Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar Stambulda 'Türkmen howa ýollaryna' we konsullyga 'basyş' edýärler


"Türkmen howa ýollarynyň" Stambul halkara howa menzilindäki ofisi.
"Türkmen howa ýollarynyň" Stambul halkara howa menzilindäki ofisi.

Türkmenistanyň raýatlary öz watanyna gaýdyp barmak umydy bilen Stambulyň halkara howa menziline ýygnanmagyny dowam etdirýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň, garaşsyz metbugat çeşmeleriniň we sosial ulgamlardaky neşirleriň habar bermegine görä, ýüzlerçe türkmen raýaty günde bu ýere ýygnanýar. Türkmenistana adaty howa gatnawynyň henizem ýola goýulmandygy sebäpli Türkiýede galan türkmen raýatlary türkmen hökümetiniň guraýan ýörite uçarlaryna münmegi umyt edýärler.

Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki fondunyň" (THF) 3-nji awgustda ýaýradan habaryna görä, Stambul howa menziline ýygnanan türkmen raýatlarynyň arasynda dartgynlyk artýar.

"2-nji awgustda türkmen migrantlary Stambulyň howa menzilindäki kassa hüjüm edip başladylar. 200 golaý adam bir ýolagçy ýerine iki bilet satan "Türkmen howa ýollarynyň" işgärleriniň hilegärliklerinden nägilelik bildiri. Howa menzilindäki türkmenler konsullygyň wekillerine garaşdylar, emma olar görünmedi" diýip, THF habar berdi.

Bu aralykda, sosial ulgamlarda peýda bolan wideoýazgylarda Stambul howa menziliniň binasynda "Türkmenistan howa ýollary" ofisiniň öňünde tutuş giňişligi doldurýan köp adamy görmek bolýar. Adamlar bu ýere Türkmenistana gitmek mümkinçiligini talap edip, üýşýärler we gaharlanýarlar. Wideolaryň birinde mähelle ses edip, bir çagaly aýalyň polisiýa işgäri tarapyndan urulmagyna uly nägilelik bildirýär.

Birnäçe aý bäri Türkmenistanyň raýatlary türkmen hökümeti tarapyndan gurnalýan seýrek uçarlarda ýurduna gitmek umydy bilen Stambulyň howa menziline yzygiderli ýygnanyşýarlar. Türkmenistan, COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadan Türkiýe adaty uçar gatnawlaryny henizem dikeltmedi.

Iýul aýynyň başynda Stambul howa menzilinde barýan türkmen raýatlarynyň sany ep-esli artdy. Käbir türkmenler birnäçe aýlap şol ýerde galýarlar. Köpleriň gidere başga ýeri ýok.

17-nji iýulda Türkmenistanyň müňe golaý raýaty Stambul howa menziline ýygnanyp, watanyna gitmek mümkinçiligini talap etdi. Şol gün hökümet tarapyndan meýilleşdirilen çarter uçary Stambuldan Türkmenistana ugrapdy. Aeroportda ýygnanan märekäniň basyşy astynda, şol gün adaty bolmadyk ýagdaýda ýurduň raýatlarynyň yzyndan Türkmenistandan Stambula ikinji uçar barypdy.

Bu aralykda Stambulda Türkmenistanyň konsullygynyň öňünde ullakan nobatlar saklanýar.

THF-nyň habaryna görä, 1-nji awgustda Türkmenistan konsullygynyň daşynda 350-500 adam nobata düzülipdir. Ýygnananlar konsullyga ýüz tutmak üçin barypdyr.

"Öýländen soňra adamlar nägilelik bildirip başladylar, käbirleri konsuluň gelmegini talap etdiler, näletler edildi. 'Biz uzyn gün jokrama yssyda günüň aşagynda durýarys. Adamlary kösemegi bes ediň! “- diýlen nägilelikler eşidilýardi. Raýatlar gaharlandylar we bu adamlaryň aýdaň iň sadaja zatlarydy. Beýlekiler konsullyk işgärleriniň ýaltalygyna nägilelik bildirdiler, başgalary bolsa konsullugyň işgärleriniň gelýänlere köp ýyllap gödek çemeleşilmegine gaharlandylar. Ahyrynda kimdir biri binanyň penjiresini döwdi, gan döküldi, konsullyk işgärleri polisiýa jaň etdi "- diýip, THF haber berdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy gurama şaýatlara salgylanyp, türkmen konsullygynyň işgärleriniň ýygnan adamlara wideo ýazgylary gadagan edendigini we azyndan iki adamy wideo ýazgylaryny telefonlaryndan pozmaga mejbur edendigini habar berdi.

"Konsullygyň işgärlerinden biri raýatlara iş wagtyndan artyk işlemegi wada berdi: şol gün raýatlary kabul etmek 21:00-a çenli dowam etdi. Konsullugyň käbir işgärleri kadr ýetmezçiliginden zeýrenip, käbir baranlara aýtdylar" diýilip, habarda aýdylýar.

Konsullygyň öňündäki uly nobatlar birnäçe aý dowam edýär. Iýun aýynda Azatlygyň Stambuldaky habarçylary her gün birnäçe ýüz adamyň türkmen konsullygynyň öňünde ýygnanýandygyny gürrüň berdiler. Birnäçe gün nobatda duran adamlar pasportlaryny täzelemäge ýa-da dürli zerur şahadatnamalaryny almaga synanyşýarlar. Konsullygyň öňünde bolup geçýän zatlary garaşsyz metbugat çeşmelerinde we sosial ulgamlarda çap edilen wideolarda görmek bolýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG