Döwlet sektoryndaky edaralarda we kärhanalarda aýal-gyzlardan häkimiýetleriň edýän ähli talaplaryny ýerine ýetirmek barada dilhatynyň alynmagy dowam etdirilýär. Aşgabatdaky döwlet edaralarynyň işgärleri kosmetika serişdelerinden ýüz öwürýändiklerini we özüne çekijiligiň beýleki usullaryndan el çekýändikleri barada ýazmaça habar bermäge mejbur bolýarlar.
Paýtagtyň býujet edaralarynda işleýän aýallar we gyzlar, iş berijilerini kosmetik serişdelerini ret edýändikleri barada ýazmaça görnüşde ynandyrmaga mejbur bolýarlar. Häzirki wagtda bu ýagdaý Aşgabadyň ähli döwlet edaralarynda, şol sanda lukmançylyk edaralarynda bolup geçýär. Dilhaty arkaly zenan işgärler saçlaryny boýamazlyk, kirpiklerini gür etmezlik, dyrnaklaryny boýamazlyk we ş.m. borçlary öz üstüne alýarlar. Bu barada 19-njy maýda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berdi.
Mundan öň aprel aýynyň ikinji ýarymynda Maryda döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärlerinden dilhat alynyp başlandy. Şeýlelik bilen aýal-gyzlara kosmetika serişdelerini ulanmazlyk, saçlaryny boýamazlyk, manikýur etmezlik, dar eşik geýmezlik we umuman gelşikliligi artdyrmak üçin goşmaça usullary ulanmakdan saklanmak tabşyryldy. Mundan başga-da, dilhatlarda aýallar giň we uzyn köýnekleri we nagyşly balaklary geýmek niýetini aýratyn görkezmeli boldy.
Degişli maglumat IPPF: Türkmenistan aýallaryň bedenlerine gözegçiligi güýçlendirýärAýal-gyzlaryň daşky görnüşine bolan talaplardan başga-da, häkimiýetler aýal maşgalalaryň özüni alyp barşyna gözegçiligi güýçlendirýärler.
Garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" türkmen häkimiýetleriniň aýal-gyzlaryň hukuklaryny bozmagyny dowam etdirýändigi we olaryň daş keşbi we özüni alyp barşy barada görkezme berýändigi barada habar berýär.
Neşir 18-nji maýda çap eden maglumatynda Lebap welaýatynda Bilim ministrliginiň işgärleri, häkimlikleriň medeni bölümleriniň wekilleri we Aýallar birleşiginiň hem-de Ýaşlar bileleşiginiň ýerli bölümleriniň wekilleri mekdeplerde okuwçylar bilen duşuşyk geçirýärler diýip, habar berdi. Gyzlara milli däp-dessurlaryň ähmiýeti düşündirilýär we olaryň geljekki eneler hökmünde çagalaryň terbiýesine jogapkärdigini aýdylýar.
Şeýle hem, gyzlara "Botoksyň ulanylmagy diňe bir tebigy gözelligi zaýalaman, eýsem onkologiki kesellere hem sebäp bolup biler" diýlip, maglumatda aýdylýar.
Mundan başga-da, neşir Lebap welaýatynyň polisiýa işgärlerine seýilgählerde biri-birine ýakyn oturan oglan-gyzlara her birine 300-350 manat jerime salmak tabşyrylandygyny habar berdi. Eger olar student bolsa, bilim edarasynyň ýolbaşçylaryna hat ugradylyp, "köpçülik ýerlerinde ahlaksyz hereket edýändigi" sebäpli çäre görmek talap edilýär.
Neşir aprel aýynyň başynda Mejlisiň başlygy Gülşat Mammedowanyň prezident Serdar Berdimuhamedowa “Milli Gengeşiň, kanun goraýjy guramalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň Balkan welaýatynda gyzlaryň we aýallaryň arasynda Milli türkmen däp-dessurlaryna, maşgala edep-terbiýesiniň mukaddesligine bagyşlanan wagyz-nesihat işleriniň geçirilendigi barada hasabat berendigini ýatladýar.
Türkmenistanyň hökümeti aýal-gyzlara garşy girizýän gadagançylyklary resmi taýdan yglan etmedi we bolup geçýän wakalar barada resmi derejede düşündiriş bermeýär.
Degişli maglumat Türkmen zenanlary 'gözellik gadagançylygy' barada pikir alyşýarlar we basyşa garşylyk bildirmäge synanyşýarlarKäbir synçylar Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbine we özüni alyp barşyna bolan häzirki gözegçiligiň sebäbini täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň zenanlaryň erkinliliginiň islendik görnüşine garşy garaýyşlary bilen düşündirýärler.
Bu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” Lebapda polisiýasynyň käbir işgärleriniň zenanlaryň geýimlerine we kosmetika ulanmagyna girizilen gadaganlyklary goldaýandygyny habar berdi.
"Olaryň pikiriçe, gyzlar prowokatiw hereket edýärler we geýinýärler, şeýlelik bilen jynsy jenaýatlara sebäp bolýarlar, [polisiýanyň] işini köpeldýärler. Ýagny, polisiýa zorlamagyň we beýleki yzarlamanyň günäsini pidanyň üstüne atýar" - diýip, neşir öz maglumatynda belleýär.
Degişli maglumat Türkmenistanyň hassahanalarynda näsaglardan ýörite geýim talap edilip başlandyTürkmenistanda aýallaryň daşky görnüşine we özüni alyp barşyna berk talaplar aprel aýynyň başynda başlandy. Botoksyň we emeli dyrnaklaryň gadagan edilmegi ýüzboýagy dyrnak reňklemek, saçy boýamak we ýene ençeme beýleki kosmetiki amallara çenli giňeldildi. Soň bolsa häkimiýetleriň talaplary dar köýnek we jeans geýmegi gadagançylygy bilen dowam etdirildi.
Indi ilat hassahanalarda-da giň köýnek we türkmen balagyny geýmeli edildi. 16-njy maýda Azatlygyň habarçylary käbir sebit hassahanalarynda bejergi alýan näsag aýallara giň köýnek geýmek we kellesinde elmydama ýaglyk dakmak, erkeklere bolsa, gysga ýeňli ak pagta futbolka we giň gara türkmen balaklaryny geýmek tabşyryldy diýip, habar berdiler. Hassalar keselhanada talap edilýän täze geýimleri özleri getirmeli.
Bu aralykda "Türkmenistanyň Hronikasy" ýörite görnüşli geýim talaby karantin zolaklarynda hem girizilipdir.
Neşir 13-14-nji maý gijesinde Türkmen raýatlarynyň Stambuldan getirlendigini habar berdi. "Karantine gelen badyna aýallar hajathanasynda uly nobat emele geldi - bu uçar bilen gelen türkmen diplomaty aýallaryň daşky görnüşi bilen baglanyşykly täze düzgünler barada gürrüň berdi we köp kosmetika we aşa açyk ýa-da dar eşik geýmezligi talap etdi. Ýubka, jeans we futbolka geýnen aal-gyzlar eşiklerini hajathanada milli uzyn köýneklere öwürmeli boldular we ýüzlerindäki boýaglary ýuwup aýyrdylar"- diýip, neşir 17-nji maýda çap eden maglumatynda ýazdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.