Türkmenistanda dowam edýän ykdysady çökgünlik we häkimiýetleriň nobatdaky wagtlaýyn ugurtapyjylygy indi, gelip gowuşýan habarlara görä, hususy maldarçylyk hojalyklaryny hem sylap goýmajaga meňzeýär. Hökümete mejbury-meýletin mal kömegini etmekden boýun gaçyran adamlar 'ähli malyny aldyrmak' howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Bu habar türkmen prezidentiniň öz adyna haýyr-sahawat gaznasyny döredip, emeldarlara 'sahawatçylyk göreldesini' görkezip başlan wagtynyň yz ýanyndan geldi.
Mary sebitinde ýene hususy maldarçylyk hojalyklaryndan mal ýygnalýar. Tagtabazar etrabyndaky döwlet telekeçisine mal bermäge mejbur edilýär diýip, ýerli habarçy aýtdy.
Çopanlar öňki gezek mallary özüni telekeçi diýip tanadan bir adamyň alyp gidendigini gürrüň berdiler.
Fewral aýynda habarçy gara mallarynyň baş sany müňden geçýän adamlara bikanun mal salgydynyň salynýandygyny, degişli adamlaryň Tagtabazar etrabyndaky döwlet maldarçylyk birleşigine meýletin-mejbury "goşant" goşmaly bolýandygyny aýtdy.
Bu gezegem mallar, öňki gezekki ýaly, 'döwlete kömek' diýlip ýygnalýar. Emma çopanlaryň käbiri ol mallaryň daşary ýurtlara satylýan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.
Mal eýeleri, açyk aýdyp bilmeseler-de, ara kän salym salman, bikanun mal ýygnalmagyndan nägile boilýar.
"Ozalam ýaňy mal ýygnadylar, köp wagt hem geçmedi, "Türkmenmallaryna" goşant diýip, mallarymyzyň bir bölegini elimizden alyp gitdiler, ýene döwlete mal kömegini bermeli" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen maldar fewralda beren mallarynyň sanyny anyklaşdyrman aýtdy.
Onuň sözlerine görä, öňki gezek häkimiýetler maldarlar bilen, nähilem bolsa, sypaýy gürleşdiler, haýyş etdiler, "Türkmenmallaryna" kömek ediň?!" diýdiler. Emma indi öňki sypaýyçylyk, haýyş etmek-beýleki ýok.
"Bu gezek 'mal daşaýan çelekli uly maşyn barar, mal alyp gaýdar' diýdiler. Bolany" diýip, mal eýesi aýtdy.
Fewral aýynda Azatlyk bilen gürleşen mal eýeleriniň biri "hökümete ýok diýip bolmaýar" diýipdi. Aýdylmagyna görä, "ýok" diýip bilmeýänler köplenç ozal "düşewüntli" diýilýän wezipelerde işlän emeldarlar bolup, olar döwletde işlän wagty bilen bagly jenaýat işiniň açylmagyndan gorkýar.
"Goňşulykdaky mal goşunyň eýesi fewralda mal ýygnanlarynda nägile bolup, mal almaga gelen adamlar bilen gatyrak gepleşdi we olaryň talap eden malyndan az mal berdi" diýip, Azatlyk bilen gürleşen maldar şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.
Ýöne soň, fewralda hökümetiň bikanun mal salgydyna "ýok" diýmäge synanyşan adamy prokuratura çagyrdylar.
Ol bir hepdeden gowrak wagt çölde görünmedi, goşuna gelmedi. Ozalam käte öýüne giderdi, ýöne uzak eglenmän, 'garybyň maly gözüniň öňünde' diýip, iki-üç günden mallarynyň ýanyna gaýdyp gelerdi. Ýöne soňky gezek uzak eglendi we gelenden soňam birhili, başga adama öwrülen ýaly boldy diýip, maldar ol adamyň gaty gorkuzylana meňzeýändigini aýtdy.
"Pahyr, öz-özi bilen gürleşip başlady, öýüne ýa bir tanşyna telefon etjek bolsa-da, meniňki diňlenýän bolmasyn diýip, öz telefonyndan jaň etmän, çopanyň ýa çolugyň telefonyny soraýardy. Düýn, ýene mal soraýarlar diýip, jaň etsem, 'sorasalar, bermeli bolar" diýdi. Ozal 'mallarymyzyň iň arassalaryny, daýawlaryny saýlap aldylar, ýene şeýtseler, özümize gotur açan, keselli mallar galar' diýýän adam indi 'ýok' diýseň, ähli malyňy alyp, özüňi hem ýok ederler' diýen pikirde diýip, Azatlygyň söhbetdeşi mal eýeleriniň köpüsiniň häzir, nyrhlar gowuka, mallaryny satmagyň pikirini edýändigini hem sözüne goşdy.
"Döwlet indi adamlaryň işigindäki mallara göz dikip başlady, häzir etiň kilogramy 70 manat, nyrh ganymatka satyp dynmalymyka diýýän" diýip, bir-birinden habarsyz iki maldar aýtdy.
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti 1990-njy ýyllaryň başynda hojalygynda mal saklajak we köpeltjek adamlar üçin dürli ýeňillikleri wada berdi. Emma öň belli bir derejede amatly hasaplanan hususy maldarçylyk hem, döwlet eýeçiligindäki mallaryň köpçülikleýin ýok edilmegi netijesinde, hökümet korrupsiýasynyň nobatdaky nyşanasyna öwrülýär diýip, ýagdaýy ýakyndan synlaýan ýerli synçy Azatlyk bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, döwletiň bikanun mal salgydy ozal döwlet işinde işlän, soň biznes, telekeçilik bilen meşgul bolan adamlar bilen bir hatarda, öz arassa zähmeti bilen mal edinen adamlary hem gorkuzýar we önüm öndürijileriň elini işden sowadýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.