"Biz gaty sada we ynanjaň halk. Biz telewizorda ýurduň metjitlerinde sadaka geçirilip, adamlaryň juma namazyny okaýandygyny görenimizde, metjitlerde iň bolmanda juma namazyny okamaga rugsat berilýändir öýtdük. Ýöne seredip otursak, telewizorda oýunçylar oýun oýnap, bize telewizorda spektakl görkezen ekenler. Sebäbi ýene onlarça adamy baş metjitden kowdular" diýip, Mary welaýatynyň baş metjidine goýberilmedik adamlaryň biri aýtdy.
25-nji fewralda Türkmenistanyň "Altyn asyr" telekanalynda efire berlen "Watan" habarlar gepleşiginde ýurduň metjitlerinde toý sadakalarynyň berlip, juma namazlarynyň okalandygy görkezildi.
Resmi metbugat munuň 12-nji martda geçirilkek prezident saýlawlarynyň "üstünlikli guramalaşdyrylmagy" we "ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi" üçin geçirilendigini hem-de bu babatda doga-dilegleriň edilendigini habar berdi.
Mary welaýatyndaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu gepleşigi gören maryly raýatlaryň, hususan-da, ýaşulularyň onlarçasy metjitler gaýtadan açylandyr öýdüp, ilki etrap, soňra-da baş metjide bardy. Ýöne olar öz tamalarynyň çykmandygyny metjitleriň öňüne baranda bilip galdylar.
"Adamlar öz etraplaryndaky metjitleriň öňüne baranda, onuň agzynda gulp asylandygyny gördüler. Soňra köp adam diňe baş metjit açylandyr öýdüp, Mary şäherine geldi. Ýöne olar bu ýere gelende, onuň öňünde raýat geýimli kanun goraýjylary, ýagny MHM we polisiýa işgärlerini gördüler. Bu işgärler adamlara metjidiň açylmandygyny aýdyp, "baryň, öýleriňize gidiň, namazyňyzy öýleriňizde okaň" diýip, olaryň ýüzlerini alyp, kowup goýberdiler" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren marylylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, MHM-niň işgärleri metjidiň öňüne baran adamlar ýurtdaky metjitleriň ählisiniň ýapykdygyny, olaryň diňe döwlet telewideniýesine ýazgy etmek üçin wagtlaýyn açylandygyny hem aýtdylar.
Bellesek, ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri metjitleri käte bölekleýin açsa-da, umuman ýapyk saklaýar.
Ýerli synçylar we türkmenistanlylaryň ençemesi bu çäklendirmeleri "häkimiýetleriň karantin çärelerini bahana edip, raýatlaryň namaz okamak ýaly dini amallarynyň we bir ýere jemlenip, özara pikir alyşmagynyň öňüni almak tagallalary" diýip düşündirýärler.
"Häkimiýetler döwlet telewideniýesi üçin reportaž taýýarlananda, ýüzlerçe adamy bir ýere jemleýär. Olar maska dakynmak we iki metr aralygy saklamak ýaly düzgünleri berjaý etmeýärler. Reportažlar ýazgy edilenden soňra, häkimiýetler ýene karantini, ýene wirusy baha edýär. Ýöne döwlet telewideniýesine ýazgy edenlerinde, wirus ýatlaryna düşmeýär" diýip, maryly ýaşaýjy sözüni jemledi.
Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň geçen ýylyň maýynda we martynda hem Mary metjidine namaz okamaga gelen adamlary metjitden kowandygyny habar beripdiler.
Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda dini azatlyklary yzygiderli çäklendirmekde tankyt edilýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti özüniň 17-nji noýabrda çap eden maglumatynda Türkmenistany din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna gaýtadan goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.