Aşgabatda ilatyň subsidirlenen bahalar boýunça azyk paýlary we olaryň hojalyklara paýlanylmagy bilen bagly problemalar dowam edýär.
Ýatlasak, döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary aradan aýyrmak tagallalarynyň çäginde häkimiýetler maýyň başlarynda türkmen paýtagtynda subsidirlenen iýmit önümleriniň öýlere eltilip berilmegini ýola goýdy.
Şonda bu düzgüniň 25-nji maý – Aşgabat gününe çenli dowam etdiriljekdigi habar berildi. Ýöne ilatyň azyk paýlarynyň öýlere paýlanylmagyna degişli täze düzgün, görnüşinden, Aşgabat gününden bir aý geçenden soň, heniz hem dowam edýär.
28-nji iýunda Aşgabatda bäş adamlyk hojalyga niýetlenen we 2 kilogram towuk budundan, 1 kilogram şekerden hem-de 1 litr ösümlik ýagyndan ybarat azyk paýy 60 manada satylypdyr. Bäşden köp adamly maşgalalar üçin azyk paýynyň mukdary artýar we bahasy hem 125 manada çenli ýokarlanýar.
Häkimiýetler ilkibaşda hepdede bir gezek iýmit paýlanylmagyny ýola goýmaga synanyşdy.
Ýöne ýerli ýaşaýjylar azyk önümleriniň kadasyz paýlanýandygyny aýdýarlar.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabatda ýaşaýjylar birek-birege jaň edip, özlerine näçe gezek azyk paýlarynyň getirilendigi bilen gyzyklanýarlar.
Degişli maglumat Aşgabatda sanawlar boýunça azyk önümleri satylýar, "paýoklar" öýlere gowşurylýar“Size näçe gezek getirdiler diýip, soraýarlar” diýip, bir aşgabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, soňky iki aýyň dowamynda paýtagtyň köp etrabynda bary-ýogy iki gezek azyk paýlanypdyr, käbir etraplarda üç gezek, käbirinde bolsa bäş gezek iýmit önümleri hojalyklara eltilip berilipdir.
“Geçen gün Parahat 2/4 etrapçasyna üçünji gezek iýmit önümlerini getirdiler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy. “Getirmek üçin ýol puly 3 manat” diýip, ol sözüne goşdy.
Ýöne hemmeleriň mydama nesibesi çekip barmaýar, habarçynyň sözlerine görä, eger-de ýaşaýjy azyk getirilen wagty öýde däl bolsa, onda ol azyk paýyny alyp bilmeýär. Öýde bolmany üçin azyk paýyny alyp bilmedik ýaşaýjy soňra döwlet dükanlaryndan hem özüniň azyk paýyny alyp bilmeýär.
Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, öýe getirilen azyga töleg tölemek hem aňsat däl. “Diňe nagt tölemeli” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy. Ýöne beýleki tarapdan, adamlar bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Azyk üçin bolsa nagt töleg talap edilýär.
Bir ýaşaýjynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, ýaňy-ýakynda Aşgabadyň bir künjeginde azyk paýlaýjylar nagt däl hasaplaşygy kabul edipdirler. Ýöne habarçy paýtagtyň tas ähli künjeklerinde ýeňillikli iýmit üçin diňe nagt hasaplaşygyň talap edilýändigini habar berýär.
Şol bir wagtyň özünde, habarçy käbir döwlet dükanlarynyň işgärleriniň galplykda aýyplanmagy bilen bagly hadysalar barada hem-de käbir döwlet dükanlarynda alyjylardan azyk paýlarynyň gapdaly bilen möhleti geçen iýmit önümleriniň satyn alynmagynyň talap edilmegi barada habar berýär.
Degişli maglumat Gaz üçin bergili lebaplylaryň gazy we azyk paýy kesilýärOnuň maglumatlaryna görä, iýunyň başlarynda bir döwlet dükanynyň ähli işgärleri galplyk aýyplamalary bilen işden çykarylypdyr. Azatlyk dükanyň belgisini we ýerleşýän ýerini mälim etmekden saklanýar.
“Dükanyň täze işgärleri bolsa, azyk önümlerini paýlamagy düýbünden bes etdiler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
25-nji maý güni bu dükan barlag üçin ýapylypdyr, şol güni agşam dükanyň golaýynda ýerleşýän jaýlaryň ýaşaýjylary özleriniň azyk paýlaryny alyp bilipdirler, nagt däl hasaplaşyk üçin hem mümkinçilik döredilipdir.
Subsidirlenen azyk harytlarynyň hataryna un, ösümlik ýagy, towuk budy ýaly esasy iýmit önümleri girýär. Hususy söwda nokatlaryndaky aşa gymmat bahalar maşgalalary subsidirlenen önümlere garaşly goýýar.
Ýöne azyk paýlarynyň hojalyklara eltilip berilmegi diňe paýtagt Aşgabatda ýerine ýetirilýär. Sebitlerde we çet obalarda ýerli ýaşaýjylar gün-güzeran şertleriniň agyrlaşýandygyny aýdýarlar. Türkmenistan ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär.
Bu aralykda, golaýda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasynyň 22-nji iýunda çap eden “Cost of Living Survey” hasabaty Aşgabady daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň gymmat şäheri hökmünde hasaba aldy.
Aşgabatly ýaşaýjylar azyk önümleriniň birde paýlanyp, birde paýlanylmazlygyna; öýde bolmandyklary üçin özleriniň haryt alyp bilmeýişlerine we beýleki meselelere arz-şikaýat beýan edýärler.
“Adamlar harytlaryň paýlanylmagy bilen bagly nesibe däl, kepillik isleýär” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.