Maryda COVID-19 ýokuşan näsaglar köpelýär, azyk üpjünçiligi ýaramazlygynda galýar
“Biz 21 ýyl hökümet edarasynda bilimizi büküp işledik, iň soňunda, gör nähili durmuşa sezewar bolduk” diýip, öň döwlet edarasynda işlän bir pensioner Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýaramaz azyk üpjünçiliginden, giň ýaýran keselçilikden hem-de resmileriň biperwaýlygyndan şikaýat etdi.