Marynyň häkimiýetleri beýleki dinlere we dini hereketlere uýýanlaryň sanynyň köpelmeginiň öňüni almak çäresine başlady. Sebitde dindarlar we ýerli metjitleriň wekilleri bilen düşündiriş ýygnaklary geçirilýär. Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary we çeşmeleri maglumat berýärler.
Musulman ruhanylary ilaty yslam dinini ileri tutmaga we beýleki dinleri saýlamazlyga nädip ynandyrmalydygyny öwredýän ýygnaklara gatnaşýarlar. Çäreler ýerli häkimlikleriň işgärleri we Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebit bölüminiň wekilleri tarapyndan gurnalýar. Azatlygyň habarçysy bu barada 1-nji awgustda habar berdi.
"Bu çärelere her sebitden mollalar gatnaşmaly. Mary welaýat Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri we häkimlik wekilleri etraplaryň häkimliklerine ymamlary, azançyary we jemgyýetde tanylýan dinçileri ýygnaýarlar, olaryň atlaryny sanawa ýazýarlar, surata düşýärler we soňra howpsuzlyk işgärleri olar bilen duşuşyklary geçirýärler"- diýip Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabadyň metjitlerinde bäş gezek azana çagyrylýar, ýöne dinçilere namaza durmak gadagan edilýärŞeýle ýygnanyşyklara gatnaşan çeşmeleriň sözlerine görä, bu çäreler dini toparlaryň, hususan-da, Iegowa Şaýatlarynyň yzyna eýerýänleriň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşykly diýlipdir.
"Ýurtda beýleki dinlere uýýanlaryň, esasanam Iegowa Şaýatlarynyň gaty köpdügini aýtdylar. Soňra hristianlar hakda gürlediler. Olar şeýle dowam etse, musulmanlaryň galmajakdygyny aýtdylar. Ýaşlaryň arasynda dine gyzyklanma ýok diýdiler", - diýip, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürrüňdeş bolan gatnaşyjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýygnaklarda ruhanylara aýal-gyzlaryň dar eşikleri geýmekden saklanmagyny, kosmetika serişdelerini ulanmazlygyny wagyz etmelidigi, ýaşlary bolsa gysga balak geýmezlige we paýhasly bolmaga ündemelidigi aýdylypdyr.
"Size aýal-gyzlary we ýaşlary paýhaslylyga çagyrmagy öwretmek hökman däl. Emma biz, mysal üçin, ýasa we ölenleri ýuwmaga gatnaşýan dinçi garrylaryň azalýandygyny aýtmaly. Ýaşlar bilen duşuşyklarda olary şeýle çärelere gatnaşmaga ündemek üçin utandyrmaly diýdiler"- diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Duşuşyklara gatnaşan beýleki adamlaryň sözlerine görä, şeýle-de ýygnaklarda musulman ruhanylaryndan hüşgär bolmak, beýleki dinlere uýýanlar hakda maglumat ýygnamak we Milli howpsuzlyk ministrligine tabşyrmak, şeýle hem "azaşanlary" yzyna gaýtarmak üçin olary "ata-babalaryň dinine" uýmaga ynandyrmak talap edilipdir.
Degişli maglumat "Türkmenistanda namaz okaýanym üçin işimden boşatdylar"Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, häkimlikleriň wekilleri ymamlardan we metjit wekillerinden mümkin boldugyça köp ýaşlary türkmen däp-dessurlaryna we musulman düzgünlerine çekmek üçin öz täsirinden peýdalanmagy talap edipdir.
"Bize indi wagyzlarymyzda adamlary mukaddes ýerlere ýygy-ýygydan baryp görmäge, zyýaratdan şypa gözlemäge, namaz okamaga we agyz beklemäge, ýygy-ýygydan sadaka bermäge çagyrmalydygymyzy, şeýle hem adamlara munuň üçin hiç kimiň yzarlanmajakdygyny düşündirmelidigimiz aýdyldy"-diýip, Maryda howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleriniň ymamlar bilen geçiren ýygnagyna gatnaşanlaryň biri aýtdy.
Soňky ýyllarda ýurduň häkimiýetleri dinçilere edýän basyşyny güýçlendirdi. Musulmanlar namaz okamak we dini edebiýaty saklamak, spirtli içgilerden ýüz öwürmek we sakgal ösdürmek üçin yzygiderli yzarlandylar.
Türkmenistanda din azatlygy kanun taýdan kepillendirilýär. Bu aralykda, Türkmenistan ýyllarboýy dünýäde dini azatlygy iň gödek bozýanlaryň arasynda galýar.
Halkara guramalary Türkmenistanda dini jemgyýetlere we beýleki dinleriň wekillerine berk basyş edilýändigini habar berýärler we ýurduň hökümetini yslamy öz syýasy maksatlary üçin ulanmagy bes etmäge çagyrýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň ýas sadakalary üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.