Türkmenabat: Gurluşygy uzaga çeken awtomenzili Garaşsyzlyk baýramyna çenli taýýar etmek tabşyryldy

Illýustrasiýa suraty. Gurluşyk meýdany. Türkmenistan.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda bina edilýän ýolagçy awtomenziliniň gurluşygy uzaga çekýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetleriň gurluşyk işleri bir ýyl töweregi togtadylan desganyň Garaşsyzlyk baýramyna doly taýýar edilmegini talap edýändiklerini habar berýärler.

“Awtomenziliň daşky fasady doly tamamlanan hem bolsa, içi heniz taýýar däl. Sebäbi bu desgada soňky bir ýyl bäri gurluşyk işleri alnyp barylmady. Ýaňy-ýakynda häkimiýetler ‘awtomenzili Garaşsyzlyga doly taýýar etmeli we dabaraly açmaly’ diýip, gyssap başladylar” diýip, gurluşykdan habarly çeşmeler Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabadyň öňki halkara howa menziliniň ýerleşýän ýerinde, şäheriň çetinde ýerleşýän täze awtomenziliň gurluşygyny “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýetiniň ýerine ýetirýändigini habar berýär.

Degişli maglumat Rowaçlygy sorag döredýän kottežler ýa-da gymmat gurluşyklaryň zyýany nädip azaldylar?

Metbugat arhiwlerine görä, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýurduň “Türkmenawtoulaglary” agentligine Türkmenabat, Balkanabat, Daşoguz we Mary şäherlerinde ýolagçy awtomenzillerini gurmak barada “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Ýatlasak, şol gün, 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ozalky Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň binýadynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakynda karara gol çekdi we täze ministrligiň başlygy wezipesine ogly Serdar Berdimuhamedowy belledi. Şol bir karar bilen beýleki transport agentlikleri bilen bir hatarda “Türkmenawtoulaglary” agentligi Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň tabynlygyna geçirildi.

Welaýat merkezlerindäki täze awtomenzilleriň gurluşygyny 2020-nji ýylyň fewralynda başlap, 2022-nji ýylyň fewralynda tamamlamak göz öňünde tutulýardy. Aradan alty aýyň geçendigine garamazdan, ýerli ýaşaýjylar gurluşygy üstümizdäki ýylyň fewralynda tamamlanmaly edilen desganyň gurluşyk işleriniň Garaşsyzlyk baýramyndan soňra hem dowam etdirijekdigine ynanýarlar.

Täze desganyň gurluşygynyň bir ýyl töweregi togtadylmagynyň sebäpleri resmi taýdan mälim edilmeýär, ýöne gurluşygyň togtadylan döwri ýurtda pandemiýa çäklendirmeleriniň girizilen döwrüne gabat gelýär.

Bellesek, 2020-nji ýylyň aprelinde öňki prezident global pandemiýa bilen bagly dünýäde emele gelen ýagdaýlar sebäpli, ýurtda diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmegi tabşyrypdy. Muňa garamazdan, pandemiýa döwründe paýtagt Aşgabatda ýaşaýyş-durmuş ähmiýeti sorag astynda galýan gymmatbahaly, kaşaň myhmanhanalar açylyp ulanylmaga berildi.

Degişli maglumat Lebapda awtobanyň gurluşygynda işgärler ‘goşmaça tölegsiz 12 sagat işledilýär’

Döwlet metbugaty “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýetine ynanylan awtomenzilleriň bahasy barada maglumat bermeýär.

“Awtomenziliň gurluşygy Türkmenabatda açylyp, ulanylmaga berlen “Ak öýüň” gurluşygyndan hem öň başlady, ýöne “Ak öýden” yzda galdy” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ýatlasak, Türkmenabatda ýaşaýyş-durmuş ähmiýeti sorag astynda galýan “Ak öý” binasy geçen ýylyň tomsunda açyldy.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar Türkmenabatda gurulýan täze awtomenziliň ýerleşýän ýerini çet görýändiklerini aýdýarlar.

“Bu awtomenzil Türkmenabadyň gündogarynda ýerleşýär. Awtomenzil Türkmenabat awtobanyndan 28 kilometr uzakda ýerleşýär. Awtomenziliň çetde salynmagy ýolagçylaryň ýol sagadyny köpeldýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Awtomenzil Türkmenabadyň gündogar çetinde ýerleşýär, awtoban şäheriň günortasyndan çekilipdir. Ulaglar awtomenzilden awtobana çykmak üçin 28 kilometr ýol geçmeli bolarlar.

Has ozal, 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň demirgazyk eteginde Halkara awtomenzil açylyp ulanylmaga berildi. Şonda döwlet metbugaty bu awtomenzilden Eýrana, Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana, Türkiýä we Owganystana oňaýly awtobuslaryň ugrajakdygyny habar beripdi.

Bu Halkara awtomenzil hem “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlupdy.

Bu kompaniýanyň ýurtdaky iri gurluşyk tenderlerini ‘ýeňmeginiň’ aňyrsyndaky sebäpler aýdylmaýar, ýöne halkara derňew žurnalistleriniň Türkmenistan babatda geçirýän seýrek derňewleri ýurtda iri tenderleriň köplenç Türkmenistanyň prezidentiniň ýakyn töweregindäki adamlara ynanylýandygyny görkezýär.

Degişli maglumat Bilbil daýza: Mellekleriň parasy 200 müň manada ýetdi, jaýly bolmak düýşe öwrüldi

Internet maglumatlaryndan çen tutulsa, “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýeti gurluşyk pudagy bilen bir hatarda önümçilik ulgamynda hem iş alyp barýar.

“M & B Group” haryt nyşany bilen görkezilýän kompaniýa, şol bir wagtda, aýakgap, haly we deri önümçiligi pudaklarynda hem iş alyp barýar. Kompaniýanyň websaýtyndan mälim bolşuna görä, ýurduň paýtagtyndaky iň iri “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýän “MB” restorany we üçünji gatynda ýerleşýän “MB Döner” tiz tagam kafesi hem “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýetine degişli bolup durýar.

Türkmenistanda soňky on ýylda birnäçe halkara howa menzilleri, deňiz porty, awtobanlar we awtomenziller açylyp ulanylmaga berildi. Ýöne synçylar miliardlarça dollar sarp edilen desgalaryň köpüsiniň doly kuwwatynda işledilmeýändigini aýdýarlar.

Ýapyk Türkmenistanyň hökümeti ýurdy Ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, onuň sebitdäki iň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülýändigini öňe sürýärler.

Döwlet metbugaty 16-njy awgustda Awazada öz işini tamamlan halkara ulag maslahatyny ýurduň ulag ulgamyndaky ähliumumy hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde wagyz etdi.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy şu günler Türkmenabat awtomenziliniň uzaga çeken gurluşyk işleriniň, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany, gije-gündizleýin iş tertibine geçirilendigini habar berýär.

Degişli maglumat Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.