Türkmen mediasy ýurtda nobatdaky “ählihalk bag ekmek dabarasynyň” geçirilendigini habar berýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen nobatdaky ýowara ýurt boýunça näçe adamyň gatnaşdyrylandygy aýdylmaýar. Sowuk howada bag ekmäge gelen ýaşaýjylar Azatlygyň habarçylaryna mejbury çärelerden gaty ýadandyklaryny gürrüň berdiler.
TDH-nyň ýazmagyna görä, bag ekmek çäresi ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragyny ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilen.
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli, şu ýyl ýurtda 30 million düýp bag nahalyny oturtmak meýilleşdirildi we ol baglaryň ýarysy Aşgabat töwereklerinde ekilmeli edildi. Emma metbugatda ýylda millionlap ekilýän bag nahallaryna edilýän çykdajy, import edilen bag nahallarynyň näçesiniň düýp tutup, näçesiniň gurap galýandygy aýdylmaýar.
Türkmenistanda onlarça ýyl bäri dowamly geçirilýän bag ekmek, baglara ideg etmek çäreleri, ýerli synçylaryň we hukuk goraýjylaryň köpüsiniň pikirine görä, ýurtda dowam edýän mejbury zähmetiň bir bölegine öwrüldi.
Azatlygyň Marydaky habarçysynyň ýazmagyna görä, sebitiň ýaşaýjylary bu hili çärelerden gaty ýadadylar.
Bag ekmek çäresine sebitiň edara-kärhanalarynyň her biri 20-25 adam ibermeli boldy. Ol adamlar ir sagat 7-de, sowuk howa garaman, bellenen ýerlerine geldiler. Şeýle-de, býujet işgärleriniň her biri azyndan 6-7 bagyň puluny bermäge mejbur edildi diýip, habarçy ýazýar.
Habarçy işgärlerden ýygnalan puluň, adamlaryň alýan aýlyklaryna görä, 60-100 manat aralygynda bolup, bäşinji gün tabşyrylmaly edilendigini hem sözüne goşdy.
Mundan başga, çärä gatnaşýan adamlar, telewideniýe üçin ýazgy edilende, eginlerindäki galyň eşiklerini hem çykarmaly boldy.
Türkmen TW-siniň 6-njy noýabrdaky howa maglumatyna görä, Maryda gijesine 4 gradusa çenli sowuk howa boldy, emma ýaşaýjylar howanyň gijesine 6 gradusa çenli sowuk bolýandygyny gürrüň berdiler.
Degişli maglumat Bloomberg: Türkmenistan howany hapalaýan metany iň köp syzdyrýan ýurtlaryň biriIr sagatlarda bag ekmäge getirilen adamlaryň süňňünden sowuk geçene meňzeýär, çäreden gelen adamlar öýlerinde pejiň alkymyna dykylyp, gyzgyn çaý, nahar iýip, basymrak ýylynmaga çalyşdylar.
“Dümewläýmäli” diýip, çäreden gelen badyna tapan dümew dermanyny içýänler hem az däl diýip, habarçy aýtdy.
Nobatdaky bag ekmek "dabarasy" pandemiýa ýokuşmalarynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeleriň dowam edýän wagtynda, sosial aralygy saklamak talaplarynyň arasynda geçirildi.
Türkmen TW-sinden görnüşine görä, bag ekmek çäresine we dabarasyna gatnaşýanlardan maska geýmek, sosial aralygy saklamak talaplary edilmändir.
“Sosial aralygy saklamak baradaky talaplardan, eger ol berjaý edilmese, hiç bir peýda ýok, çäre geçirilýän wagtynda ýolbaşçylaryň ýadyna ne maska, ne aralygy saklamak düşýär” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyga aýtdy.
“Ýerli häkimiýetleriň wekilleri bag ekilýän ýere sagat 10-dan soň geldiler, býujet işgärleri bolsa ir sagat 7-de gelip, daşarda, sowuk howada olara garaşmaly boldy, işgärleriň arasynda sowuga çydaman aglanlar hem bar” diýip, bag ekmäge gatnaşanlaryň ýene biri gürrüň berdi.
Bag ekmäge gatnaşan býujet işgärleriniň arasynda arzasyny ýazyp, işden çykasy gelýän adamlar hem az däl.
Degişli maglumat Kärdeşler arkalaşyklary nädip 'eziji, işgärlerden pul ýygnaýan' toparlara öwrüldi?“Eliňde diplomyň bolanynyň hiç bir peýdasy ýok, hamala, sen ony bag ekmek, ýowara gatnaşmak üçin alan ýaly, hemme ýerde diňe kösençlik... Çäre, barlag gelýär diýip ýykdylar. Üstesine, pagta üçin hem pul bermeli. Her aýda dürli bahana bilen ýygnalýan pullardan ýaňa aýlygyňdan özüňe zat galjak däl bu gidişine” diýip, gahary gelip duran býujet işgärleriniň biri zeýrendi.
Bag ekmek çäresine studentler hem gatnaşdyryldy. Howa sowuk bolansoň, baglar gaty gyssanmaç, göz üçin ekildi; çukurlar çala gazylyp, nahallar içine süsdürildi we düýbi gömüldi. Olar iki-üç günden gurap galar, bu öňem şeýle bolýardy, ýöne adamlardan TW üçin ýazgy edilen wagtynda şadyýan, begençli görünmekleri talap edildi we olar hem bu talaby ýerine ýetirdiler diýip, habarçy aýtdy.
Synçylaryň we hukuk goraýjylaryň pikirlerine görä, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik adamlary mejbury çäreleriň we zähmetiň garşysynda goragsyz halda goýýar.
Hökümet tankytçylary onlarça ýyl bäri ekilýän baglaryň ýarysy düýp tutsa hem, ýurduň bu wagta bagy-bossanlyga öwrüljekdigini, emma bu çäräniň hakykatda wagyz we korrupsiýa guralyna öwrülendigini öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.