“Biz 21 ýyl hökümet edarasynda bilimizi büküp işledik, iň soňunda, gör nähili durmuşa sezewar bolduk” diýip, öň döwlet edarasynda işlän bir pensioner Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýaramaz azyk üpjünçiliginden, giň ýaýran keselçilikden hem-de resmileriň biperwaýlygyndan şikaýat etdi.
Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitiň Garagum, Baýramaly hem-de Sakarçäge etraplarynda koronawirusdan ölýän adamlaryň köpelýändigini, şeýle-de, azyk üpjünçiliginiň pes ýagdaýynyň sebit ýaşaýjylarynyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýändigini habar berýär.
Degişli maglumat Sakarçägäniň häkimi koronawirusdan öldiHabarçymyz agzalýan etraplaryň ençeme obalarynda her gün diýen ýaly birnäçe jynaza çäresiniň geçirilýändigini habar berýär.
“Bu etraplaryň haýsy geňeşligine barsaň, her gün matam tutup oturan hojalyklaryň birnäçesini görmek bolýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. Ol ölümçiligiň giň ýaýran keselçilikden, galyberse-de azyk ýetmezçiliginiň “açlyk derejesine baryp ýetmeginden” ugur alýandygyny aýdýar.
Biziň habarçymyzyň bir oba geňeşliginden öwrenen maglumatlaryna görä, 300 töweregi hojalykdan ybarat bir obada bary-ýogy 10-12 hojalyk maddy taýdan gowy durmuşda ýaşaýar.
“Biz zat bolsa, biziň geňeşligimiziň abraýy uly, bizde ýokary wezipeli adamlar ýaşaýar diýip, şol birnäçe adamy öňe sürýärler, galan 290 hojalyk açlyk derejesinde ýaşaýar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurt raýatlarynyň bolelin, abadan durmuşda ýaşaýandygyny aýdyp, köplenç şol bir mermer binalaryň, azyk harytlar bilen doldurylan söwda tekjeleriniň, önüm öndürýän kärhanalaryň wideolaryny we suratlaryny yzygiderli köpçülige ýetirýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar ilatyň diňe ujypsyz gatlagynyň, her ilatly punktda belli-belli hojalyklaryň durmuş şertleriniň amatlydygyny, galan köp hojalygyň maddy üpjünçilik ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýdýarlar.
Habarçymyz ýaramaz şertlerden pensionerleriň has köp zyýan çekýändigini, olaryň alýan pensiýa haklarynyň juda azlyk edýändigini habar berýär.
Degişli maglumat Baýramalyda wirus bilen keselleýän mekdep mugallymlary görnetin köpelýär“Azyk önümleri gymmat bolany üçin, azyk dükanyna girip, göwün islän zadyňy satyn alyp bolmaýar” diýip, bir pensioner Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Söhbetdeşlikden çen tutulsa, pensionerleriň azyk dükanlaryndaky göwün isleýän zatlary köplenç agtyklarynyň halaýan zatlary bolup çykýar.
Resmiler Türkmenistanda ilatyň gowşak gatlagynyň durmuş üpjünçiligine döwlet ýardamynyň berilýändigini aýdýarlar.
Napagadaky adamlar özleriniň pensiýa haklarynyň köp zada ýetmeýändigini, üstesine ony nagtlaşdyrmagyň hem aňsat däldigini aýdýarlar.
Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir pensioner özüniň onlarça ýyl hökümet edarasynda işländigini, ýöne iň soňunda, agyr durmuşa – ýeter-ýetmezçilige, gytçylyga we gymmatçylyga sezewar bolandygyny gürrüň berdi.
“Biz her aý pensiýa tölenende agtygym bilen dükana baryp, ät bolup gaýdýarys” diýip, pensioner azyk harytlarynyň gymmatçylygyndan şikaýat etdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde koronawirus keseliniň giň ýaýraýandygy baradaky habarlara garamazdan, bankomatlaryň öňünde köp adamly nobatlaryň, hereketi gaýtadan dikeldilen awtobuslardaky dyknyşyklaryň, şeýle-de hassahanalardaky we dermanhanalardaky köp adamly nobatlaryň dowam edýändigini habar berýär. Hünärmenler wirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin adamlaryň arasynda iki metr howpsuz aralygyň saklanmagyny maslahat berýärler.
Ýaramaz azyk üpjünçiliginiň, gymmatçylygyň we keselçiligiň arasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan maryly ýaşaýjylar hökümetden şikaýat edýär:
Degişli maglumat Mugallymlar COVID tutumlaryndan şikaýat edýärler“Onsoň, nädip biz ‘bu hökümet öz halkyna seredýär’ diýeli? Nädip biz bu hökümetden razy bolaly?” diýip, ýene bir pensioner habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Geçen ýyllarda bankomatlardaky pul ýetmezçiligine, un ýetmezçiligine, azyk önümleriniň gymmatçylygyna biraz hem bolsa nägilelik bildirýän adamlar bardy. Indi ol adamlar hem hukuk goraýjylaryň basyşlary bilen, köpüsi gara güýç bilen basylyp ýatyryldy. Şol sebäpden, bu hökümet näme etse, çydap ýaşamakdan başga alaç galmady” diýip, pensioner sözüniň üstüni ýetirdi.
“Gurbanguly öz wezipesini halkyň aladasyny etjek adama tabşyrsa, halk begenerdi” diýip, pensioner sözüni jemledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.