'Ilat sanynyň azalmagy häkimiýetleri alada goýýar'. Goşa raýatlygy bolanlaryň kynçylygy dowam edýär

Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasy, Aşgabat (arhuw suraty)

Russiýa Federasiýasynyň hem raýatlygyna eýe bolan Türkmenistanyň raýatlary üçin ençeme ýyllap garaşandan soň, ýakynda Türkmenistanyň daşary ýurt pasportlaryny almak, şonuň bilen birlikde ýurtdan çykmak mümkinçiligi döredi. Emma Azatlygyň çeşmelerine we garaşsyz metbugat serişdelerine görä, olaryň ýurtdan çykmagyna degişli käbir kynçylyklar saklanyp galýar.

Azatlygyň habarçysynyň Aşgabatdan habar bermegine görä, soňky wagtda iki ýurduň raýatlygyny saklap, daşary ýurtly türkmen pasportyny almak mümkinçiligine eýe bolan goşa raýatlykly adamlar üçin käbir syýahat ýeňillikleri döräpdir. "2003-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli Russiýanyň raýatlygyny alan Türkmenistanyň raýatlaryny wizasyz ýurtdan çykarýarlar. Ondan öň Russiýa gitmek üçin olaryň daşary ýurt pasportynda wizaly möhür basylýardy" - diýip, Azatlygyň habarçysy 7-nji iýulda habar berdi.

Iýun aýynda iki ýurduň raýatlygy bolan Türkmenistanyň raýatlary üçin türkmen biometrik pasportyny almak üçin Migrasiýa gullugyna ýüz tutmaga mümkinçilik döredi. Bu, prezident Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa eden resmi saparyndan soň boldy. Bu mümkinçilik 2003-nji ýyldan soň Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny alan we ýurtlaryň arasynda goşa raýatlyk baradaky şertnamanyň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly türkmen pasportyny alyp bilmän 19 ýyl bäri garaşan raýatlara degişli.

Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň Moskwa saparyndan soň goşa raýatlygy bar adamlara pasport berlip başlandy

Bu aralykda, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň ene-atalarynyň raýatlygy sebäpli 2015-2020-nji ýyllarda rus raýatlygyny alan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň ýurtdan goýberilmeýändigi barada habarlar bar.

“Turkmen.news” garaşsyz neşiriň habaryna görä, migrasiýa gullugynyň işgärleri çagalara türkmen daşary ýurt pasportlaryny bermekden ýüz öwürip, ene-atalaryň bir raýatlykdan ýüz öwürmegini talap edýärler. Çykalgalaryň biri hökmünde jhäkimiýetler ene-atalara çaganyň haýsy raýatlykdan ýüz öwürjekdigini ozbaşdak saýlamagy üçin onuň 18 ýaşyna çenli garaşmagy teklip edýärler diýip, neşir habar berýär we şeýlelik bilen kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň ene-atalarynyň ýurtdan çykyp bilmeýändigini we çagalaryň “zamun” bolandygyny belleýär.

“Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň özi bu çagalara rus pasportlaryny berdi. Indi maslahat soralanda, "kanuny bozduň" diýýärler. Ilçihana eksport uçuşlaryny guran wagtynda, rus pasportynyň bolmagy ýolagçylaryň sanawyna girizilmek üçin şert bolupdy. Ýöne çagaly adamlar türkmen tarapyndan gitmäge rugsat berilmänsoň, şu wagta çenli garaşyp geçirdiler" diýlip, neşiriň maglumatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň we Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekillerinden resmi kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda goşa raýatlyk düzgüni 10 ýyl saklanypdy we 2003-nji ýylyň aprelinde ýatyrylypdy. Goşa raýatlygy ýatyrmak baradaky ylalaşyga gol çekilenden gysga wagt soň Türkmenistan goşa raýatlygy bolan adamlaryň diňe bir döwletiň pasportyny saklamagyny talap etdi. Rus pasportyna eýe bolan türkmen raýatlaryna daşary ýurt pasportlary berilmedi.

2019-njy ýylyň tomsunda, on ýyllyk arakesmeden soň, Türkmenistanyň migrasiýa gullugy goşa türkmen-rus raýatlygy bolan raýatlardan pasport üçin resminamalary kabul edip başlady. Diňe käbir kategoriýalar, şol sanda çagalar we garrylar Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurt pasportlaryny alyp bildiler.

Migrasiýa gullugy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goşa raýatlyk bilen baglanyşykly häzirki ýagdaý barada resmi düşündiriş bermediler.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmeleri bu ýagdaýy häkimiýetleriň ýurtdan gidýän ilatyň sanyny azaltmak synanyşyklary bilen baglanyşdyrýar. Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gepleşen ygtybarly çeşme, häkimiýetleriň ilatyň sanynyň azalmagyndan aladalanýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Russiýa göçmek isleýän türkmenlerden Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmek talap edilýär

"Bu alada, dekabr aýynda ýetip gelýän ilat ýazuwy bilen baglanyşykly. Olar BMG maksatnamalaryna gatnaşmagyň şerti hökmünde ilat ýazuwyny geçirmäge mejbur bolýarlar. Halkara howa gatnawynyň henizem dowam etdirilmezliginiň esasy sebäbi hem pandemiýa bilen bagly däl, olar bir eýýäm tamamlandy, ýöne uçarlar uçup başlansoň, köp sanly migrantyň we beýleki ýurtlara hemişelik gitmek kararyna gelenleriň ýurtdan çykyp biljegine alada döredýär. Olar indi türkmenleriň mümkin boldugyndan köpüsini yzyna gaýtarmaga synanyşarlar"- diýip, çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, hökümet tarapyndan guralan çarter reýsleriniň türkmen raýatlaryny ýurtdan äkitmezlige däl-de, getirmäge gönükdirilmegi ilat sanynyň azalmagy bilen baglanyşykly.

"Halkara gatnawlary dekabr aýyndan ozal ýola goýulsa-da, esasan raýatlary getirer, daşary çykarmaz. Gazana we Dubaýa gatnawlar hem esasan adamlary getirýär, şonuň üçin biletler gaty gymmat" - diýip çeşme aýdýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri 17-27-nji dekabr aralygynda ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine görä, soňky on ýylda 1,9 million türkmen raýaty ýurtdan çykypdyr we ýurduň ilatynyň häzirki sany 2,7-2,8 million töwereginde.

Türkmenistanyň ozalky ilat ýazuwy 2012-nji ýylda bolupdy, ýöne netijeler şu caka çenli çap edilmedi we munuň sebäpleri düşündirilmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.