Türkmen döwlet mediasynyň şikaýatlaryndan soň, YouTube ABŞ habar toparynyň kanalyny petikledi

Dünýäniň iň uly tebigy gaz gorlaryna eýeçilik edýän ýurduň döwlet mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedow barada giňişleýin habar berýär. 

Awtoritar Türkmenistanyň döwlet mediasy awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy barada şikaýat edeninden soň, YouTube ABŞ habarlar guramasynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Russiýa maglumatlary bilen tanalýan kanalyny petikledi.

Eurasianet saýty Google kompaniýasynyň eýeçiligindäki YouTube kanalynyň şu hepde, soňky günlerde birnäçe “aýyrmak” talapnamasyny iberenden soň, öz kanalyny petikländigini habar berdi.

YouTube bu talapnamalary döwlet eýeçiligindäki türkmen telewideniýesiniň “Watan habarlary” programmasynyň şikaýatlary esasynda iberendigini aýtdy.

Eurasianetiň dolandyryjy redaktory Deýwid Trilling öz saýtynyň bu karardan şikaýat etjek bolanda, YouTube-da hiç bir adam tapyp bilmändigini aýtdy. Ol esasan iňlis we rus dillerinde neşir edilýän Eurasianet web sahypasynyň, YouTube ýaly, Türkmenistanda berk petiklenendigini hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat Serdar ýene iki wezipä bellendi, alym onuň çöken ýurdy 'miras' aljagyny çaklaýar

"Edil beýleki sosial-media kompaniýalary ýaly, Türkmenistanda YouTube kanalynyň hem petiklidigi nazara alnanda, bu geň zat" diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýtdy.

Trilling öz guramalarynyň YouTube kanalynda iki müň abunaçysynyň bardygyny we Türkmen döwlet teleýaýlymynyň agşamky habarlaryndan alnan wideo bölekleriniň esasan Türkmenistan baradaky web makalalaryna ýabşyrylyp ulanylandygyny aýtdy.

Guramagürrüňi edilýän klipleri adalatly peýdalanmak kanunlary boýunça gaýtadan çap etdi we olary goşmaça habar gymmatyny bermek üçin ulandy.

Bu mesele boýunça Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasyna iberilen elektron hata bada-bat jogap berilmedi. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň esasy şikaýat salgylaryna iberen soraglaryna YouTube hem jogap bermedi.

Eurasianet Türkmenistan barada habar berýän we YouTube kompaniýasy tarapyndan awtorlyk hukugy zerarly çäre görlen ilkinji habar guramasy ýa-da daşary ýurt guramasy däl.

Awstriýada ýerleşýän oppozisiýa topary tarapyndan dolandyrylýan “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem, aýdylmagyna görä, Türkmen döwlet metbugatynyň şikaýatlaryndan soň, maý aýynda öz YouTube kanalynyň petiklenendigini habar berdi.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistan ähli metbugata gözegçilik edýän, internete girmegi we daşarky habar beriş serişdelerini berk çäklendirýän awtoritar hökümet tarapyndan dolandyrylýar. Dünýäniň iň uly tebigy gaz gorlaryna eýeçilik edýän ýurduň döwlet habar beriş serişdeleri respublikanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow barada giňişleýin habar berýär.

Trilling, Eurasianetiň öz uly bolmadyk onlaýn wideo böleklerini has kiçi gurama, Vimeo kanalyna geçirmekçi bolýandygyny aýtdy.

YouTube kanalynyň bu gören çäresi ABŞ tehnologiýalarynyň we sosial-media kompaniýalarynyň gerimi we täsiri baradaky soraglaryň gürelýän wagtyna gabat geldi, tankytçylaryň sözlerine görä, olar senzura, adamlara ýa-da guramalara edilýän täsiri güýçlendirmek babatda ägirt uly ygtyýara eýe bolup durýar.

Degişli maglumat Berdimuhamedow TASS-a häkimiýeti 'ýokary jogapkärçilik' hasaplaýandygyny aýtdy

Tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, käbir iri tehnologiýa kompaniýalary, Facebook, Twitter, Google, Apple hem awtoritar hökümetleriň talaplaryna boýun egmäge, mysal üçin, hökümeti bimaza edip biljek maglumatlary senzura etmäge taýýardyklaryny görkezýärler.

Geçen aý Döwlet dumasy ýa-da parlamentiň aşaky öýi üçin geçirilen saýlawlaryň öňüsyrasynda Russiýa Google we Apple kompaniýalaryndan oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalnynyň Kreml bilen ýaranlykdaky dolandyryjy partiýadan bolmadyk dalaşgärleri öňe sürmek üçin ulanýan programmasyny öz dükanlaryndan aýyrmagyny talap etdi.

Beýleki bir meşhur tehnologiýa platformasy, “Telegram” habarlaşma programmasy hem saýlawdan öň Nawalny bilen baglanyşykly maglumatlaryň käbirini aýyrmaly boldy.

Google we Apple kompaniýalarynyň Orsýetde işleýän ýerli işgärleri bar we olara, ABŞ-nyň tehnologiýa ägirtleri Nawalnyny goldaýan programmalaryny aýyrmasa, häkimiýetler tarapyndan jogapkärçilige çekilmek haýbaty atyldy.

Türkiýe we Hindistan ýaly ýurtlar hem, käbir syýasy çykyşlary aýyrtmak ýa-da gös-göni senzura etdirmek üçin, tehnologiýa kompaniýalaryna barha kän basyş edýärler.

Kolumbiýa uniwersitetiniň Harriman institutynda ýerleşýän Eurasianet Açyk jemgyýet gaznasynyň, Demokratiýanyň milli gaznasynyň we Iňlis daşary ýurt arkalaşygy we ösüş bölüminiň grantlary bilen maliýeleşdirilýän hususy, täjirçilik etmeýän gurama bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.