Türkmen häkimiýetleri mollalary başga dinlere garşy wagyz-nesihata çekýärler
Marynyň häkimiýetleri beýleki dinlere we dini hereketlere uýýanlaryň sanynyň köpelmeginiň öňüni almak çäresine başlady. Sebitde dindarlar we ýerli metjitleriň wekilleri bilen düşündiriş ýygnaklary geçirilýär. Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary we çeşmeleri maglumat berýärler.