75 metrlik bitaraplyk diňini üstünde dik durup aýlanýan Nyýazowyň zer çaýylan heýkeli bilen bilelikde goparyp aýyrmak baradaky karar şol prosese simwolik itergi berip biler. Ikinjiden, zerli Nyýazowy türkmenleriň göz alnyndan aýyrmak ideýasynyň özem geň galdyryjy, joşgun dörediji häsiýete eýedir.
Mundan öň mukaddes hem baky, eldegrilmesiz saýylyp ýörlen heýkeli Berdimuhamedow aýyrmaga görkezme berer diýip, kim pikir edip biljekdi? Wagtynda adamlarda gorky döreden bu elhenç heýkeliň ýene üç ýyldan tepbediniň okaljagyny, para-para ediljegini kim göz öňüne getirip bilýärdi? Ýanyna ägirt uly kranlary getirip, basym ol “mukaddesligiň” boýnundan zynjyr salyp, ýere düşürerler.
Ýaňy-ýakyna çenli milletiň baryp ýatan mukaddesligi saýylanyň üstünden nähili hakyky simwolik proses geçiriler? Ol şol elhençlige adamlaryň gatnaşygyny üýtgetmejek, garaýşyna täsir etmejek diňe ýöne bir inženerçilik, bir binany, desgany aýyrmak işi bolarmy?
Garaşylýan soňky ädimler
Şu wakanyň yzy bilen onýyllyklaryň dowamynda S.Nyýazowyň türkmen halkynyň boýnuna dakan režiminden arany açmak boýunça häkimiýetleriň soňky ädimleri-de ätmekleri mümkin.
Eger türkmen häkimiýetleri iň uly, iň esasy ýadygärligini aýyrmaga het eden bolsalar, ýakyn geljekde şeýle ykbalyň Nyýazowyň Türkmenistanyň territoriýasyndaky beýleki müňlerçe ululy-kiçili ýadygärlikleriniň depesindenem inmegi mümkin.
Ilatyň köp barýan ýerlerinden indi Nyýazowyň suratlarydyr portretlerini tapmak ýeňil iş däl. Eger diktatoryň ýadygärlikleri-de doly ýok edilse, aýrylsa, şondan soň onuň hökümdarlyk eden döwri salan ýaralary bitişip ugrar. Şu günki gün weli onuň özüniň, ol baradaky ýatlamalaryň, režiminiň salan ýaralary köp adamlaryň ýürek derdi.
“Döwlet halk üçindir” diýlip yglan edilen şygaryň indiki ädimi Nyýazow döwründe rehimsiz adamlardan ar alyş bilen bagly dörän ýagdaýyň ýaramaz netijelerini aradan aýrymak, ýok etmek üçin kesgin hereketler bolmaly. Bu ozaly bilen Türkmenbaşynyň özüne duşman saýan adamlary bilen bagly.
Türmedäkileriň ykbaly
Şu wagta çenli ýüzlerçe, müňlerçe maşgala syýasy äheňler bilen türmelere atylan ýakynlarynyň oz ojaklaryna gaýdyp gelerine garaşyp otyrlar. Başda täzeleniş prosesiniň birinji döwrüne girişmäge aýgyt etmeli, oňa gaýrat tapmaly.
Diktaturany başdan geçiren ýurtlaryň ählisi şeýle edipdi. Pinoçetden soň Çilide şeýle bolupdy, Stalinden soň Sowet Soýuzynda bolan wakalar köpleriň ýadyndadyr. Repressiýa duçar edilen, ar alnan adamlaryň ykbalyna ýaňadan sudlarda seredildi. Suduň öňki çykaran hökümleri täzeden analiz edildi. Ine, şondan soň ýurtda sagdynlaşdyryjy ruhy proses başlandy. Şol proses reabilitasiýa atlandyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze galkynyş diýýänine, belki, reabilitasiýa prosesi hakyky açyklyk, kanunylyk berer? Eger Nyýazowyň zer çaýylan elhenç heýkeli poslan bolsa, onuň indi ýurt üçin hiç hili gymmatam, geregem ýok. Bu aýylganç adamyň gazap bilen ar alan adamlaryny halas etmegiň, azatlyga çykarmagyň wagty ýetmedimi? Hökümdaryň türmeleri onuň ýadygärlikleriniň dowamy ahyryn! Şonuň üçinem Nyýazowyň ýadygärliginiň aýrylmagy – aslyýetinde onuň ar alyjy dünýäsiniň ýykylyp aýrylmagydyr.
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.