Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan harby çozuşlarynyň bäşinji gününde Türkmenistanyň resmi we ýarym resmi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaragly konflikt barada dymýar. Bu aralykda, Ukrainada galan türkmen raýatlary goňşy ýurtlara aşmaga synanyşýarlar. Ynsan hukuklaryny goraýjy gurama türkmen häkimiýetlerini Ukrainada galan türkmenistanlylaryň ewakuasiýasyna ýardam bermezlikde aýyplaýar. Türkmen diplomatlary bu aýyplamalary ret edip, bar bolan mümkinçilikleriň çäginde öz raýatlaryny ewakuasiýa etmek ugrunda tagalla edýändiklerini aýdýarlar.
24-nji fewralda Russiýa Ukraina garşy uzak wagt bäri howatyr edilýän harby hüjüme girişdi.
Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan çozuşlarynyň arasynda, duşenbe güni BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligi parahat ilatdan 500 müňden gowrak bosgunyň Ukrainadan goňşy ýurtlara bosgunlyga çykandygyny habar berdi.
Türkmen dilli käbir sosial media hasaplary Ukrainadan Polşa çykmaga synanyşýan türkmenistanlylar barada maglumatlary paýlaşýarlar. Sosial media maglumatlaryndan çen tutulsa, Ukrainada galan türkmen ýaşlary özbaşdak guramalaşyp, ewakuasiýa mümkinçilikleri barada sosial ulgamlar arkaly pikir alyşýarlar we çykalga gözleýärler. Twitter we Instagram ýaly sosial ulgamlarda paýlaşylan käbir maglumatlarda şu wagta çenli Ukrainadan Polşa geçmegi başaran türkmenistanlylaryň hem bardygyny görmek bolýar.
Ulanyjylaryň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Azatlyk Radiosy sosial ulgamlarda degişli maglumatlary paýlaşýan hasaplary agzamakdan saklanýar, galyberse-de, sosial mediada paýlaşylýan bu maglumatlaryň takyklygyny öz çeşmelerine tassykladyp bilmeýär.
turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, 26-njy fewrala çenli onlarça türkmenistanlynyň Ukrainadan Polşa we Moldowa aşmagy başarandyklaryny habar berýär.
Neşir käbir maglumatlara görä Ukrainada 6 müň töweregi türkmen studentiniň bardygyny aýdýar.
Degişli maglumat THG Ukrainadaky türkmenistanlylaryň 'hossarsyzdygyny' aýdýar, Türkmen ilçihanasy 'beýle däl' diýýärDüýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasy 26-njy fewralda ýaýradan beýanatynda türkmen raýatlarynyň Ukrainadan ewakuasiýa edilmegine Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň ýardam bermeýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň raýatlary konfliktiň ilkinji gününde Kiýewdäki türkmen ilçihanasy we konsullygy bilen telefonda habarlaşmaga synanyşdylar, käbiri ol ýere bardy we adaty ümsümlik bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip, Türkmen Helsinki fondy 26-njy fewralda çap eden maglumatynda aýty.
Azatlyk Radiosy Ukrainadan ewakuasiýa garaşýan türkmenleriň meseleleri boýunça 26-njy fewralda Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasyndan kommentariý almagy başardy.
“Biziň telefonlarymyz işläp dur, ýüz tutan raýatlarymyzdan zerur kömek-maslahatlarymyzy gaýgyrmaýarys, mümkin boldugyndan, kyn ýagdaýda galan raýatlarymyzy goňşy ýurtlara çykarmagyň hem aladasyny edýäris. Emma häzirki ýagdaýlarda özbaşdak hereket etmek mümkinçiligi ýok we biz ýerli şertler esasynda işleýäris” diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen ilçihana wekili Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Türkmen ilçihanasynyň wekili atlandyrylmazlyk şerti bilen duşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren goşmaça maglumatynda, Ukrainada dowam edýän harby ýagdaýyň arasynda raýatlary ewakuasiýa etmekde Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki goňşy döwletleriň wekilhanalary bilen hem özleriniň tejribe alyşandyklaryny aýtdy. Şol bir wagtda türkmen wekiliniň sözlerine görä, emele gelen ýagdaý ýurtda galan raýatlaryň guramaçylyk bilen serhetden aşyrylmagynda käbir päsgelçilikleri döredýär.
Degişli maglumat Ukrainada galan türkmenler goňşy ýurtlara geçmäge synanyşýarlar, ilçihananyň ‘kömek etmeýändigini’ aýdýarlar“Häzir bu ýerde kommendant sagady yglan edilensoň, has howply ýagdaýlar bar. Biz häzir raýatlarymyza ‘pylan ýerden çykyň, ýöräň, ýa-da pylan ýerden awtobus ugraýar, gideliň!’ diýip, biz olary has uly howpa salyp bilemizok” diýip, ilçihana wekili aýtdy.
Şeýle-de, ol türkmen raýatlarynyň kabul edilmegi babatynda özleriniň Polşa, Rumyniýa hem-de Moldowa respublikasyna degişli notalary ugradandyklaryny, olaryň bolsa öz haýyşlaryny kabul edendiklerini habar berdi.
Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki we ýarym-resmi habar serişdeleri Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan çozuşlary, dowam edýän ýaragly çaknyşyklar barada habar bermeýär.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty soňky iki ýylyň dowamynda post-sowet giňişlikde bolup geçen syýasy tolgunyşyk wakalary – Belarusda bolup geçen köpçülik protestleri, Gyrgyzystanda bolan köçe protestleri we munuň ýol açan häkimiýet çalşygy, Gazagystanda bolup geçen halk gozgalaňy hem-de Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda barýan uruş barada türkmen raýatlaryna asla habar bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.