Türkmenistanda döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ilatyň arasynda koronawirus keseliniň we ölümiň görlüp-eşidilmedik köpelmeginiň fonunda gündelik maşklar we ýörişler geçirilýär. Häkimiýetler tarapyndan meýilleşdirilen baýramçylyk ýörişiniň repetisiýalaryna ähli ugurlardaky edaralaryň wekilleri we studentler gatnaşdyrylýar.
Baýramçylyk ýörişi üçin marşirowkalara gatnaşyjylar gezek-gezegine gatnaşdyrylýar. Güýç edaralaryň wekilleri irden repetisiýa edýärler. Günüň ikinji ýarymynda saglygy saklaýyş, energetika ministrlikleri, medeniýet instituty, konserwatoriýa, teatrlar we beýleki edaralar tarapyndan gatnaşýan wekiller maşk edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri 24-nji sentýabrda gürrüň berdiler.
Taýýarlyklaryň geçýän esasy ýeri, Garaşsyzlyk senesiniň 30-njy ýyl dönümi üçin ýörite gurlan täze döwlet tribunasydyr.
Degişli maglumat Býujet işgärlerinden garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli pul ýygnalýar"35 sany sowadyjy oturdylan tribunanyň garşysynda uzynlygyna monitorlar ýerleşdirildi. Monitoryň öňünde granit ýodasynda gök reňkli kagyz gülleri goýuldy. Tribunanyň öňünde teatr sahnasy bolup geçýär, artistler prezidenti wasp edýär, hemmeler bileleşip 'Arkadaga şöhrat!' diýip gygyrmaly" diýip, repetisiýa gatnaşanlaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.
Habarçylaryň sözlerine görä, gatnaşyjylar köp. Döwlet sektoryndaky edaralaryň wekilleri we studentler toparlara bölünip maşk edýär. Marşirowkalara ýörite saýlanan senarist ýolbaşçylyk edýär.
Tribunada oturan çäre guramaçylary sesi gataldyjy gural arkaly gatnaşyjylara buýruk berýärler.
"Tribunada oturan jogapkär işgärler sesi gataldyjy gural arkaly dürli bellikleri edýärler. Mysal üçin: 'Otuň üstüne basmaň!', 'Näme üçin buratino ýaly ýöreýärsiňiz?! Kadaly ýöräň!' diýýärler", diýip maşklaryň gatnaşyjysy gürrüň berdi.
Garaşsyzlyk baýramy üçin gurlan täze gymmatbaha desgada maşka çekilenleriň sanynyň köpdügine garamazdan, köpçülik üçin zerur hajathana ýaly esasy şertler göz öňünde tutulmandyr. Repetisiýa gatnaşýanlar agaçlaryň aşagynda öz zerurlygyny berjaý etmeli bolýarlar. Gatnaşýanlar agyz suwy bilen hem üpjün edilmeýär. Köpçülik teşnelikden ejir çekýär. Bu barada habarçylar we Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Degişli maglumat Häkimiýetler baýramçylygyň öňüsyra kepekli, heň ysly uny satuwa çykaryp, "azyk bolçulygyny" döretmäge synanyşýarOlaryň aýtmagyna görä, çäreçileriň maşklara gatnaşmagyndaky kynçylyklaryň ýene biri transport problemasy bilen bagly. Aşgabatda ýaşaýan gatnaşyjylar ýoluna ortaça bir sagat töweregi wagt sarp edýärler. Şäheriň daşynda ýaşaýanlar üçin ýola has köp wagt gidýär.
"Günortandan soňky repetisiýa öýlän 4-de başlanýar we agşam sagat 6-a çenli dowam edýär. Köp pudaklarda işleýänler irden işine barýarlar we öýlän 2-de eýýäm öýlerinden çykmaly bolýarlar" diýip, repetisiýa gatnaşyjylaryň biri aýdýar.
Türkmenistanda müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky baýramçylyk paradyna maşklar ýurtdaky berk çäklendirmeleriň fonunda geçirilýär. Ýurduň häkimiýetleri soňky hepdelerde çäklendirmeleri hasam güýçlendirip, keseliň we ölümiň ýaýramagy sebäpli söwda, hyzmat we güýmenje desgalarynyň tas hemmesini ýapdylar. Ähmiýetli jemgyýetçilik obýektleriniň ýapylmagy, ilatyň ep-esli bölegini girdeji çeşmesinden mahrum etdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda bahasy $100 milliondan geçýän täze Döwlet münberi açyldyMundan başga-da, ýurtda COVID-19-yň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri, baýramçylygyň öňüsyrasynda ilata edilýän basyşy artdyrdy. Türkmenistanda ilat köp adamly ýerlere barmak gadagançylygyny bozandygy üçin jezalandyrylýar. Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň toýlara, ýas çärelerine we beýleki köp adamly ýerlere barandygy üçin işden kowulmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi Azatlyga mälim boldy.
Işsizlikden we azyk ýetmezçiliginden ejir çekýän ilatly ýurduň ýolbaşçylary uzaga çeken ykdysady krizis şertlerinde koronawirus keselçiliginiň ýaýramagyna we ilatyň zerurlyklaryna üns bermän gelýär. Ýurduň hökümeti toý-dabaralar üçin gymmat bahaly desgalary gurmagyny dowam etdirýär.
Täze hökümet tribunasy, barha erbetleşýän krizisiň fonunda işe girizilen täze desgalaryň biridir. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda bu tribunany özi açdy.
Häkimiýetleriň planyna görä, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu täze tribuna "kuwwatly we bagtyýar döwrüniň ýeňşini görkezmeli". Häkimiýetler desganyň gurluşyk çykdajylaryny aýan etmedi. Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, desganyň gurluşygy üçin döwlet ýüz million dollardan gowrak çykdajy etdi.
Degişli maglumat Türkmenistan sentýabra geçirilen Garaşsyzlyk baýramynda “Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy” şygaryny dolanyşyga girizdiHäkimiýetler döwlet garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna aýratyn ähmiýet berýärler we ýurtda adamlaryň ýygnanmagyna gadagançylyga garamazdan, parad we ýörişler üçin taýynlyk görýärler.
Türkmenistan 1991-nji ýylyň oktýabr aýynda SSSR-den garaşsyzlygyny yglan edip, öňki Sowet soýuzyndan aýrylandygyny yglan eden iň soňky respublikalaryň biri boldy. 2017-nji ýyla çenli Garaşsyzlyk güni 27-nji oktýabrda, garaşsyzlyk yglan edilen güni bellendi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça ýurduň parlamenti bu senäni 27-nji sentýabra geçirdi.
Häkimiýetlerden senäni üýtgetmek karary barada takyk düşündiriş bolmady, ýöne köpler Garaşsyzlyk gününiň täze senesiniň 2017-nji ýylda ýurduň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilmegini möhüm hasaplan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň gutaran gününe gabat gelendigini bellediler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.