Türkmen metbugaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň aýagynda döreden täze goşgusyny ilki bilen öz maşgala agzalaryna okap berendigini habar berýär. Bu onuň bir aýda döreden ikinji goşgusy bolup, “Ýaraglaň sesi, sem boluň!” diýen setirleri eýýäm sebitleriň käbirinde býujet işgärleriniň boýnuna ýüklenen mejbury haryda öwrüldi.
“Jan Watanym Türkmenistan!” diýlip atlandyrylan goşgy prezidentiň bir aýda döreden ikinji goşgusy bolýar. Ol 12-nji dekabrda, paýtagt Aşgabatda Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabarada hem özüniň täze, dünýäde parahatçylyga çagyryp ýazan goşgusyny okap beripdi.
Degişli maglumat Döwlet edaralary Berdimuhamedowyň täze goşgusy ýazylan plakatlary satyn almaly edildiTDH onuň täze goşgusyny "ata Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip" ýazandygyny belleýär. Emma ýurtda azyk gytçylygynyň we 1990-njy ýyllardaka çalymdaş nobat dawalarynyň saklanyp galandyg habar berilýär.
Şeýle-de neşir prezidentiň baýramçylyk mynasybetli döreden täze goşgusynyň metbugat sahypasynda çap edilmeginiň türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgada öwrüljekdigini çaklady.
TW habarlaryndan görnüşine görä, türkmen resmileri prezidentiň kitaplaryny mejbury minnetdarlyk bilen, ýüze sylyp kabul edýärler.
Döwlet baştutany Täze ýyl gutlagynda hem ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikler barada ýyllar boýy tekrarlanýan sözleri gaýtalady we geljek ýylyň, Gündogar müçenamasy boýunça, bars ýylydygyna, bolçulyk boljagyna ünsi çekdi.
"Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2021-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli ençeme döwletli işlere badalga berdik" diýip, prezident aýtdy.
Mundan başga, prezidentiň döredijilik bilen meşgullanýan bir agtygynyň (ady aýdylmaýar) atasyna “Türkmen nepisligi” atly surat eserini, beýleki bir agtygy Kerimiň bolsa, "baýramçylyk mynasybetli ýene bir täze saz eserini döredendigini" habar berdi.
Degişli maglumat Täze kitapda 'dünýä ýurtlaryny birleşdirjek maksatlar' seljerilýärHabarda K. Berdimuhamedowyň öz täze sazyny atasynyň goşgy okaýan wagtynda çalyp berendigi, onuň "belent owazly aýdymlar üçin joşgunly goşgulary döreden atasyndan görelde alýandygy" hem bellenip geçilýär.
Azatlygyň sebitdäki habarçysynyň dekabryň ortasynda beren habaryna görä, döwlet baştutanynyň 12-nji dekabrda ýazan goşgusy ýazylan plakatlar we prezidentiň täze portretleri Lebap welaýatyndaky mekdeplerde, keselhanalarda, saglyk öýlerinde mejbyry satylan haryda öwrüldi.
Plakatlar we portretler üçin mekdep mugallymlary öz aralarynda adam başyna 40 manatdan pul ýygnamaga mejbur edilýär, bu talap keselhanalara we saglyk öýlerine-de degişli diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýtdy.
Şu ýyl garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellän Türkmenistanda ozal, 1991-nji ýyldan 2006-njy ýylyň ahyryna çenli baş dörediji, iň ussat ýazyjy we şahyr Saparmyrat Nyýazow bolan bolsa, soňky 15 ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow boldy.
Degişli maglumat "Döwlet guşy" synplara girdiOnuň adyndan çap edilen onlarça eser ilki döwlet neşirýatynda üç dilde çap edilýär we soňra Türkmenistan bilen iş gatnaşygyny edýän ýurtlaryň iş adamlarynyň tagallasy bilen, başga dillere hem terjime edilýär.
G.Berdimuhamedow käte öz kitaplaryndan alan galam galam haklarynyň hasabyna sadaka berýär, ýöne ol kitaplaryň näderejede geçginli ýa bestseller bolandygy, çaphana çykdajylaryny ödäp-ödemändigi, olardan prezidentiň näçeräk möçberde pul gazanyp, näçe salgyt töländigi habar berilmeýär.
Şol bir wagtda, prezidentiň kitaplarynyň býujet edralarynyň işgärlerine mejbury satylýandygy barada maglumatlar bar.
Soňky ýyllarda, kagyz harajatlaryny tygşytlamak üçin, Türkmenistanda çap edilýän neşirleriň birnäçesi birikdirildi, beýlekileri sanly ulgama geçirildi, emma prezidentiň kitaplaryna harçlanýan kagyz serişdelerini tygşytlamak barada häzirlikde hiç bir gürrüň edilmeýär.
Türkmen kanunlarynyň döredijilik erkinligini kepillendirýändigine garamazdan, soňky 30 ýylda Türkmenistanda prezidenti we onuň alyp barýan syýasatyny wasp etmekden saklanýan ýazyjy-şahyrlaryň onlarçasy gara sanawa girizldi we edebi tankyt düýpden diýen ýaly ýatyp galdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.