Türkmenistan owgan bosgunlaryny serhetden "geçirmeýär". "Talyban" Kabula gözegçilik edýär

Owgan bosgunlary ýurduň Pakistan bilen serhedinde

Türkmenistan Owganystandaky zorlukdan gaçyp, türkmen serhedine sygynan owgan harbylaryny we ýerli etniki türkmenleri öz çäklerine goýbermedi diýip, ýerli ilata we harby gullukçylara salgylanyp habarçymyz maglumat berýär. Bu aralykda, 16-njy awgustda “Talyban” owgan paýtagty Kabulyň köçelerinde gözegçilik edip başlady. Dünýäniň onlarça hökümeti Owganystandaky ýagdaýlara dahylly ähli taraplary ýurtdan çykýan daşary ýurtlylara we ýurdy terk etmäge islegli owganlylara “sylag görkezmäge we [olaryň ýurtdan çykmagyny] tizlendirmäge çagyrdy. Bu ýagdaýlaryň fonunda, Owganystanda wekilhanalary bolan ýurtlar öz raýatlaryny çykarýarlar, käbir döwletler bolsa, ýurtdaky ilçihanalaryny dolulygyna ýapýarlar. Ýekşenbe güni "Talybanyň" paýtagt Kabula girmeginiň arasynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň ilçisi bilen gepleşikleri geçirdi.

15-nji awgustda “Talybanyň” paýtagt Kabuly eýelemegi bilen, şäheriň çäresizlige uçran müňlerçe ýaşaýjysy - yslamyň aşa berk kadalary esasynda döwlet dolandyryşyny isleýän - "Talybandan" gaçyp gutulmak synanyşygynyň arasynda şäheriň aeroportyna jemlendi.

Kabulyň aeroportyna häzir ABŞ goşunlary gözegçilik edýärler. 16-njy awgustda howa menzilinden amal edilýän ähli kommersiýa uçuşlary togtadyldy. Bu ýurdy terk etmek isleýän daşary ýurtlylara we ýerli ýaşaýjylara goşmaça kynçylyklary döretdi.

"Dükanlar täzeden açylýar, adamlar öýlerinden daşyna çykýarlar we durmuş adaty akymyna dolanýar. Emma beýlekiler özleriniň geljeginden alada edýärler" diýip, Azatlygyň ýerli habarçylarynyň biri maglumat berdi.

15-nji awgustda prezident Aşraf Gani ýurdy terk edenden soňra, paýtagt Kabul syndy. Kabul soňky günleriň dowamynda “Talybanyň” barha köp sebitleri öz gol astyna geçirmeginiň arasynda, jeňçilere garşylyk görkezen soňky möhüm şäher bolupdy.

Degişli maglumat Gani ýurdy terk etdi. Günbatar Kabuldaky diplomatlaryny çykarýar, Orsýetiň beýle aladasy ýok

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri Owganystanyň demirgazyk, Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinden ýowuzlyklardan gaçyp, goňşy ýurda geçmek islän owgan harbylaryny we ýerli etniki türkmenleri serhetden geçirmediler. Bu barada türkmen harby gullukçylary we serhetýakalardaky ilat bilen söhbetdeş bolan habarçymyz 16-njy awgustda maglumat berdi.

"[Lebabyň] Köýtendag sebitiniň ýaşaýjylary serhediň aňyrsyndan eşidilýän ok sesleriniň arasynda juda howatyrly ýagdaýda ýaşaýarlar. Sebitdäki türkmen harbylary hem 'biz bitarap' bahanasy bilen, haraý sorap gelen owgan esgerlerini we ýerli ilaty serhetden goýbermeýär. Aşgabat bosgunlary kabul etse, howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyndan howatyr edýär" diýip, lebaply harby gullukçylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, Owganystan bilen serhetleşýän beýleki Merkezi Aziýa döwletleri, ýagny Täjigistan we Özbegistan mundan öň gazaplylykdan gaçyp gelen owganlary, şol sanda harbylary hem öz serhet çäklerine goýberipdiler.

Azatlyk Radiosy resmi Aşgabadyň Owganystandan gelip biljek bosgunlar boýunça görjek çäreleri, şol sanda Owganystandaky soňky ýagdaýlar baradaky garaýyşlary babatynda ýurduň Daşary işler ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Şol bir wagtda, “Talybanyň” Kabula girmeginiň fonunda, ýagny ýekşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda ABŞ-nyň ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň websaýtynda çap bolan maglumata görä, taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşypdylar, şeýle-de sebit hem-de halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän derwaýys ugurlary boýunça hem pikir alyşypdyrlar.

Degişli maglumat Owganystanyň goňşularyny golaýlaýan 'gumanitar betbagtçylyk' wagtynda serhetleri açyk saklamaga çagyrdylar

Resmi maglumatda, ABŞ-nyň ilçisi bilen Owganystandaky ýagdaýlaryň maslahat edilendigi bellenmese-de, duşuşygyň iş däl güni geçirilmegi gepleşikleriň möhüm bolandygyna yşarat edýär.

Türkmenistanyň Owganystan bilen 800 km töweregi serhet araçägi bar. Mundan öň, Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlaryň ‘howsalalydygyny' belläp, ýurduň harby bölümlerinden owgan serhedine goşmaça güýçleriň iberilýändigini aýdypdylar.

Bu aralykda, Owganystandaky “howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha ýaramazlaşmagy bilen”, dünýäniň 60-den hem aşa döwletiniň ýaýradan umumy beýanatynda: “Owganystan boýunça häkimiýeti öz elinde saklaýanlar adam janlaryny we emläklerini goramak boýunça, şeýle-de howpsuzlygy we tertibi ornaşdyrmak boýunça jogapkärçilik çekýärler” diýip, bellenilýär. Bu beýanat ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň websaýtynda çap edildi.

Onda “köçeleriň, aeroportlaryň, serhet geçelgeleriniň açyk saklanylmalydygy, şeýle-de asudalygyň ornaşdyrylmalydygy” hem bellenilýär. Mundan başga-da, beýanatda “Owgan halkynyň howpsuz, asuda we adalatly durmuşda ýaşamaga mynasypdygy, munuň üçin halkara jemgyýetçiliginiň olara hemaýat bermäge taýýardygy” hem aýdylýar.

Bu aralykda, BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres "Talybany" we beýleki taraplary adam janlaryny aman saklap galmak, şeýle-de ynsanperwer kömeginiň gowuşylmagyny ýola goýmak üçin, "ýokary derejede takatlygy saklamaga" çagyrdy.

Degişli maglumat “Talyban” Owganystan-Täjigistan serhediniň goragyny "Ansorullah" toparyna ynandy. Mahdi Arsalan kim?

Soňky 20 ýylyň dowamynda, halkara koalisiiýa ýurtda bolan wagty, hökümet resmileri ýa-da daşary ýurt hökümetleri bilen işleşen köp adam "Talybanyň" ar almagyndan howatyr edýär. Alaçsyzlyga uçran bu adamlaryň ýurdy terk etmek umydynda Kabulyň aeroportynda toplanan pursatlaryny synlasa bolýar.

Şaýatlaryň Reuters gullugyna aýtmagyna görä, uçmaly uçaryň bortuna münjek bolan ýüzlerçe adamyň dyknyşmagy netijesinde, azyndan bäş raýat heläk bolupdyr. Bu ölümler barada bada-bat resmi reaksiýa bolmady.

Mundan öň, ABŞ esgerleri meräkäni dargatmak üçin ýaraglardan howa ot açdylar diýip, Birleşen Ştatlaryň resmileri we aeroportdaky şaýatlar gürrüň berdiler.

"Talyban" halkara jemgyýetçiligini owganlaryň howatyr etmegine esaslaryň ýokdugyny ynandyrmaga synanyşýar.

"Talybanyň" esaslandyryjalarynyň biri Abdul Gani Baradar sosial ulgamlarda jeňçileri tertip-düzgüni saklamaga çagyrdy. "Biziň indi halkymyza hyzmat edip bilýändigimizi, howpsuzlygy we kadaly durmuşy üpjün edip bilýändigimizi görkezmäge wagt geldi" diýip, Baradar aýtdy.

Mundan öň, "Talybanyň" sözçüsi "urşuň gutarandygyny" aýdyp, halkara jemgyýetçiligi bilen parahatçylykly gatnaşyklary gurmaga çagyrdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Günbatar döwletlerini, öňünden özara ylalaşmazdan, "Talybany" Owganystanyň täze hökümeti hökmünde ykrar etmezlige çagyrdy.

Russiýa Owganystandaky ilçisiniň "Talybanyň ýolbaşçylary bilen aragatnaşyk saklaýandygyny" aýdyp, 17-nji awgustda onuň Kabulda "'Talybanyň' howpsuzlyk boýunça koordinatory bilen duşuşjakdygyny" mälim etdi.

Daşary işler ministrligiň resmisi Zamir Kabulow Moskwanyň täze hökümeti ykrar etmegi onuň özüni "alyp barşyna" bagly boljakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden aprelde Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky güýçleriniň 31-nji awgusta çenli doly çykaryljakdygyny yglan etmeginden bäri geçen ençeme aýyň dowamynda, "Talybanyň" gözegçiligi öz eline geçirjekdigi baradaky mümkinçilikleriň uly däldigini aýdypdy. 14-nji awgustda ol goşunlary çykarmak baradaky kararyny goldap: "Beýleki bir döwletdäki graždançylyk urşunyň arasynda Amerikanyň möhletsiz galmagy, meniň üçin kabul ederliksizdir" diýip, belledi.

"Talybanyň" Owganystanyň möhüm şäherlerini ele geçirmegi bilen, Baýden, esasan hem Kongresdäki Respublikanlar tarapyndan artýan tankyda sezewar bolýar.

Degişli maglumat Türkmenistan "Talybanyň” wekilleri bilen duşuşyp, “ikitaraplaýyn gatnaşyklary” maslahat etdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.