Pagta çigidi az, ne iým, ne et-ýag bar, prezident 'birnäçe tabşyryk' berýär

Aşgabat, boş duran et dükany. Arhiw suraty

Gytçylygyň sebäbi daşary ýurtlardan import edilýän et önümleriniň kesilmegi, ýurt içindäki maldarçylygyň öňki ýyllara garanda has pese düşmegi, maldarçylyk fermalarynyň köpüsiniň ýapylmagy, hojalyklarynda mal saklaýan adamlaryň, işikde bakylýan mallaryň düýpli azalmagy bilen düşündirilýär.

Türkmenistan soňky otuz ýylyň dowamyndaky iň agyr azyk kynçylyklaryny başdan geçirýär, soňky bir ýylyň içinde bolsa ýurtdaky açlyk has ýiti duýulýar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýärler.

Degişli maglumat Lebapda pagta çigidiniň gytçylygy ýag defisitine getirýär, ýerli ösümlik ýag kärhanasy iş togtatdy

Azatlygyň habarçylary ozal gurak gelen ýylyň çopan tutup, çöl-meýdanda çekene mal bakdyrýan adamlaryň hojalyklaryna nähili zyýan ýetirendigini, şol bir wagtda hökümetiň gorkuzyp, hususy maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçilere "mal salgydyny" salýandygyny habar beripdi.

Aýdylmagyna görä, sowuk gyş, gurakçylyk we korruspsiýa bilen bir hatarda, maldarçylygyň düýpli çökmeginiň ýene bir esasy sebäbi artdyryp ýazmalar bolup durýar.

Her ýyl bugdaý, pagtaçylyk we beýleki ekinler boýunça bol hasylyň alnandygyny habar berýän ýurtda aslynda, Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, döwlet tabşyrygy ýarpy hem ýerine ýetirilmeýär. Hut şu ýagdaý hem mal iýminiň düýpli azalmagyna we dowamly gytçylygyna, gymmatçylygyna alyp geldi.

Lebapdaky habarçylarymyzyň habar berşi ýaly, "bol hasyly alynýan" pagtanyň çigidiniň ýetmezçiligi hem mal iýminiň, hem ösümlik ýagynyň ýetmezçiligine alyp gelýär.

Hut şol çigit ýetmezçiligi hem maý aýynda Türkmenabatdaky ýag zawodynyň işini togtatdy. Emma düýn bu zawodyň 26-njy iýulda gaýtadan işläp başlandygy habar berildi.

Degişli maglumat Oba dükanyna gijikdirilen, 'gurçukly' un geldi, Aşgabatda sygyr we goýun etini 'garyp' satýarlar

"Ýag zawodyna golaýda Garabekewül, Hojambaz, Halaç etraplaryndan öňki ýyllardan galan 4 müň tonna çigit getirildi, bu çigit gutaransoň, zawod ýene bir aý çemesi planlaşdyrylan bejerişe durup, sentýabr aýynda täze pagta hasylyndan alynjak çigide bil baglaýar" diýip, habarçy ýerli hünärmene salgylanyp aýtdy.

Ýag zawodynyň işiniň togtamagy hem ösümlik ýagynyň, hemem pagta çigidi işlenende öndürilýän mal iýminiň gytalmagyan we gymmatlamagyna alyp gelýär.

Netijede, peýdasy ýok diýip, köp adam hojalygynda saklaýan malyny satdy, iri mallar gaty azaldy, şol bir wagtda-da bazarda mal gymmat, etiň kilogramy 75 manatdan 80 manada çykdy, hatda doňuz eti hem gymmatlady, 45 manatdan 65 manada çykdy, towuk eti tekjelerde asla görünmeýär diýip, ýurt içinden gelýän maglumatlarda aýdylýar.

Ýöne ýurtda çuňlaşan azyk gytçylygynyň esasy sebäbi daşary ýurtlardan getirilýän et önümleriniň kesilmegi bilen bagly bolup görünýär.

Türkmen uçarlary Hindistandan iň soňky et ýüklerini Türkmenabada 2020-nji ýylyň noýabr aýynda getirdi; döwletiň lomaý söwda firmasynyyň ammarlarynda häzir hiç hili et galmady, hatda çagalar baglarynyň naharhanalaryna goýberilýän towuk eti hem berilmeýär, harby bölümlerde et ýetmezçiligi emele geldi diýip, habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Wekilbazarda dört aý arakesmeden soň towuk budy gaýtadan satuwa çykaryldy

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenistandaky et meselesi 2010-2019-njy ýyllar aralygynda Hindistandan getirilen iri mal etiniň "bolçulygy" bilen çözüldi, ýöne bu söwda pandemiýa sebäpli gadagan edildi, sebäbi häkimiýetler bu et bilen koronawirus ýokanjynyň gelmeginden gorkýarlar.

Megerem, emele gelen çigit, ýag, ot-iým we et gymmatlygy bilen baglylykda, ýerli häkimiýetler bu ýyl ýetişdirilen pagta hasylyny basymrak ýygnap almagyň aladasyny edýärler.

Türkmenabadyň bagçylyk, jemagat hojalyklarynyň işgärlerine 5-nji awgustdan başlap, köpçülikleýin pagta ýygymyna çykmak buýruldy, resmi taýdan ýygym 20 gün çemesi giç başlansa gerek, bu ýyl pagta irki, eýýämden gozalar açylyp başlady diýip, habarçymyz aýtdy.

Ýerli synçylar häzirki ýagdaýda ýurtdaky azyk meselesiniň çözüljegine ynanmaýarlar we täze ýylda etiň bahasynyň 100 manada çykjakdygyny we ortaça 1240 manat aýlyk alýan we şol aýlyga ýaşaýan hojalyklaryň et satyn almak mümkinçiliginiň bolmajakdygyny aýdýarlar

Şu aralykda hökümet baştutany nobatdaky iş maslahatyny geçirip, häkimleriň hasabatlaryny diňledi we ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ...maldarçylykdan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda, TDH-nyň ýazmagyna görä, "birnäçe tabşyryklary" berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.