Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň üç dilde çykan 63 kitaby ähli okajaga 'elýeterli' boldy


Türkmenistanyň prezidentiniň eserleriniň elektron kitaphanasy döredildi, onda Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 2007-nji ýylda döwlet baştutany bolaly bäri çap edilen kitaplar üç dilde, türkmen, rus we iňlis dillerine okyjylara hödürlenýär.

Türkmenistanyň prezidenti aýdymçy we kompozitor, dijeý, ussat çapyksuwar, maşyn we welosiped sürüji, atyjy... bolmagyndan başga, özüni dürli žanrlarda öndümli işleýän ýazyjy hökmünde hem tanatdy. Okyjylara hödürlenýän elektron kitaphanadan görnüşine görä, ol gysga wagt içinde 60-dan gowrak kitap ýazypdyr.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem kitap ýazýardy we onuň esasy bir kitaby – “Ruhnama” türkmenistanlylaryň mejbury-meýletin okamaly eserine öwrüldi. Bu eser Türkmenistandan iş, şertnama almak isleýän daşary ýurtly biznesmenleriň tagallalary bilen onlarça daşary ýurt diline hem terjime edildi. Şeýle-de, türkmenistanlylar S.Nyýazowyň adyndan çap edilen goşgulary okamaly, kähalatda ýat tutmaly boldular.

Berdimuhamedow ýazyjylykda öz halypasyndan ozduran hasaplanýar, ýöne onuň goşgularynyň sosial mediadaky meşhurlygy Nyýazowyň goşgularyndan pesräk görünýär.

Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolandan soň, ýazyjylyk hem esasan öňki we häzirki prezidentiň, olary goldaýanlaryň işine öwrüldi, başga pikirli ýazyjy-şahyrlar okyjylardan daşlaşdyryldy. Şeýle-de, soňky 30 ýylda ýurtda edebi tankyt, çap edilýän eserlere tankydy syn çap etmek mümkinçiligi ýok edildi.

XS
SM
MD
LG