Türkmenistandaky azyk gytçylygy ýitileşýär, ýerli çeşmeler döwlet dükanlarynda ‘arzan’ bahadan berilýän harytlaryň barha azalyp, ýaşaýjylary uly alada goýýandygyny habar berýärler.
“Şu gün dükanlaryň köpüsinde ilata ýeňillikli bahadan goýberilýän azyk harytlary bolmady, 79-njy dükanda söwdanyň bolmajakdygy aýdyldy” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 30-njy aprelde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, Andalyp we Moskwa köçeleriniň çatrygyndaky “Paýtagt” söwda merkezinde, 10-njy we 11-nji etrapçalardaky dükanlarda şol gün adamlar ir sagat 5-de gelip, nobata durdy.
Habarçynyň soňundan anyklamagyna görä, aşgabatlylaryň käbiri şondan öň 11-nji etrapçadaky dükanlaryň birinden gapdalyna başga haryt goşmazdan satylan towuk etini alypdyr. Sebäbi towuk eti satylan wagtynda dükana barlagçylar gelipdir.
Beýleki dükanlarda hem şuňa meňzeş barlaglaryň geçirilendigi habar berilýär.
Gazaba çykan alyjylaryň käbiri dürli söwda edaralaryna telefon edip, subsidirlenen bahadan goýberilýän harytlary wagty geçen ýa geçip barýan harytlara ýanap satmaga ygtyýar berýän dokumentiň görkezilmegini talap etdi diýip, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjylar aýtdy.
Elbetde, beýle dokument görkezilmändir.
Ýurduň paýtagtyndaky söwda nokatlarynyň azyk üpjünçiligi soňky hepdede has ýaramazlaşan ýaly duýuldy, dükanlara gelen harytlaryň hemmesi öňkülere garanda has çalt gutardy, günebakar ýagyny bolsa, aşaklykdan 40 manada satyp başladylar diýip, habarçy aýtdy.
Şeýle-de, resmi bolmadyk maglumatlara görä, Orsýet Federasiýasyndan we Gürjüstandan uly möçberde towuk etiniň getirilmegine garaşylýar.
TDH-nyň maglumatyna görä, 30-njy aprelde geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew ýurtda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Emma resmi habarda şu ýyl gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny öndürmek baradaky kararyň taslamasyndan başga, ýurtdaky azyk meselesi barada anyk zat aýdylmady.
Türkmen mediasy wagtal-wagtal ýerli telekeçileriň öndürýän ýumurtgalaryny we guş etlerini görkezip, azyk gytçylygy barada syzyp çykýan maglumatlary ýalana çykarmaga synanyşýar. Ýöne soňky döwürde ýylyň gurak gelmegi, mallaryň çölde we işikde açlykdan ölüp başlamagy barada çykan habarlar ne tassyklandy, ne inkär edildi.
Şeýle-de, resmi bolmadyk maglumatlara görä, iým ýetmezçiligi, keselçilik ýerli şertlerde öndürilýän guş etiniň düýpli azalmagyna getiripdir
Şu aralykda Angliýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistan babatyndaky maglumat görkezijilerini, ýagny faktlar sahypasyny täzeledi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri dünýäniň 180 ýurdy barada iki sahypadan ybarat esasy ykdysady maglumatlary çap edýän edaranyň soňky düzedişlerinde Halkara pul gaznasynyň soňky maglumatlaryna esaslanandygyny belleýär.
Ozal habar berlişi ýaly, HPG-nyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 0,8% boldy, ýurduň resmi häkimiýetleri bolsa jemi içerki önüm ösüşiniň 5,9% bolandygyny öňe sürýärler.
Aýdylmagyna görä, jemi içerki önüm ösüşiniň derejesi 47,4 milliard dollara barabar, emma bu ýerde dollaryň resmi bahasy ulanylýar. Türkmenistanda dollaryň resmi bahasy köp wagt bäri 3,5 manat derejesinde saklanylýar, emma elde ýa-da “gara bazarda” 1 dollaryň bahasy 30-njy aprelde 39 manat boldy diýip, TH belleýär.
HPG mundan ozal Türkmenistanyň ykdysady görkezijilerine baha berlende we çaklamalar düzülende Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň statistiki maglumatlaryny ulanýardy, emma “Dünýäniň ykdysady syny” (World Econimic Outlook) atly täze hasabatda Gazna resmi türkmen statistikasyndan ilkinji gezek ýüz öwürdi we ýurduň jemi içerki önüminiň 2020-nji ýylda 0.8% ösendigini aýtdy.
Angliýanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda ol ýa-da beýleki ýurduň statistiki maglumatlaryna bellik hökmünde, bu taýda çap edilýän käbir görkezijileriň ygtybarsyz ýa-da syýasy taýdan ýülmenip bilinjekdigi duýdurylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.