Orazow: Türkmenistanda ykdysadyýet gowulanar ýaly, halk gowy ýaşar ýaly syýasat ýok

Lebap. Aýakgap ussalary. Arhiw suraty

Türkmen hökümeti 3-nji sentýabrda ýene-de on sany döwlet kärhanasynyň we desgasynyň hususy eýeçilige satyljakdygyny yglan etdi, ýöne olaryň işgärleriniň geljekki iş üpjünçiligi barada hiç zat aýtmady. Türkmen metbugaty ýurt ykdysadyýetiniň bedew bady bilen ösýändigini tekrarlaýar we bu diýilýän ösüşiň Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramçylygynda ýene bir gezek dünýä “göz edilip görkezilmegine” garaşylýar. Synçylar türkmen ykdysadyýetindäki çökgünligiň “doly güýjünde” dowam edýändigini we bu ýagdaýyň iki milliondan gowrak adamyň daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna çykmagyna getirendigini, ýene on müňlerçe raýatyň daşary ýurtlardan iş gözlemek üçin ýollaryň açylmagyna garaşýandygyny aýdýarlar.

Şu aralykda “Trend” neşiri türkmen resmisine salgylanyp, 2015-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda 111 müň töweregi täze iş ornunyň döredilendigini we ol işleriň 75 prosentiniň hususy pudaga degişlidigini habar berdi, emma gürrüňi edilýän döwürde çöken ýa hususy eýeçilige geçirilen kärhanalarda näçe adamyň işini ýitirendigini anyklaşdyrmady.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren soňky hasabatynda aýdylmagyna görä, 10 sany döwlet kärhanasy, şol sanda “Türkmengazyň” 5 desgasy, “Türkmenawtoulaglarynyň” 3 desgasy, “Türkmenhimiýanyň” 1, Lebap häkimliginiň 1 desgasy bäsleşikli söwda arkaly satylmaly edildi.

Eger-de prezidentiň yzygiderli alýan ösüş hasabatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistanda zyýanyna işleýän kärhana ýa boş duran desga asla ýok, şonuň bilen bir wagtda döwlet baştutany käte, ýolbaşçy kadrlary täzelände, ozal sessiz kabul eden ösüş sanlaryny bölekleýin ýalana çykarýar.

Degişli maglumat Analiz: Türkmen hökümeti öz ýalanyna özi çolaşdy

Türkmenistan dünýäde COVID-19 hadyslaryny resmi taýdan tassyklamadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup, heläkçilikli wirusyň iş orunlaryna, raýatlaryň gazanç mümkinçiligine ýetiren zyýanlaryny, şol sanda uçar, otly gatnawlarynyň ýatyrylmagyndan ýa çäklendirilmeginden çekilen maddy zyýany hem açyk aýtmady.

Berdimuhamedow ýurtda hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetine aýratyn üns berilýändigini, onuň milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigini tekrarlaýar.

Emma ykdysatçy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, Türkmenistanda 1991-nji ýyldan bäri “esasy edilýän iş gözboýagçylykdan we halka kynçylyk döretmekden, ýurduň baýglygyny dargatmakdan” ybarat.

Orazow Saparmyrat Nyýazow döwründe hem köpeldildi ýa täze döredildi diýilýän iş orunlary barada gürrüň edilendigini, emma ol iş ýerlerini baryp gören ýa-da bu meseläni anyklan, öwrenen adamyň bolmandygyny, sebäbi ol işler nirede döredildi diýen soraga köplenç “öýlerinde işleýän adam köpeldi” diýip jogap berendiklerini, iş orunlary baradaky sanlaryň toslanyp ýazylýandygyny we işsizligiň ýyl-ýyldan ösüp, şu günki agyr ýagdaýa gelendigini öňe sürýär.

Türkmenistanda döwlet edaralarynyň hususyýetçilige geçirilýändigi, hatda soňky ýyllarda uly döwlet serişdesine gurlan onlarça desganyň, şol sanda deňiz kenaryndaky myhmanhanalaryň, guşçuluk toplumlary, ýyladyşhanalar ýaly önümçilik kärhanalarynyň hususy eýeçilige geçirilendigi kän anyklaşdyrylmazdan habar berildi.

Degişli maglumat Analiz: Türkmenistandaky režimiň häkimiýetde galmagy kime bähbitli?

Ykdysatçy Orazow hususylaşdyrmagyň hakykatdanam köp ýyl bäri dowam etdirilýändigi bilen ylalaşýar, ýöne onuň häzirki ýagdaýda ykdysadyýetiň gowulaşmagyna, halkyň gowy ýaşamagyna peýda berýändigi bilen ylalaşmaýar.

Azatlyk radiosynyň žurnalistleriniň Türkmenistanyň ykdysadyýeti, hususylaşdyrma meselesindäki aýdyňlyk, satylan kärhananyň işini ýitirýän adamlary we täze döredilýän iş orunlarynyň umumy işsizligi azaltmaga ýetirýän täsirleri baradaky soraglaryna Türkmenistanyň degişli resmilerinden düşündiriş almak synanyşyklary netije bermeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň prezidenti 2013-nji ýylyň dekabrynda döwlet emlägini hususylaşdyrmak hakyndaky kanuna gol çekdi. Bu kanun 2014-nji ýylyň 1-nji iýulda güýje girdi.

Resmi metbugatda tassyklanylmagyna görä, döwlet emlägini döwletden aýyrmak we hususylaşdyrmak baradaky kanun telekeçiligi ösdürmäge, Türkmenistanda maýa çekmek şertlerini döretmäge hem-de netijeli, sosial ugurly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.