Azatlygyň sebitdäki habarçylary soňky günler Mary welaýatynda ýogalýan adamlaryň sanynyň has köpelendigini, ertirligine pul tapmaýan garyp hojalyklaryň ýas üýşmeleňini sowmak üçin karz gözläp, gaty kösenýändigini habar berýär.
Pata gelenler aşagynda oturar ýaly, ýedi günlük çadyr, palatka üçin 1400 manat tölemeli, soňky günlerde mollalar hem nyrhlaryny ýokarlandyrdy, Mary şäherinde metjitden gelip, ýas ýerinde doga okap beren molla öý eýesi 70 manat bermeli, Baýramaly şäherinde mollalar bu iş üçin 60 manat alýar.
Sebitiň etraplarynda, oba ýerlerinde ýasa gelen mollalara 20 manat berýärler, emma olaryň arasynda ak ýaglyga dolap berlen puly alman, “Ýok, pul gerek däl, taňryýalkasyn berseň bolar” diýýänleri hem bar.
Degişli maglumat COVID-19: Maryda “öýken sowuklamasy” diagnozly syrkawlar köpelýär, ilatdan hytaý waksinasyny öz hasabyna urdurmak soralýarEmma muňa garamazdan, ýerli synçylar ýasa gelýän mollalaryň arasynda diňe pul üçin gelýän, üstesine akyl satmagy gowy görýän din wekilleriniň hem az däldigini aýdýarlar.
Düýn öz gözüm bilen görüp, gulagym bilen eşitdim diýip, habarçy Mary şäherinde bir pata ýerinde şaýat bolan wakasyny gürrüň berdi.
Welaýatyň baş metjidinden gelen üç molla her gelene aýat-doga okap berip, hamala özleri Maryda diniň diregi ýaly, daşyndan gelýän mollalara göwniýetmezlik edip, iki sagat çemesi oturdy-da, “biziň ýene barmaly ýerimiz bar” diýip, öý eýesinden rugsat sorady. Emma olar turup, 20 metr ýaly ýere baryp, özara gürrüň edip, gitmän durdy.
Oturanlaryň biri ýogalan adamyň ogluna “şolar düwünçek üçin dur, ak ýaglyga dolap, eltip bermeseň gitmezler” diýdi.
Ol oglan diýlişi ýaly etdi. Emma düwünçek berlen mollalaryň nägile bolup, gidip baryşlaryna bir zatlar diýip hüňürdeýäni çadyryň astynda oturan adamlara hem eşidildi.
Oturanlar merhumyň oglundan ‘näme boldy?’ diýip sorady. Ol mollalaryň berlen düwünçegi açyp, içindäki puly az görendiklerini we kellesine ak mata oralgy molla 70 manat, beýleki ikisine 60 manatdan pul bermelidigini aýdandyklaryny gürrüň berdi.
Oglan düwünçegi yzyna uzadyp, ‘bar, üstüni dolup gel, biz şol bagyň saýasynda garaşjak’ diýen mollalara ýagdaýyny düşündirjek bolupdyr:
“Öýde diňe kakam işleýärdi, her aý edarada bir zada pul tutansoňlar, zordan 600 ýa köplenç 500 manat aýlyk getirerdi, olam hojalyga ýetmeýärdi; biz gaty bergä girdik, şu wagt düwünçege salan 1 manadymam ejemden aldym, pata gelýän aýallar keçäniň aşagynda 1 manat goýup gidýän eken” diýdim.
Degişli maglumat Jynazasyz ýas çäresi. Daşary ýurtlarda ýogalanlaryň ýas çäreleri köpelýärEmma bu düşündiriş hem ýeterlik bolmaýar. Onsoň ol: “Indiki gezek geleňizde heriňiz 60-70 manat getiriň, men kösenýän” diýýär.
Mollalar bu sözi gaty görüp, sögünip gitdiler diýip, ýaňy kakasyny jaýlan oglan ýasda oturanlara bolan zatlary gürrüň berdi, olar oňa “hak etdiň, pula ýatan mollalara geregi hem şol” diýdiler diýip, habarçy ýas ýerinde şaýat bolan gussaly kyssasyny jemledi.
Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, soňky günlerde ýogalýan adamlar esasan 40-60 ýaş aralygynda bolup, olaryň näme sebäpden ölýändigi belli däl.
Ýakynlaryny ýitiren adamlaryň sözlerine görä, ýogalýanlaryň köpüsi gan basyşy ýokarlanyp, ýüreginden tutup ölýär; olar jan bermänkä özlerine howa ýetmeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, ýogalýan adamlary der basýar, olar ysgyndan düşüp, sähel wagtyň dowamynda ýagty jahan bilen hoşlaşýar diýip, habarçylar bilen gürleşen ýaşaýjylar gürrüň berdi.
Maryly lukmanlaryň hem birnäçesi soňky döwürde gan basyşy ýokarlanyp, ýüreginden tutan agyr näsaglaryň köp getirilýändigini aýtdy.
Mundan başga, resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, şu günler wirus ýokuşan adamlar köpelýär, saglyk barlagyndan geçýän adamlaryň analizleri COVID-19-yň delta görnüşini görkezýär.
Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli lukmanyň pikiriçe, adamlaryň edil şu günler has köp ýogalmagynyň ýene bir sebäbi howanyň aşa yssy bolmagy we ýaşaýjylaryň barha garyp hala düşmegi bilen bagly.
Türkmenistan dünýäde resmi taýdan hiç bir koronawirus hadysasyny tassyklamadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup, dowam edýän ykdysady çökgünligi boýun almaýar; ýerli ýolbaşçylar golaýda tomaşa-şowhun üçin gurlan nobatdaky ak öý binalaryny we beýleki desgalary açmaga gelen döwlet baştutanyny Lebapda we Daşoguzda uly dabara, aýdym-saz we alkyş bilen garşy aldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.