilmegi ýaly, sülçi jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň ýene birnäçe talabyny äsgermezlik edipdir.
“Eger-de ol gyzy hassahanada sorag etmek ýerlikli diýip hasaplan bolsa, diýmek, onuň hasabyna görä, gyzyň ýüzleşdirilmäge gatnaşmak üçin ýagdaýy bolan bolmaly. Mundan başga, zat subutnamalary hem düzüwli toplanmandyr. Uksus çüýşesini näme üçin güman edilýän getirýär? Derňew guramalary derrew baryp, gyzyň öz janyna kast etmäge synanyşan jaýyny doly gözden geçirmeli. Jaýda, awtoulagda, çüýşede galan barmak yzlary alynmaly” diýip, aklawçy aýdýar.
Bägüliň garyndaşlarynyň sözlerine görä, onuň teninde gök tegmiller, urgy yzlary galypdyr, emma sülçi bu ýagdaýlary hem gözden salypdyr diýip, aklawçy aýdýar.
“Sülçiniň bir tarapdan gyz oglan bilen uzak wagtlap jynsy aragatnaşyk saklamak netijesinde göwreli bolupdyr, şu sebäpden abort etdiripdir diýip, soň onuň zorlanandygyny ýalana çykarmak üçin, Bägüliň gyzlyk perdesi bozulmandyr diýmegi bolsa, onuň adamlary samsyk hasaplaýandygyny aňladýar” diýip, aklawçy aýdýar.
Ýokarda bellenişi ýaly, bu ýagdaýlar Bägüliň garyndaşlarynyň häkimiýet edaralaryna, şol sanda prezidente ýazan hatlarynda hem bellenip geçilýär.
Azatlyk ýurduň Baş prokuraturasy, Adalat ministrligi bilen habarlaşyp, bu iş boýunça düşündiriş almaga synanyşdy, emma olar ne ýazmaça, ne-de telefon arkaly jogap berdiler.
Ýöne biz Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň, Adalatçynyň edarasy bilen habarlaşyp bildik. Azatlygyň žurnalisti bilen iki gezek telefonda gürleşen işgär Bägüliň garyndaşlarynyň 2018-nji ýyldaky haýyşnamalarynyň seneleri aýdylanyndan soň, “bu iş boýunça maglumatlaryň diňe gyzyň garyndaşlaryna görkeziljekdigini” aýtdy we, ilki radionyň soraglaryna jogap berip biljek degişli hünärmeni tapmagy wada beren hem bolsa, soňundan žurnaliste düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.
Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy ulanylýan zorluk sowet döwründen bäri çynlakaý mesele bolmagynda galýar. Türkmen häkimiýetleriniň soňky birnäçe aýda aýallara garşy girizen nobatdaky kemsidiji çäklendirmelerinden soň, bu problema jemgyýetçiligiň we halkara habar serişdeleriniň hem aýratyn üns bermegine sebäp boldy.
Azatlygyň habarçylary şu ýylyň aprel aýyndan bäri türkmen aýal-gyzlary babatynda girizilen täze gadaganlyklar we çäklendirmeler barada habar berýärler, ýogsa bu ýagdaý öňem öwerlik däldi.
Has anygy, aprel aýynda birden, garaşylmadyk ýagdaýda aýallara kosmetiki hyzmatlardan peýdalanmak, saçlaryny gysga kesdirmek, gysga we dar köýnek, jinsi balak, şortik we käbir içki eşikleri geýmek gadagan edildi. Bularyň hemmesi "bu hili emeli gözelligiň türkmen zenanyna gelişmeýändigi ýa-da mahsus däldigi" bilen düşündirilýär.
Gözellik salonyna baryp, bu ýere özünden rugsatsyz gelendigi çaklanylýan aýalyny göz edip urýan türkmeni görkezýän wideonyň sosial ulgamlara ýaýramagy bolsa, ýurtda aýallara garşy zorlugyň nähili açyk edilýändigini görkezdi.
BMG-niň Ilat gaznasynyň geçen aýyň aýagynda çap eden hasabaty adatça oňaýsyz maglumatlaryň ýaýradylmagyny berk çäklendirýän Türkmenistanda maşgaladaky zorlugyň gerimini açylyp görkezýär.
Hasabatda tassyklanylmagyna görä, pikir soramalara gatnaşan aýallaryň 12 göterimi özleriniň maşgalada fiziki zorluga ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýandygyny aýdypdyr.
Makalany rus dilinde hem okap bilersiňiz. Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy ulanylýan zorluk barada öz pikir-garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, redaksiýa Sizden hoşal bolar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.