Türkmenistanyň daşynda, hususanda Türkiýede eýýäm ençeme ýyl bäri watanyna dolanyp bilmeýän türkmenleriň uçarlaryň ýola goýulmagyny talap edip, Stambulyň aeroportunda protest çärelerini geçirmeginiň yzýany, görnüşinden, türkmen häkimiýetleri daşarda galan raýatlaryny ýurda getirmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýärler.
“6-njy awgustda Stambuldan Türkmenabadyň halkara aeroportuna Boeing-777 kysymly uçar bilen, 300 töweregi türkmenistanly getirildi. Mundan beýläk, Stambuldan Türkmenistana hepdede iki uçar reýsini guramak planlaşdyrylýar. Olary gezekli-gezegine Türkmenabadyň we Türkmenbaşynyň aeroportlary kabul ederler” diýip, Türkmenabadyň Halkara aeroportundaky ygtybarly çeşmämiz 7-nji awgustda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanlylar Stambulda 'Türkmen howa ýollaryna' we konsullyga 'basyş' edýärlerTürkmenistanyň global pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryna mundan iki ýyl ozal girizen çäklendirmelerini doly aradan aýyrmaýandygy we raýatlaryny watanyna dolamak ugrunda diňe çäkli çarter uçarlaryny gurnaýandygy sebäpli, köp türkmenistanly daşary ýurtlarda, hususanda Türkiýede agyr şertlerde galmaga mejbur bolýarlar.
Türkmenistan maýyň aýagynda Dubaý, Kazan we iýulda Moskwa ugurlary boýunça dowamly uçar gatnawlaryny dikeltse-de, türkmenleriň has köpdügi aýdylýan Türkiýe ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryny henizem ýola goýmady.
Bu sebäpli, iýulyň başyndan bäri ýollaryň açylmagyny talap edip, Stambulyň howa menziline barýan türkmen raýatlarynyň sany ep-esli artdy. Käbir türkmenler birnäçe aýlap şol ýerde galýarlar. Köpleriň gidere başga ýeri ýok. Galyberse-de, aeroporta toplanan türkmen raýatlary ençeme gezek köpçülikleýin nägilelik çärelerini hem geçirdiler.
Şular ýaly protest çykyşlarynyň azyndan ikisiniň yzýany, adaty bolmadyk ýagdaýda, Türkmenistandan türkmen raýatlarynyň yzyndan Stambula goşmaça uçar ýollandy. Azatlygyň habarçylary, şeýle-de garaşsyz neşirler türkmen häkimiýetleriniň Türkiýe ugry boýunça uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrmagyny, raýatlaryň bu baradaky nägilelikleri bilen bagly bolmagynyň mümkindigine ünsi çekýärler.
“Türkiýede galan raýatlary tiz-tizden ýurda getirjek bolýarlar. Şol sebäpli, ozal çarter uçarlarynyň aglabasy Türkmenabada gonan bolsa, häzir bu reýsleri Türkmenbaşynyň aeroporty hem kabul edip başlar. Mundan başga-da, Türkiýeden getirilen ýolagçylar ozal ýedi gün karantinde saklanan bolsalar, indi olaryň bu möhleti hem üç güne çenli azaldyldy. Bu hem nobatdaky uçar bilen getiriljek raýatlara karantinde ýerleri boşatmak üçin edilýär. Netijede, her 3-4 günden bir gezek Türkiýeden çarter uçaryny guramak planlaşdyrylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly Türkmenabadyň aeroportundaky çeşmämiz sözüne goşdy.
Degişli maglumat "Sanawlar, para we garaşmak". Türkmenler öz watanyna dolanyp bilmeýärlerTürkmenistanyň çäginde COVID-19-yň ýokdugyny erjellik bilen inkär edýän türkmen häkimiýetleri, şol sanda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýe ugry boýunça artydyrylan çarter uçarlary barada, umuman, özleriniň çäklendiriji hereketleri sebäpli daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmenistanlylaryň ykbaly barada asla maglumat bermeýärler. Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.
Bu aralykda, türkmen ýolagçylary üçin ozal wizasyz syýahat etmäge mümkinçilik döredilen käbir ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlaryndan ýörite giriş rugsatnamasynyň soralýandygy barada tassyklanmadyk maglumatlar gowuşýar.
Turkmen.news neşiri öz çeşmelerine we sosial ulgamlardaky ýazgylara salgylanyp, türkmen ýolagçylarynyň Türkiýä wizasyz goýberilmeginiň togtadylandygyny aýdýar. Bellesek, Türkiýe 30 güne çenli türkmenistanlylardan wiza talap etmeýär.
“Stambula amala aşyrylýan çarter uçarlaryndan peýdalanmakçy bolýan ençeme adama, Türkiýäniň ilçihanasyndan ýörite ‘wauçer’ almalydygyny, muny hem wizany düzetmek üçin, soňra syýahatçylyk agentligine eltmelidigini aýtdylar. Bu hili wizasy bolmadyk ýolaglçylaryň birnäçesini uçardan düşürdiler” diýip, neşir 5-nji awgustda çap eden makalasynda belleýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Bu tranzit ýollar arkaly Türkiýä aşmakçy bolýanlara hem täsir ýetirdi. Eger-de kimdir-biri ilki (golaýda dowamly uçar gatnawlary ýola goýlan) Kazan ýa Moskwa uçup, soňra-da Stambula aşmakçy bolsa, onda türkmen migrasiýa gullugynyň işgärleri olardan diňe bir rus däl, eýse türk wizasyny hem soraýarlar” diýip, turkmen.news nygtaýar.
Neşir Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň konsullyk gullugy bilen habarlaşandygyny, türk resmileriniň hem Türkmenistan bilen aradaky wizasyz düzgüniniň dowam etdirilýändigini aýdandyklaryny, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň täze talaplaryna düşündiriş berip bilmändiklerini ýazýar.
Azatlyk 8-nji awgustda bu mesele boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşyp, bu maglumaty ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bildi. Türkiýäniň Aşgabatdaky konsulhanasy we ilçihanasy hem resmi websaýtynda görkezilen belgileriň hiç birine jogap bermedi.
Degişli maglumat Türkmenistan daşary ýurtda galan raýatlaryny getirmäge ‘howlukmaýar’Bu aralykda, sosial medialarda käbir türkmenistanly ulanyjylar Gürjüstanyň aeroportunda hem özlerinden wiza soralandygyny, ýogsa ozalky tertibe laýyklykda bu günorta kawkaz ýurdunda bir ýyla çenli wizasyz galyp bolandygyny ýazýarlar.
Bu postuň aşagynda şeýle ýagdaýlara duş bolandygyny aýdýan, şol bir wagtda özleriniň hiç hili bökdençsiz Gürjüstana girmegi başarandygyny belleýän ulanyjylar hem öz pikirlerini galdyrypdylar. Azatlyk häzirlikçe munuň resmi ýagdaýda girizilen täze düzgündigini ýa-da kadadan çykma hökmünde belli-belli ýolagçylara ulanylan tertipdigini anyklap bilmedi.
Maglumat üçin aýtsak, Moskwanyň Ukraina esassyz çozmagyndan soň, Russiýanyň barha üzňeleşdirilmeginiň arasynda, köp rus raýaty goňşy ýurtlara, şol sanda Gürjüstana aşyp başlady. Munuň çäginde, käbir rus raýatlarynyň, şol sanda žurnalistleriniň hem bu ýurda goýberilmändigi barada habarlar çykdy.
Galyberse-de, Türkmenistanyň Türkiýede galan raýatlaryny köpçülikleýin ýagdaýda watanyna dolamagy göz öňünde tutýandygy baradaky habar, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň demografiki krizisiň bosagasynda durandygy baradaky aladalaryna we şu ýylyň aýagynda geçirilmeli ilat ýazuwyna gabat geldi.
Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 1,8 million töweregi türkmenistanlynyň ýurtdan göçüp gidendigini, şeýle-de ýurduň häzirki ilatynyň 2,7-2,8 million töwereklerindedigini aýdýarlar.
2007-nji ýyldan bäri ilatynyň sany barada resmi maglumatlary çap etmeýän Türkmenistanyň hökümeti Azatlykda çykan bu maglumatlara reaksiýa bildirmeýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmeginiň esasy sebäpleriniň arasynda ýurduň içindäki söhbetdeşlerimiz ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşýandygyny belleýärler. Munuň bilen bir wagtda-da, häkimiýetler ilata gözegçiligini güýçlendirip, raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagynyň öňünde päsgelçilikleri döredýärler.
Degişli maglumat Çeşme: Soňky 10 ýylda 1,9 milliona golaý adam Türkmenistany terk etdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.