Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ölümine 15 ýyl boldy

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow (çepde) we ikinji prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Ýigrimi birinji dekabrda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň tarpa-taýyn ölümine 15 ýyl dolýar. 15 ýyl mundan ozal, adaty bir gyş gününde döwlet telewideniýesi ilkinji prezidentiň ölüm habaryny köpçülige ýetirdi. Habar ýyldyrym çaltlygynda ýurduň çar künjüne ýaýrady. Şol gün 7-den 70-e, awtoritar režim astynda ýaşaýan her bir türkmenistanlyny gyzyklandyrýan ýeke-täk sorag bardy: indi näme bolar?

Ilat bu soragyň jogaby bilen gümra wagty Saparmyrat Nyýazowyň orunbasary, şol wagtlar ýurduň bilim, medeniýet we saglyk pudagyna gözegçilik eden wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow birden öňe çykyp, merhum prezidenti soňky ýoluna ugratmak dabarasyna ýolbaşçylyk etdi. Soňra Berdimuhamedow ilki prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji boldy, 2007-nji ýylyň fewralynda bolsa prezident boldy.

Ilkinji prezidentiň ölüm habary ýurduň 30 ýyllyk taryhynda ilatyň, belki-de, iň işjeň syýasat bilen gyzyklanan döwürleriniň biri bolandyr. Tanyş, nätanyş, mugallym, talyp, lukman, esger, okuwçy, daýhan, gysgaça hemmeler garyşyk duýgular bilen birek-birege habar berýärdi: “Türkmenbaşy ölüpdir”

Garaşsyzlygyň irki ýyllary

Şübhesiz, Nyýazow Türkmenistan döwletiniň iň taryhy we öwrümli pursatlarynda, hususan-da Sowet Soýuzy ýykylyp, onuň binýadynda täze respublikalar peýda bolanda, heniz öňde boljak wakalary çaklamagyň kyn döwürlerinde garaşsyz Türkmenistana ýolbaşçylyk etdi.

Soýuz darganda belli bir garaşsyz maksatnama eýe bolmadyk türkmen döwlet adamlarynyň ikirjiňlenmeleri, şübheleri, ýurduň geljegi baradaky gaýgy-aladalary hakda heniz hem täze-täze maglumatlar ýüze çykýar.

Degişli maglumat Azatlyk Radiosynyň Nyýazow bilen geçiren interwýusy

Amerikaly kino režissýor Oliwer Stonyň (Oliver Stone) Gazagystana bagyşlanan täze dokumental filminde öňki gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gürrüň bermegine görä, haçan-da SSSR darganda Saparmyrat Nyýazow Merkezi Aziýadaky kärdeşlerine ýüz tutup, öz aralarynda Türküstan Respublikasyny döretmegi teklip edipdir. Nyýazow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda elipbiý reformasyny öňe süren lider hökmünde hem ýatda galdy.

Ýöne, muňa garamazdan, has ozal, Nyýazow SSSR-iň dargamagyna garşy çykyşlary bilen hem ýatda galypdy.

Galyberse-de, Saparmyrat Nyýazow Merkezi Aziýada, hatda belki-de tutuş dünýäde iň ýowuz awtoritar režimleriň biriniň düýbüni tutdy. Garaşsyzlykdan soňra Türkmenbaşy lakamyna eýe bolan Nyýazow, synçylara görä, Türkmenistanda “başyçylyk” režimini esaslandyrdy.

Nyýazow döwrüne başdan soňa çenli şaýat bolan bir ýerli synçy şol döwürleri ýatlaýar:

“Garaşsyzlygyň irki ýyllary has agyr geçdi. Adamlar aýlyk haklaryna derek, bir topar derege ýaramaýan egin-eşikleri, dokma önümlerini, un, şeker we şuňa meňzeş beýleki harytlary kabul edip alýardylar. Şol harytlary satyp, adamlar özlerine girdeji edinmeli bolýardylar. Adamlar un we çörek almak üçin dükanlaryň öňünde uly nobatlary emele getirýärdi. Çagalaryň eline bir köpük düşse, ylgap süýji däl-de, çörek satyn alyp, begenişip öz aralarynda bölüşýärdiler. Hiç bir pudak kadaly işlemeýärdi. Adamlar 2000-nji ýylda ýurduň azajyk hem bolsa kada gelip başlandygyny aýdýarlar. Ýöne soňra pensiýalar ýatyryldy we garry adamlar pensiýasyz galdy. Pensiýasyz galan eneler we atalar gözlerine ýaş aýlap, Alladan kömek diledi” diýip, döwrüň şaýady gürrüň berýär.

Sowet Soýuzy döwürlerinde onsuz hem syýasy we ykdysady baknalykdan ejir çeken türkmen halky, garaşsyz Türkmenistanda Nyýazowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen awtoritar syýasatyň eýmenç ýüzi bilen tanyşdy. Nyýazowyň şahsyýet kulty ýyl-ýyldan barha güýçli dabaralandyryldy. Nyýazowyň kitaplary okuw meýilnamalaryna girizildi. Nyýazow günleriň we aýlaryň atlaryny üýtgetdi.

Türkmenistan garaşsyzlygyň irki ýyllarynda ykdysady krizisden hem ejir çekdi. Ýöne tebigy baýlyklara, hususan-da nebite we gaza baý Türkmenistan wagtyň geçmegi bilen özüni dürsäp, aýaga galyp başlady.

Nyýazow döwründe Türkmenistanda ençeme şäherlere, etraplara, obalara, köçelere, mekdeplere we beýleki möhüm desgalara Saparmyrat Nyýazowyň, ýa-da onuň kakasy Atamyrat Nyýazowyň hem-de Gurbansoltan ejäniň atlary dakyldy.

“Nyýazow döwründe Türkmenabatda Gurbansoltan ejäniň adyny göterýän seýilgähä uly üns berilýärdi. Bu seýilgähiň baglaryna ideg edilýärdi. Aprel aýy Gurbansoltan aýy bolansoň, tutuş bir aýyň dowamynda Gurbansoltan seýilgähinde ýerleşýän Gurbansoltan ýadygärligine gül goýmak çäreleri geçirilýärdi. Nyýazow öldi. Kalendar yzyna gaýtaryldy. Gurbansoltan seýilgähi hem taşlandy. Häzir bu seýilgähiň bir tarapynda çagalar üçin park guruldy, beýleki tarapynda bolsa kiçi söwda merkezi gurulýar” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde Nyýazow döwrüni ýatlady.

Şeýle-de, habarçylarymyza görä, ilat köplenç Nyýazowy aýlaryň atlarynyň üýtgedilmegi, gowşak gatlagyň durmuşyna zarba uran pensiýa reformalary bilen ýatlaýarlar.

“Ýöne häzir Nyýazowy ýatlaýan adam ýok. Türkmenabatda bir şaýola Nyýazowyň ady dakyldy. Şol şaýoluň ugrunda ýeke-täk seýilgäh bar. Ol hem Nyýazowyň adyny göterýär. Ýöne ol meşhur seýilgäh däl. Ol çetde, Baş Muzeýiň gabadynda ýerleşýär” diýip, türkmenabat ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Neşe belasy

Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda, müňýyllygyň başlarynda türkmen halky ýene bir ýowuz bela duçar boldy. Neşe belasy ýurduň çar künjegine ýaýrap, maşgalalar ýowuz belanyň derdinden ejir çekýärdi.

Berdimuhamedow prezident bolanda neşe belasyny köki bilen ýok etmek barada beren wadalary köpleri biperwaý goýmady.

“Nyýazow ýurda ýolbaşçylyk eden döwürlerinde togy, gazy mugt etdi ýöne neşe köpeldi. Köp hojalyk dargady” diýip, habarçymyzyň beýleki bir söhbetdeşi aýdýar. Ol neşekeşligiň giň ýaýran ýyllarynda bir saparlyk neşe üçin öz tenini satmaga mejbur bolan gelin-gyzlar barada gürrüň berdi.

“Düýbünden ar-namys galmandy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Saparmyrat Nyýazow açylyşa gatnaşýar

Bir öňki lukmanyň sözlerine görä, neşäniň giň ýaýran döwürlerinde gyzlaryny durmuşa çykarýan maşgalalar öz tanyş lukmanlaryna ýüz tutup, öýlenýän ýigidiň neşe ulanyp-ulanmaýandygyny anyklamak üçin, onuň gan analizini barladýar ekeni.

Mejbury çäreler

Saparmyrat Nyýazowyň welaýatlara amala aşyrýan saparlarynda mekdep okuwçylary we işgärler prezidenti garşylamak çärelerine mejbury gatnaşdyrylýardy.

"Il içinde muňa janly haýat diýilýärdi. Sowuk, yssy parhy ýok, adamlar birnäçe sagatlap köçeleriň ugrunda, açyk asmanyň astynda garaşmaly bolýardy. Diňe bir adam üçin bir topar adam kösençlige sezewar bolýardy” diýip, ýerli synçy ýatlaýar.

Şol ýyllarda ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan bir öňki talyp Nyýazowyň ölüminden soňra öz institutlarynda mejbury köpçülik çäreleriniň ýatyryljakdygy yglan edilende tas ähli talyplaryň uly şowhun bilen el çarpyşyp begenendiklerini ýatlaýar. Ýöne mejbury köpçülik çäreleriniň ýatyrylmagy soňy bilen doly durmuşa geçirilmedi.

Saparmyrat Nyýazow goşgy diňleýär

"Putin täsiri"

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçynyň sözlerine görä, haçan-da Nyýazow ýogalanda “köpler Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Nyýazowyň ogly Myrat Nyýazowyň prezident bolmagyna ýardam berer diýen pikirde” ekeni.

“Şol wagtlar, 2006-njy ýylda köpler Putin öz adamyny goýar diýen pikirdedi” diýip, ýerli synçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna görä, ýurtda prezidenti halk saýlaýar. Ýöne garaşsyz Türkmenistanda şu wagta çenli hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylar tarapyndan erkin we adalatly hasaplanmady.

Saparmyrat Nyýazowyň ogly Myrat Nyýazowyň kakasynyň tabydyny göterip barşy köpleriň ýadynda galdy. Ozallar, türkmen telewideniýesi Nyýazowyň maşgala agzalaryny asla diýen ýaly görkezmeýärdi. Nyýazow Gypjakda jaýlandy. Myrat Nyýazow kakasynyň ölüminden belli bir wagt soň ýurduň daşyna çykyp bildi. Onuň häzirki ykbaly barada açyk çeşmelerde köp maglumat ýok.

Synçynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň ilaty Nyýazowyň ölüm habary bilen ilkibaşda Russiýanyň telekanallary arkaly tanyş boldy. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi soňundan habar berdi.

“Halk Nyýazowyň deregine ogly geçer diýip garaşdy” diýip, ýerli synçy gürrüň berýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan birnäçe öňki harby gullukçynyň sözlerine görä, Nyýazowyň ölümi heniz resmi taýdan telewideniýe arkaly yglan edilmezden ozal, Türkmenistanyň harby bölümlerinde eýýäm adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdir. Ýöne öňki prezidentiň ölümi 21-nji dekabr güni günortana golaý sagat 11 töwereklerinde telewideniýe arkaly köpçülige ýetirildi.

Degişli maglumat Postnyýazow Türkmenistan: ýurt näderejede özgerdi?

Berdimuhamedow sahna çykýar

Ýerli synçy Nyýazowyň ölüminden soňra Berdimuhamedowyň syýasy sahna çykyşyny ýatlaýar.

“Berdimuhamedowy ilkibaşda halk tanamaýardy. Ýöne adam pahyr mydama umytly bolýar, ýagşy niýetde bolýar. Indi bir gowulyk bolar öýtdüler. Berdimuhamedow prezidentlige başlan ýyllarynda döwlet kömek pullaryny dikeltdi. Ýurtdan çykmak aňsatlaşdy. Dollaryň nyrhy düzelip başlady. Adamlar gaty begendi. Hatda welaýatlara sapara gidende öňküsinden az adam köçä çykarylýardy” diýip, ýerli synçy Berdimuhamedowyň prezidentlige başlan ýyllaryny ýatlaýar.

Şeýle-de, Nyýazow döwründe ýurt raýatlary daşary ýurda sapar etmek üçin “çykyş wizasyny” almaga mejbur edilýärdi. Berdimuhamedow wezipe gelenden soňra, çykyş wiza talaby ýatyryldy, ýöne munuň yz ýany, eklenç gözleginde ýa-da başga maksatlar bilen uzak möhletli esasda ýurtdan çykan adamlaryň sany tas 1,8 milliona golaýlady.

“Adamlar ‘indi biz öseris’, ‘gowy işler alyp barýar’ diýýärdiler” diýip, ýerli synçy Berdimuhamedowyň prezidentlige başlan irki ýyllaryny ýatlaýar.

“Hakykatdan-da, adamlar firmalarda işläp, öz hojalyklaryny bolelin durmuşda ýaşadyp başlady. Garyp adamlar azaldy, adamlar ‘arkaýynlyga çykdyk indi, arkaýyn gürläp bilýäris, öz hakymyzy talap edip bilýäris’ diýişýärdiler. Ýöne gynansak-da bu uzaga çekmedi” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Gyssagly Konstitusiýa üýtgetmeleri

Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda aradan çykandan soňra, gyssagly ýagdaýda Halk Maslahaty 26-njy dekabrda Konstitusiýanyň 60-njy maddasyna üýtgetmeleri girizdi. Oňa laýyklykda, eger-de prezident haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda prezident saýlanylýança Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeli edildi. Konstitusiýasynyň öňki wersiýasyna görä, eger prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, parlamentiň başlygy täze prezident saýlanýança bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmelidi.

15 ýyl mundan ozal Konstitusiýa gyssagly girizilen bu üýtgetme bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňi açyldy. Ol ilkibaşda wagtlaýyn prezident, soňra ymykly prezident boldy. Munuň yz ýany Berdimuhamedow 2012-nji ýylda ikinji, 2017-nji ýylda üçünji möhlete prezident boldy.

Saparmyrat Nyýazowyň Aşgabatdaky heýkeli

Ýöne ýerli synçynyň sözlerine görä, Berdimuhamedowyň irki ýyllaryndaky oňyn ösüşleriň dowamy bolmady:

“Soňra bu prezidentiň hem ‘päli azyp’ başlady. Bu hem özüni pygamberlere deňäp başlady. Diňe özi däl, onuň nebereleri we dogan-garyndaşlary hem bar. Edenini edip, ýurdy çökerdi. Adamlar daşary ýurtlara gidip, maşgala eklejek bolýarlar. Birnäçe ýyllap aýralykda ýaşaýarlar. Maşgalalar dargaýar. Korrupsiýa görülmedik derejelere çykdy” diýip, ýerli synçy gürrüň berýär.

Gysga ömürli reformalar

“Adamlar iýjek çöregini daňdan sagat 3-de nobata durup almaly bolýar. Çörek almak üçin, subsidirlenen azyk satyn almak üçin adamlar nobatlarda birek-birek bilen ýakalaşýar” diýip, habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir türkmenistanly ýurtda dowam edýän krizis bilen bagly Berdimuhamedowlary günäkärledi.

Ýerli synçy hem dowam edýän kynçylyklar bilen bagly prezidentiň ýakyn töweregini aýyplaýar.

“Halk aç, gudrata mätäç” diýip, beýleki bir ýönekeý türkmen raýaty Azatlyk Radiosynyň habarçysyna içini dökdi.

“Indi ýene 1991-nji ýyllardaky ýaly, halk ýene una, çörege nobata durýar. Ondan has hem beter boldy. Adamlar bankomatlaryň öňünde nobata durýar. Ýurt gitdigiçe beterleşýär. Ýene çagalar dilegçilige başlady. Eklenç üçin ar-namysyny, öz tenini satýan gelin-gyzlar bar. Bular bolsa, ýurduň baýlyklaryny öz hasabyna geçirip, halky diňe kyn güne goýýarlar” diýip, ýerli synçy aýtdy.

Degişli maglumat Gorky döreden heýkel indi güneşi yzarlamaz

Azatlygyň söhbetdeşleri Türkmenistanda gün-günden ýaramazlaşýan ykdysady kynçylyklar we sosial problemalar barada giňişleýin gürrüň berýärler.

“Azatlykda ýaşamagyň nähili eşretdigini adamlaryň özleri duýup, göresi gelýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Sowet döwründe ýokary wezipeleri eýelän Saparmyrat Nyýazow 1991-2006-njy njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň prezidenti boldy.

Garaşsyz Türkmenistany 15 ýyl Nyýazow, 15 ýyl Berdimuhamedow dolandyrdy.

Nyýazow 66 ýaşda aradan çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär